Parahat 7/3 ýaşaýyş jaý toplumyndaky täze jaýlara maşgalalaryň 2 müňden gowragy göçüp bararlar

Bu ýaşaýyş jaý toplumynda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan dokuz gat jaýlaryň ýigrimi ýedisinden altysy ulanylmaga berildi. Ýene jaýlaryň ikisi - 108 we 36 öýli jaýlar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda, sentýabr aýynda ulanmaga tabşyrylar. Telekeçileriň bina eden metjidi-de baýramyň öň ýanyndaky günlerde açylar.

Şol bir wagtyň özünde durmuş üpjünçiligi ulgamlary döredilýär we jaýlaryň töweregi abadanlaşdyrylýar. Bug gazanlarynyň ikisi we nasos beketleri, çagalar meýdançalarynyň dördüsi, futbol meýdançalarynyň ikisi guruldy, inženerçilik ulgamlary, aragatnaşyk kabelleri çekildi.

Häzirki wagtda Aşgabat şäher häkimliginiň potratçy guramalary bolan “Arkaçgurluşyk” we “Aşgabatgurluşyk” önümçilik birleşikleri 9 gatly jaýlaryň ýene 19-syny bina edýärler. Potratçylar ýylyň ahyryna çenli binalaryň gurluşyk-oturtma işlerini tamamlamagy göz öňünde tutýarlar.