«Amul — Ha­zar 2018» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne giň­den taý­ýar­lyk gö­rül­ýär

Aw­gust aýy­nyň bi­rin­ji on­gün­lü­gin­de Aş­ga­bat­da “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len me­dia­fo­rum hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça gu­ral­jak iri ýa­ryş­la­ra taý­ýar­lyk gör­mek­de mö­hüm tap­gyr bol­dy. Ge­çen ýyl­da bol­şy ýa­ly, Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da ýur­du­my­za ýe­ne-de köp san­ly myh­man­lar ýyg­na­nar. Ge­çen ýyl paý­tag­ty­myz­da Azia­da — 2017 üs­tün­lik­li ge­çi­ril­di. Bu ge­zek çäk ba­bat­da ýa­ryş­la­ryň ge­ri­mi has giň bo­lar. Aw­to­mo­bil ral­li­si­niň ug­ry tu­tuş Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­den, Ga­ra­gum säh­ra­syn­dan ge­çip, gün­do­gar­dan gün­ba­ta­ra ta­rap uza­lyp gi­der.

Me­dia­fo­rum ýa­ryş­la­ry be­ýan et­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­di­ren da­şa­ry ýurt­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­ni ral­li­niň gu­ra­ly­şy bo­ýun­ça çä­re­le­ri ta­nyş­dyr­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň gel­je­gi uly sport we sy­ýa­hat­çy­lyk mer­ke­zi hök­mün­de ýur­du­my­za hal­ka­ra met­bu­ga­tyň ün­sü­ni çek­mä­ge hem müm­kin­çi­lik ber­di. Ýo­ka­ry tiz­lik­ler hem-de ti­gir­li teh­ni­ka­lar bu ýo­luň tä­ze we­zi­pe­si­ni äş­gär eder. Şol teh­ni­ka­lar bol­sa 1500 ki­lo­metr ara­ly­gy geç­me­li bo­lar­lar. El­bet­de, mu­nuň özi di­ňe bir ulag­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gör­kez­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, tür­gen­ler üçin hem sy­nag bo­lar. Us­sat­lyk, mak­sa­da ok­gun­ly­lyk ba­bat­da­ky sy­nag hem-de ýeň­şe bo­lan erk-is­leg adam­la­ra dün­ýä­ni go­wy ta­ra­pa öz­gert­mä­ge ýar­dam ed­ýän hä­si­ýet­ler­dir. Hut şu hä­si­ýet­ler spor­tuň ägirt uly pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji äh­mi­ýe­ti­ni ke­pil­len­dir­ýär.

Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýy­lyň few­ral aýyn­da Le­bap we­la­ýa­tyn­da “Be­ýik Ýü­pek ýo­ly” ýa­ryş­la­ry­na hem-de “Amul — Ha­zar 2018” ral­li­si­ne taý­ýar­lyk gör­lü­şi­ne ba­dal­ga be­ren­de, şu­lar ba­ra­da aý­dyp­dy.

Aw­to­ral­li ýur­du­my­zyň eko­lo­gi­ýa we ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri ul­ga­myn­da, şol san­da mul­ti­mo­dal ýol­la­ry dö­ret­mek­de iş­jeň sy­ýa­sa­ta yg­rar­ly­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di hem-de ýur­du­my­zyň dün­ýä­de Ýew­ro — 5 stan­dart­la­ry­na ky­bap gel­ýän eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa sin­te­ti­ki ýan­gy­jy ön­dü­ri­ji­le­riň il­kin­ji­le­ri­niň bi­ri­di­gi­ni aýt­dy.

Türk­me­nis­tan­da aw­to­ral­li­niň ge­çi­ril­me­gi spor­tuň bu gör­nü­şi­ni giň­den wa­gyz et­mä­ge, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­ka­rar et­mä­ge, dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan Türk­me­nis­ta­na gel­ýän adam­la­ry ül­kä­mi­ziň baý te­bi­ga­ty, aja­ýyp kün­jek­le­ri, me­de­ni we ta­ry­hy mi­ra­sy bi­len ta­nyş­dyr­ma­ga ýar­dam eder.

