Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň şä­her­gur­lu­şy­gy bi­len ta­nyş­dy we Bal­kan we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­na ug­ra­dy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Bal­kan we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry bi­len ug­ra­dy. Sa­pa­ryň mak­sa­dy gün­ba­tar se­bit­de mil­li mak­sat­na­ma­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­niň bar­şy bi­len ta­nyş­mak­dan yba­rat­dyr.

Paý­tag­ty­my­zyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne bar­ýan ýol­da mil­li Li­de­ri­miz Aş­ga­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan şä­her­gur­lu­şyk iş­le­ri­niň ýag­da­ýy­ny syn­la­dy we Ata­my­rat Ny­ýa­zow hem-de Ho­ja Ah­met Ýa­sa­wy kö­çe­le­ri­niň çat­ry­gyn­da aýak çek­di. Şol ýer­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, ka­şaň “Ga­ra­gum” myh­man­ha­na­sy gur­lar.

Bu ýer­de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ş.Dur­dy­ly­ýew mil­li Li­de­ri­mi­ziň ozal be­ren mas­la­hat­la­ry­na we tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za şol tas­la­ma­ny ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýa­na­şyk çäk­le­ri aba­dan­laş­dyr­magyň, onuň land­şaf­ty­na düýp­li öz­gert­me­le­ri gi­riz­me­giň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di.

Hu­su­san-da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz uzyn­ly­gy ho­wa men­zi­li­ne ba­ryp ýet­ýän se­ýil­gäh zo­la­gy­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky pi­ki­ri aýt­dy. Ol di­ňe bir şä­he­riň be­ze­gi­ne öw­rül­män, eý­sem, şol ýer­dä­ki jaý­lar­da ýa­şa­ýan adam­la­ryň dynç al­ma­gy üçin amat­ly ýe­re öw­rü­ler. Her bir et­rap­da, ýa­şa­ýyş top­lu­myn­da şeý­le se­ýil­gäh ýa-da se­ýil­bag bol­ma­ly­dyr. Ra­ýat­la­ry­myz ýa­şa­ýan ýer­le­rin­den da­şa git­män, şo­lar­da ça­ga­la­ry bi­len ge­ze­lenç edip bi­ler­ler, suw çüw­dü­rim­le­ri­niň go­la­ýyn­da dynç alar­lar, ir­ki be­den­ter­bi­ýe maşk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­ti­rip bi­ler­ler.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz paý­tag­ty­my­zyň şu bö­le­gi­ni ös­dür­mek me­se­le­le­ri­ne geç­mek bi­len, bu ýer­dä­ki 21-nji or­ta mek­de­biň kö­ne bi­na­da ýer­leş­ýän­di­gi­ni aýt­dy we hä­ki­me bu bi­lim oja­gy üçin tä­ze, hä­zir­ki wagt­da hal­ka­ra de­re­jä çyk­ýan Türk­me­nis­ta­nyň bi­lim ul­ga­my­nyň ta­lap­la­ry­na do­ly la­ýyk gel­ýän tä­ze bi­na­la­ryň gu­rul­ma­gy­ny üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow hä­ki­me Bi­lim mi­nistr­li­gi bi­len bi­le­lik­de bu mek­de­biň tä­ze, döw­re­bap we has giň bi­na­sy­nyň ýer­leş­jek ýe­ri­ni kes­git­le­me­gi, bi­lim oja­gy­na ça­ga­la­ryň bar­ma­gy has amat­ly bo­lar ýa­ly çä­re­le­ri gör­me­gi tab­şyr­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bi­lim ba­bat­da­ky hyz­mat­la­ryň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak we gör­nüş­le­ri­ni gi­ňelt­mek, okuw mek­dep­le­ri­niň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek me­se­le­si­ne de­gip ge­çip, dür­li ugur­la­ra ýö­ri­te­leş­di­ri­len tä­ze mek­dep­le­ri gur­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny aýt­dy. Şu mek­de­bi we beý­le­ki kä­bir bi­lim ojak­la­ry­ny dil öw­ren­mek ug­ru­na gö­nük­dir­mek mak­sa­dala­ýyk bo­lar.