Şon­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow og­ly Ser­dar bi­len “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň ýo­lu­nyň çöl bö­le­gin­den sport aw­tou­la­gyn­da ge­çip, ýol­suz şert­ler­de ýa­ryş aw­tou­la­gy­ny us­sat­lyk bi­len do­lan­dyr­ma­gyň aja­ýyp nus­ga­sy­ny gör­kez­di.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýet­gin­jek­lik ýyl­la­ryn­dan baş­lap, aw­tos­port bi­len iş­jeň meş­gul­lan­dy we dür­li ýa­ryş­la­ra gat­naş­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň “ýe­di­lik” bel­gi­li aw­to­mo­bil­de üs­tün­lik­li çy­kyş eden­di­gi­ni hem hem­mä­miz bil­ýä­ris. Hut mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy we ýa­kyn­dan gol­daw ber­me­gi ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da aw­to­mo­bil spor­ty tä­ze ösü­şe eýe bol­dy. Paý­tag­ty­myz­da Aw­to­mo­bil spor­ty mer­ke­zi açyl­dy.

Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň iş­jeň ta­rap­da­ry bo­lan mil­li Li­de­ri­miz spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri — at çap­mak, we­lo­si­ped we aw­to­mo­bil spor­ty, yl­ga­mak, ten­nis hem-de beý­le­ki­ler bi­len meş­gul­la­nyp, ýaş­la­ra we il­deş­le­ri­mi­ziň äh­li­si­ne gö­rel­de bol­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz işi­niň örän köp­dü­gi­ne ga­ra­maz­dan, be­den­ter­bi­ýe bi­len meş­gul­lan­ma­ga hök­man wagt tap­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Olim­pi­ýa ko­mi­te­ti­niň Baş­ly­gy bo­lan döw­let Baş­tu­ta­ny­myz spor­ty ös­dür­mek­de uly go­şan­dy üçin Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa ge­ňe­şi­niň iň ýo­ka­ry sy­la­gy­na — Hor­mat or­de­ni­ne my­na­syp bol­dy.

Hut hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly üns ber­me­gi ne­ti­je­sin­de, hä­zir­ki Türk­me­nis­tan­da sport muş­dak­la­ry­nyň sa­ny bar­ha art­ýar. Jem­gy­ýet­de onuň äh­mi­ýe­ti has-da ýo­kar­lan­ýar. Ýur­du­myz­da sport hem-de be­den­ter­bi­ýe bi­len meş­gul­lan­ýan ra­ýat­la­ryň, aý­ra­tyn hem ça­ga­la­ryň, ýet­gin­jek­le­riň, og­lan­la­ryň we gyz­la­ryň sa­ny­nyň has köp bol­ma­gy üçin şert­le­riň dö­re­dil­me­gi spor­ty ös­dür­mek hem-de jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ber­ka­rar et­mek ba­ra­da­ky stra­te­gi­ýa­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň esa­sy mak­sa­dy bol­dy.

Tür­gen­le­ri­mi­ziň tu­tuş dün­ýä sport he­re­ke­ti­ne gat­naş­ma­gy­nyň ge­ri­mi bar­ha gi­ňel­ýär, ýur­du­myz­da iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­r ge­çi­ril­ýär. Paý­tag­ty­myz­da hem-de ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de döw­re­bap sport top­lum­la­ry, sta­dion­lar, aý­law­lar, ýö­ri­te­leş­di­ri­len sport mek­dep­le­ri we beý­le­ki des­ga­lar gu­rul­dy. Mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­la­ryň meş­hur­ly­gy has-da art­ýar, we­la­ýat­la­ryň äh­li­sin­de at­çy­lyk sport top­lum­la­ry gu­rul­dy, spor­tuň teh­ni­ki gör­nüş­le­ri ös­dü­ril­ýär.

“Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si hem bu işiň has-da ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy­na uly iter­gi be­rer. Bu ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek baş­lan­gy­jy bol­sa döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowa de­giş­li­dir.

Ral­lä da­şa­ry ýurt­lar­dan gat­naş­ýan­lar di­ňe bir türk­men hal­ky­nyň mi­ra­sy bi­len ta­nyş­man, eý­sem, bu aja­ýyp kün­jek­le­re düýp­li dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler, yl­my-teh­ni­ki ösüş hem-de ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­niň se­na­gat taý­dan ös­me­gi ar­ka­ly gel­ýän tä­ze dur­mu­şy öz göz­le­ri bi­len gö­rer­ler. Türk­me­nis­tan hä­zir­ki dö­wür­de Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň mö­hüm ulag mer­ke­zi hök­mün­de eýe­le­ýän or­nu­ny has-da ber­kid­ýär.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň bü­tin dün­ýä­de meş­hur bo­lan ta­ry­hy we ar­heo­lo­gik ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni hem-de te­bi­ga­ty­nyň aja­ýyp ýer­le­ri­ni öz içi­ne al­ýan bu ýo­luň ug­run­da tä­ze sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry­ny gi­riz­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­ýär.

Bir­ma­hal­lar şu ýer­ler­den gül­läp ösen şä­her­le­riň ara­syn­da ýa­ýy­lyp ýa­tan säh­ra­la­ryň üs­ti bi­len ker­wen ýol­la­ry ge­çen bol­sa, hä­zir­ki dö­wür­de bu ýer­de kä­mil aw­tou­lag hem-de de­mir ýol­lar gu­rul­dy. Te­bi­gy gö­zel­lik­ler bi­len bir­lik­de, bu­la­ryň äh­li­si sy­ýa­hat­çy­la­ra Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň geç­mi­şi hem-de hä­zir­ki dur­mu­şy bi­len ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.

12-nji maý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow saý­la­ma ýa­ryş­la­ra ak pa­ta ber­mek bi­len, şo­la­ra iş­jeň gat­naş­dy. Bäs­le­şik­le­riň bar­şyn­da öňü­miz­dä­ki “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne Türk­me­nis­tan­dan gat­naş­mak üçin to­par­la­ryň dü­zü­mi kes­git­le­nil­di.

Aş­ga­ba­dyň ete­gin­de ge­çi­ri­len saý­la­ma tap­gy­ra Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Aw­tos­port mer­ke­zi­niň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Aw­to­mo­bil spor­ty fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Bäs­le­şi­giň öňü­sy­ra­syn­da mil­li Li­de­ri­miz aw­tos­port bo­ýun­ça emin­ler bi­len söh­bet­deş bo­lup, çyz­gy­lar­da gör­ke­zi­len ýo­luň ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy. Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­ny aýaw­ly sak­la­ma­gyň aw­to­mo­bil spor­ty bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ry ge­çir­me­giň esa­sy şer­ti­di­gi ýe­ne-de bir ge­zek bel­le­nil­di. Türk­men tür­gen­le­ri­niň aw­to­mo­bil­le­ri bu ta­lap­la­ra do­ly de­re­je­de la­ýyk gel­ýär. Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýol­suz ýer­ler­den geç­ýän aw­tou­la­gy sy­nap gö­rüp, ýa­ryş­la­ryň saý­la­ma tap­gy­ry­na ba­dal­ga ber­di.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň do­lan­dyr­ýan sport aw­to­mo­bi­li, he­mi­şe bol­şy ýa­ly, bu ýol­da­ky te­bi­gy päs­gel­çi­lik­ler­den ýe­ňil­lik bi­len hem-de çalt geç­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aw­tou­la­gyň teh­ni­ki müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­la­nyp, ula­gy do­lan­dyr­ma­gyň ýo­ka­ry us­sat­ly­gy­ny gör­kez­di. Şu ýa­ryş­lar­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sport aw­tou­lag­la­ry­ny sü­rü­ji­le­riň ara­syn­da Ga­ra­gum säh­ra­sy şert­le­rin­de çyl­şy­rym­ly ýo­ly geç­mek­de iň go­wy wag­ty gör­kez­me­gi ba­şar­dy.