Ýur­du­myz­da mek­dep ýa­şy­na çen­li we mek­dep bi­lim ul­ga­myn­da üç di­li öw­ren­mek üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýär. Döw­let di­li hök­mün­de türk­men di­li, äh­lu­mu­my yk­dy­sa­dy­ýe­te üs­tün­lik­li go­şu­lyş­ma­gyň di­li hök­mün­de iň­lis di­li, mil­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň di­li hök­mün­de rus di­li öw­re­nil­ýär. Türk­me­nis­tan­da ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň hem-de or­ta mek­dep­le­riň mak­sat­na­ma­sy­na ýa­pon we hytaý dil­le­ri hem gi­ri­zil­di. In­di bu sa­na­wy gi­ňelt­mek ze­rur bo­lup dur­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di.

Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, umu­my­bi­lim ders­le­rin­den baş­ga-da, tä­ze ýö­ri­te­leş­di­ri­len mek­dep­le­riň okuw mak­sat­na­ma­sy­na da­şa­ry ýurt dil­le­ri­niň bir­nä­çe­si­ni, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, dün­ýä dil­le­ri­ni gi­riz­mek mö­hüm­dir. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da, BMG-niň res­mi iş dil­le­ri bo­lan arap, is­pan, hy­taý, fran­suz hem-de ýo­kar­da ag­za­lyp ge­çi­len iň­lis we rus dil­le­ri bar. Şol sa­na­wa Azi­ýa­da giň­den ýaý­ran ýa-da dün­ýä­niň ösü­şi­ne go­şant goş­mak ba­bat­da mö­hüm orun eýe­le­ýän dil­le­ri goş­mak bo­lar.

Dün­ýä dil­le­ri giň­den öw­re­dil­ýän mek­dep­ler­den baş­ga-da, teh­no­lo­gi­k ugur­ly or­ta mek­dep­le­ri hem-de ýö­ri­te synp­la­ry dö­ret­mek mö­hüm­dir. Şo­lar­da in­že­ner-teh­ni­ki işe, konst­ruk­tor­çy­lyk pi­ki­ri­ne is­leg bil­dir­ýän ze­hin­li ça­ga­lar okar­lar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di. Hä­zir­ki dö­wür­de ma­te­ma­ti­ka ugur­ly mek­dep­ler hem örän wa­jyp­dyr. Şo­lar­da hä­zir­ki dö­wür­de ze­rur bo­lan san­ly yk­dy­sa­dy­ýet hü­när­le­ri bo­ýun­ça düýp­li bi­lim ber­ler.

Aý­ry-aý­ry mek­dep­ler üçin hi­mi­ýa-bio­lo­gi­ýa ugur­ly, te­bi­gy ylym­la­ry öz içi­ne al­ýan ders­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak mö­hüm bo­lup dur­ýar. On­da ösüp gel­ýän nes­liň da­şy­my­zy gur­şap alan dün­ýä­niň ka­nun­la­ry­na has çuň­ňur dü­şün­mek üçin te­bi­ga­ty go­ra­ýyş, eko­lo­gi­ýa hü­när­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­ril­me­li­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di.

Umu­man, paý­tag­ty­my­zyň ila­ty­nyň sa­ny­nyň çalt kö­pel­ýän­di­gi­ni na­za­ra al­mak bi­len, ýa­kyn wagt­da ça­ga­lar bag­la­ry­nyň we mek­dep­le­riň ze­rur bo­lan möç­be­ri­ni gur­mak ba­ra­da pi­kir­len­mek ze­rur­dyr. Şun­da ol ýa-da beý­le­ki ul­gam­lar bo­ýun­ça iş­gär­le­riň bi­lim­le­ri­niň hem-de iş kä­mil­li­gi­niň ze­rur­ly­gy bi­len bag­ly­lyk­da ola­ryň ýö­ri­te ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek wa­jyp­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy.

600 — 700 orun­lyk mek­dep­ler iň tä­ze hal­ka­ra ül­ňü­le­re la­ýyk­lyk­da en­jam­laş­dy­ryl­ma­ly­dyr, çün­ki mul­ti­me­di­ýa okuw teh­ni­ka­sy çalt ös­ýär, şu­nuň bi­len bir­lik­de, sanly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ ulan­mak ar­ka­ly okat­ma­gyň usul­la­ry yzy­gi­der­li tä­ze­le­nil­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, ça­ga­la­ryň tä­ze eý­ýa­myň ru­hu­na we ösü­şi­ne la­ýyk gel­ýän mek­dep­le­re gat­na­ma­gy üçin bi­ze gel­je­ge na­zar aý­la­mak hem-de wagt­dan oz­du­ryp iş­le­mek ze­rur­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy.