Ýa­ryş­la­ryň gu­ra­ma­çy­lyk-teh­ni­ki üp­jün­çi­li­gi ba­bat­da hem-de ýur­du­my­zyň sport kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­mak, bu ul­gam­da hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek ba­bat­da ral­li­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li taý­ýar­lyk iş­le­ri şu ugur­da meş­hur bo­lan hü­när­men­ler, şeý­le çä­re­le­re gat­naş­mak­da öz­le­ri­ni iň go­wy ta­rap­dan gör­ke­zen kom­pa­ni­ýa­lar bi­len öza­ra hyz­mat­daş­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, öňü­miz­dä­ki ýa­ryş­la­ryň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri hem aýaw­ly sak­la­nyl­ýan hem-de ne­sil­den-nes­le ge­çi­ril­ýän baý ta­ry­hy-ru­hy we me­de­ni mi­ra­sy, tä­sin te­bi­ga­ty hem-de ägirt uly yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty bo­lan ýurt hök­mün­de Wa­ta­ny­my­zyň tä­ze keş­bi­ni bü­tin dün­ýä gör­kez­mek­den yba­rat­dyr.

Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan giň möç­ber­li we ab­raý­ly ýa­ryş­la­ry ka­bul et­mä­ge ukyp­ly sport döw­le­ti­niň de­re­je­si­ne eýe bol­ýar. We­lo­si­ped, aw­to­mo­bil spor­tu­ny hem ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Her ýyl köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş­le­ri ge­çir­mek asyl­ly dä­be öw­rül­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy 3-nji iýu­ny “Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni” di­ýip yg­lan et­di. Dün­ýä­niň 56 ýur­dy Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dyr­ýan bu çöz­gü­diň aw­tor­daş­la­ry bo­lup çy­kyş et­di.

Mil­li Li­de­ri­miz ta­ra­pyn­dan “Be­ýik Ýü­pek ýo­ly” tas­la­ma­sy di­ňe bir sport çä­re­le­ri­niň uly tap­gy­ry hök­mün­de däl, eý­sem, ýur­du­my­zyň geç­mi­şi, şu gü­ni we gel­je­gi bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­da döw­le­ti­mi­ziň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­niň öz­bo­luş­ly gör­ke­zi­li­şi hök­mün­de hem öňe sü­rül­di.

Şeý­le­lik­de, bu ýa­ryş­la­ryň çyl­şy­rym­ly ugur­la­ry öz içi­ne al­ýan bir­nä­çe tap­gyr­la­ry me­ýil­leş­di­ril­ýär. Mu­nuň özi Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň çyl­şy­rym­ly bö­lek­le­rin­den we Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ryn­da­ky ak mer­mer­li Awa­za­nyň çäk­le­rin­de ta­mam­lan­ýan tap­gyr­lar­dan yba­rat­dyr. Ral­lä gat­na­şy­jy­lar Türk­me­nis­ta­nyň te­bi­gy gö­zel­lik­le­ri, gaý­ta­lan­ma­jak aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len tan­şar­lar we mil­li me­de­ni­ýe­tiň öz­bo­luş­ly ugur­la­ry­na, döw­rüň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ne göz ýe­ti­rer­ler.