Tä­ze me­ýil­na­ma­la­ra, mak­sat­la­ra hem-de pi­kir­le­re eýe bo­lan bi­lim ul­ga­my XXI asy­ra ga­dam bas­dy. Bi­lim ul­ga­my­nyň komp­ýu­ter­leş­di­ril­me­gi mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Bi­li­miň esa­sy mak­sa­dy bol­sa saz­la­şyk­ly ösen, dur­muş ba­bat­da iş­jeň we dö­re­di­ji­lik­li şah­sy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek­den yba­rat­dyr.

Hä­zir­ki türk­men jem­gy­ýe­ti­ni dur­muş-yk­dy­sa­dy, jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy hem-de ru­hy ah­lak taý­dan öz­gert­mek bi­lim ul­ga­myn­da mil­li mu­gal­lym­çy­lyk däp­le­ri­niň we dün­ýä ýö­rel­ge­le­ri­niň ut­gaş­dy­ryl­ma­gy­na esas­lan­ýan öz­gert­me­le­riň üs­tün­li­gi­ne gö­nü­den-gö­ni bag­ly­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di. Şu esas­da muk­dar we hil ba­bat­da uly öz­ge­riş­lik­ler bo­lup geç­ýär, tä­ze gör­nüş­li mek­dep­ler dö­re­ýär, adam müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­mak­da şo­la­ryň or­ny ýo­kar­lan­ýar.

Ze­hin­li ça­ga­lar üçin mek­dep­ler geç­miş­de gal­dy. Hä­zir­ki­ za­man bi­lim ul­ga­my äh­li ça­ga­la­ryň te­bi­gy ze­hin­li­di­gin­den ugur al­ma­ly­dyr, mek­dep ter­bi­ýe­si­niň esa­sy we­zi­pe­si ola­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni açyp gör­kez­mek­den, ça­ga­la­ra ukyp­la­ry­ny ýü­ze çy­kar­ma­ga ýar­dam ber­mek­den we ola­ry de­giş­li ug­ra gö­nük­dir­mek­den yba­rat­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy hem-de sö­züň do­ly ma­ny­syn­da, her bir mek­de­biň ze­hin­li ça­ga­lar üçin bol­ma­ly­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, umu­my bi­lim eda­ra­la­ry­nyň tä­ze nus­ga­sy — ders­le­ri çuň­laş­dy­ryp öw­red­ýän ýo­ka­ry de­re­je­li mek­dep­ler ze­rur bo­lup dur­ýar. Olar döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk gel­ýän taý­ýar­ly­gyň de­re­je­si­ni üp­jün eder we goş­ma­ça bi­lim hyz­mat­la­ry­nyň giň gör­nüş­le­ri­ni hö­dür­lär.

Mu­gal­lym­lar we ene-ata­la­r ça­ga­nyň ýyk­gyn ed­ýän ug­ru­ny kes­git­le­me­li­dir­ler hem-de baş­lan­gyç mek­dep­den, hat­da ça­ga­lar bag­la­ryn­dan baş­lap onuň özü­niň gel­je­gi­ne ga­ra­ýyş­la­ry­ny ke­ma­la ge­tir­mä­ge ýar­dam et­me­li­dir­ler. Dür­li ugur­ly mek­dep­ler, gim­na­zi­ýa­lar hem mu­ňa ýar­dam et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Şeý­le mek­dep­le­ri di­ňe bir paý­tag­ty­myz­da däl, eý­sem, we­la­ýat­lar­da hem gur­mak ze­rur­dyr. Bi­lim ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de öz­gert­mek we döw­re­bap­laş­dyr­mak bi­len bag­ly­lyk­da, bu ul­gam­da en­tek edil­me­li iş­ler köp­dür, şu iş­le­re eý­ýäm hä­zir­ki wagt­dan gi­riş­mek mö­hüm­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy.