Amul­dan Ha­za­ra çen­li ug­ry öz içi­ne al­ýan hal­ka­ra aw­to­ral­li­niň gu­ral­ma­gy Türk­me­nis­ta­nyň se­bit we äh­lu­mu­my äh­mi­ýe­te eýe bo­lan hem-de döw­let­le­riň, halk­la­ryň ýa­kyn­laş­ma­gy­na, söw­da-yk­dy­sa­dy, yn­san­per­wer ugur­lar­da­ky äh­lu­mu­my ösü­şiň di­kel­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len ulag ul­ga­my ba­bat­da­ky baş­lan­gyç­la­ry­nyň iş­jeň hä­si­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­nyň baş ny­şa­ny­na öw­rü­ler.

Ýur­du­my­zyň ta­ry­hyn­da şeý­le ýa­ryş­la­ry gu­ra­mak bo­ýun­ça oňyn tej­ri­be top­la­nyl­dy. 2009-njy ýyl­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça “Ýü­pek ýo­ly” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si ge­çi­ril­di. Ol dost­luk­ly Rus­si­ýa­nyň we Ga­za­gys­ta­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň gol­da­wy­na my­na­syp bol­dy. Dün­ýä­niň 30-a go­laý döw­le­tin­den us­sat tür­gen­le­riň gat­naş­ma­gyn­da we üç ýur­duň çä­gin­den geç­ýän bu ug­ruň umu­my uzyn­ly­gy 4 müň 500 ki­lo­met­re ba­ra­bar bol­dy. Onuň ýa­ry­syn­dan gow­ra­gy Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­den geç­di.

Şol dö­wür­den bä­ri “Ýü­pek ýo­ly” ral­li­si dün­ýä­niň bäs­le­şik me­ýil­na­ma­syn­da pug­ta orun eýe­le­di. In­di hal­ka­ra aw­to­mo­bil ýa­ryş­la­ry­nyň ter­tip­na­ma­sy­na baş­lan­ma­gy­na ba­ry-ýo­gy bir aý tö­we­re­gi wagt ga­lan “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­mo­bil ýa­ry­şy gi­ri­zil­di. Bu bäs­le­şik­ler me­de­ni­ýet­le­riň we halk­la­ryň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mek­de mö­hüm çä­re bo­lup hyz­mat eder. Çün­ki sport — mu­nuň özi hyz­mat­daş­lyk üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýan kö­pu­gur­ly dost­luk di­li bo­lup dur­ýar.

Ga­dy­my dö­wür­de dür­li ýurt­la­ryň, se­bit­le­riň we me­de­ni­ýet­le­riň öza­ra gat­na­şy­gy­ny esas­lan­dy­ran Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ta­ry­hy ugur­la­ryn­dan ge­çi­ril­me­gi gel­jek­ki ýa­ryş­la­ryň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni äş­gär ed­ýär.

Döw­le­tiň öza­ra dü­şü­niş­mek we hyz­mat­daş­lyk ug­ry bo­ýun­ça ynam­ly ga­dam ur­ma­gy­nyň halk­la­ryň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ril­ýän­di­gi­ni dün­ýä ta­ry­hy su­but et­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we adam­za­dyň nu­ra­na gel­je­gi üçin be­ýik jo­gap­kär­çi­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan sy­ýa­sa­tyn­da hut şeý­le çe­me­leş­me­ler öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Ýur­du­myz dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň ösen is­le­gi­ne ky­bap gel­ýän ne­ti­je­li tas­la­ma­la­ry öňe sür­ýär we aw­to­mo­bil, de­mir ýol, de­ňiz we ho­wa ýol­la­ry ýa­ly tä­ze hal­ka­ra ulag ugur­la­ry­nyň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi ba­bat­da de­giş­li baş­lan­gyç­lar bi­len çy­kyş ed­ýär.

Şu­nuň ýa­ly giň möç­ber­li sport çä­re­si­ni ge­çir­mek baş­lan­gy­jy­ny öňe sür­mek bi­len, Türk­me­nis­tan pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji ýurt hök­mün­dä­ki or­nu­ny ýe­ne bir ýo­la tas­syk­la­dy. Türk­me­nis­ta­nyň dip­lo­ma­tik eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan köp san­ly ýurt­lar­da ge­çi­ri­len “Amul — Ha­zar 2018” ral­li­si­niň ta­nyş­dy­ryş çä­re­le­rin­de hut şu ýö­rel­ge esa­sy orun eýe­le­di.