Eý­ýäm ir­ki ýaş­dan ça­ga­la­ry yl­my-bar­lag işi­ne hö­wes­len­dir­mek, ola­ryň te­bi­gy bi­le­si­ge­li­ji­li­gi­ni hö­wes­len­dir­mek hem-de tä­ze bi­lim­le­ri ele al­ma­ga ug­ruk­dyr­mak wa­jyp­dyr. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň in­no­wa­sion ösü­şi­ne sal­dam­ly go­şant goş­jak gel­jek­ki hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak üçin yg­ty­bar­ly bin­ýa­dy dö­re­der. Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş­la­ryň hem­me ýer­ler­de ýo­ka­ry hil­li bi­lim al­ma­gy üçin ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­ri­ni öz içi­ne al­ýan mek­dep-gim­na­zi­ýa­la­ryň giň ul­ga­my­ny dö­ret­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di. Şun­da ýaş ne­sil üçin yl­my-dö­re­di­ji­lik we spor­tuň is­len­dik gör­nü­şi bi­len meş­gul­lan­ma­ga müm­kin­çi­li­gi bol­ma­ly­dyr.

Mek­dep­le­riň äh­li­si iň döw­re­bap en­jam­lar, bar­lag­ha­na­lar, elekt­ron ki­tap­ha­na­la­ry, dö­re­di­ji­lik us­sa­ha­na­la­ry, sport zal­la­ry, alys­dan gat­nap oka­ýan ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen umu­my­ýa­şa­ýyş jaý­la­ry bi­len üp­jün edil­me­li­dir.

Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni çuň­laş­dy­ryp öw­red­ýän mek­dep­ler­de iň kä­mil en­jam­ly lin­ga­fon otag­la­ry­nyň, öw­re­nil­ýän dil­ler­de ne­şir edi­len çe­per we yl­my-köp­çü­lik­le­ýin ede­bi­ýa­ta de­giş­li ki­tap­la­ryň, da­şa­ry ýurt­la­ryň ga­zet­le­ri­niň we žur­nal­la­ry­nyň bol­ma­ly­dy­gy­ny aýt­dy.

Okuw­çy­lar­da mag­lu­mat­la­ry göz­le­mek hem-de mag­lu­mat çeş­me­le­ri bi­len iş­le­me­giň en­dik­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mek ba­bat­da ga­ra­ýyş­la­ry­ny ös­dür­mek­de hut mek­dep ki­tap­ha­na­la­ry­na mö­hüm orun de­giş­li­dir. Şo­ňa gö­rä-de, mu­gal­lym­la­ryň we okuw­çy­la­ryň alyp bil­jek bi­lim­le­ri­niň hem-de tej­ri­be en­dik­le­ri­niň gör­nüş­le­ri­ni gi­ňelt­mek mek­dep­ler­de we baş­lan­gyç hü­när bi­lim eda­ra­la­ryn­da döw­re­bap ki­tap­ha­na hyz­ma­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bol­ma­ly­dyr.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bi­te­wi san­ly ki­tap­ha­na­ny dö­ret­me­giň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Şol ki­tap­ha­na äh­li mek­dep­ler bi­rik­di­ril­me­li­dir, ony bü­tin­dün­ýä mek­dep ki­tap­ha­na­la­ry ul­ga­my­na bi­rik­dir­mek müm­kin­çi­li­gi­ne ga­ral­ma­ly­dyr. Şeý­le hem uly ders olim­pi­a­da­la­ry­ny — mek­de­ba­ra hem-de umu­mymil­li olim­pi­a­da­la­ry, okuw­çy­lar mas­la­hat­la­ry­ny hem-de fo­rum­la­ry­ny, bäs­le­şik­le­ri ge­çir­mek ze­rur­dyr. Şo­lar­da ça­ga­lar öz­le­ri­niň iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry­ny, pi­kir­le­ri­ni, ylym we dö­re­di­ji­lik ba­bat­da ga­za­nan­la­ry­ny paý­la­şyp bi­ler­ler.

Şeý­le hem yn­san­per­wer ugur­ly mek­dep­le­ri aç­mak wa­jyp­dyr, çün­ki me­de­ni­ýet, ru­hy­ýet, mil­li mi­ras bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler he­mi­şe üns mer­ke­zin­de bo­lar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hä­zir he­re­ket ed­ýän iri me­de­ni­ýet ojak­la­ryn­dan baş­ga-da, ki­çi me­de­ni-aň-paý­has, dynç alyş eda­ra­lar ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň mö­hüm­di­gi­ni aýt­dy.

Bu çä­re­le­riň äh­li­si bar bo­lan hem-de çak­la­nyl­ýan is­leg­le­ri na­za­ra al­mak bi­len, saz­la­şyk­ly dur­muş ul­ga­my­ny dö­ret­mä­ge ýar­dam eder di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pi­ki­ri­ne gö­rä, ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ok­gun­ly ös­dür­mek, ila­ty­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak üçin uly müm­kin­çi­lik­ler bar. Şol müm­kin­çi­lik­ler­den ne­ti­je­li peý­da­lan­mak bol­sa bi­lim ul­ga­myn­da­ky we­zi­pe­le­ri çöz­mek bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr.

Hä­zir­ki wagt­da türk­men paý­tag­ty sy­ýa­hat­çy­lyk mer­ke­zi hök­mün­de hem yk­rar edil­ýär. Azi­ýa­nyň mer­jen şä­he­ri bo­lan Aş­ga­ba­da gel­ýän ja­han­keş­de­le­riň hem-de işe­wür to­par­la­ryň we­kil­le­ri­niň sa­ny ýyl­sa­ýyn art­ýar. Mu­nuň özi bol­sa paý­tag­ty­myz­da ka­şaň myh­man­ha­na­la­ryň, şeý­le hem hal­ka­ra fo­rum­la­ry we beý­le­ki iri çä­re­le­ri ge­çir­mek üçin top­lum­la­ry gur­ma­gyň mak­sa­da­la­ýyk­dy­gy­ny şert­len­dir­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Aş­ga­ba­dyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň go­la­ýyn­da gu­rul­jak tä­ze myh­man­ha­na aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir.

Özü­niň ady­na la­ýyk­lyk­da, myh­man­ha­na­nyň bi­na­sy Türk­me­nis­ta­nyň te­bi­gy aja­ýyp­lyk­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Ga­ra­gu­muň tä­sin te­bi­ga­ty­ny be­ýan eder. Bi­na­nyň gö­ni burç­la­ry hem-de al­tyn­sow aý­na­la­ry çä­ge­lik de­pe­le­riň gör­nü­şi­ni ýat­lad­ýar. Bu ýer­de te­bi­gy säh­ra­lyk­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da, myh­man­la­ry amat­ly­ly­gyň hem-de ýo­ka­ry de­re­je­li hyz­mat­la­ryň ha­ky­ky ada­sy gar­şy­lar. Mil­li be­zeg usu­ly­nyň ula­nyl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, bu ýer ýur­du­my­zyň çä­gin­den ge­çen Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­le­şen ker­wen­sa­ra­ýy ýat­la­dar. Şun­da iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar we se­riş­de­ler, tä­sin gur­luş çöz­güt­le­ri ula­ny­lar.

Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň Aş­ga­bat­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň möç­ber­li şä­her­gur­lu­şyk mak­sat­na­ma­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ru­dy­gy­ny nyg­tap, şä­her hä­ki­mi­ne bu ba­bat­da anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ýer­de ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­riň hil, be­zeg we eko­lo­gi­ýa ba­bat­da hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­la­ry­na hem-de ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­me­gi­niň esa­sy gör­ke­zi­ji­ler bol­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz türk­men paý­tag­ty­ny dün­ýä­niň iň owa­dan hem-de ýa­şa­mak üçin has amat­ly şä­her­le­ri­niň bi­ri­ne öwür­mä­ge gö­nük­di­ri­len top­lum­la­ýyn şä­her­gur­lu­şyk mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek bel­läp, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­ki­mi­ne anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di hem-de ho­wa men­zi­li­ne ta­rap ýo­lu­ny do­wam et­di. Mil­li Li­de­ri­miz şol ýer­den Bal­kan we­la­ýa­ty­na ug­ra­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne ge­len­den soň, özü­niň Ha­za­ryň ke­na­ryn­da­ky ka­bul­ha­na­sy­na ta­rap ug­ra­dy.