Bu ýa­ryş­la­ra gat­naş­ma­ga is­leg bil­di­ren da­şa­ry ýurt­ly tür­gen­ler şu ýo­luň Ga­ra­gu­muň için­den geç­ýän­di­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär­ler. Bi­rin­ji­den, dün­ýä­niň iň uly çöl­le­ri­niň bi­ri bo­lan Ga­ra­gum “Da­kar” de­re­je­sin­dä­ki ral­li ýa­ryş­la­ryn­da mö­hüm orun eýe­le­ýär. Ikin­ji­den bol­sa, Ga­ra­gu­muň alaň­la­ry çyl­şy­rym­ly­lyk ba­bat­da has-da ýo­ka­ry de­re­jä eýe­dir. Ga­ra­gu­muň çä­ge­le­ri öz­bo­luş­ly bol­mak bi­len, gur­lu­şy, te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len çyl­şy­rym­ly tä­sir­le­ri özün­de jem­le­ýär. Ol is­len­dik pur­sat­da ga­ra­şyl­ma­dyk tä­sir­le­ri ýe­tir­mä­ge ukyp­ly­dyr.

Ýa­ryş ma­ha­lyn­da kuw­wat­ly aw­tou­lag­la­ra erk ed­ýän tür­gen­ler te­bi­ga­tyň dür­li ýag­daý­la­ry bi­len ýüz­be-ýüz bo­lar­lar we adam­la­ryň te­bi­gat bi­len nä­de­re­je­de bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy­na göz ýe­ti­rer­ler. Üçün­ji­den bol­sa, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän aw­to­ral­li­niň esa­sy ug­ry bo­lan Ga­ra­gum säh­ra­sy te­bi­ga­tyň bu öz­bo­luş­ly kün­je­gi­ne dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ün­sü­ni çek­mek­de äh­mi­ýet­li­dir. Ol ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä te­bi­gy mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­mä­ge my­na­syp­dyr.

Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, Ga­ra­gum säh­ra­sy adam­lar ta­ra­pyn­dan öz­leş­di­ril­ýär. Bu iş­le­riň al­nyp bar­ly­şy eko­lo­gi­ýa işin­de nus­ga­lyk­dyr. Säh­ra­nyň mer­ke­zin­de “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­niň dö­re­dil­me­gi mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Hä­zir­ki dö­wür­de Mer­ke­zi Ga­ra­gum te­bi­gy, zoo­lo­gi­ýa, bo­ta­ni­ka, ho­ja­lyk-eko­lo­gi­ýa bar­lag­la­ry ba­bat­da dün­ýä­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk Türk­me­nis­ta­nyň te­bi­gy aý­ra­tyn­ly­gy­dyr. Çöl te­bi­ga­ty­nyň üýt­gew­siz ýag­daý­da sak­la­nan te­kiz­lik­le­ri we ekoul­ga­my yl­my taý­dan öw­re­nil­mä­ge my­na­syp­dyr.

...Ýa­ryş­lar Ha­za­ryň ke­na­ryn­da jem­le­ner. Bu ýer­de hä­zir­ki dö­wür­de aja­ýyp şy­pa­ha­na top­lu­my­ny özün­de jem­le­ýän «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy ýer­leş­ýär. Şeý­le­lik­de, tür­gen­ler Türk­me­nis­ta­nyň gün­do­ga­ryn­dan gün­ba­ta­ry­na çen­li ara­ly­gy, Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ta­ry­hy ug­ru­ny ge­çer­ler. Olar, gö­ýä, geç­miş­den hä­zir­ki döw­re sy­ýa­hat eden ýa­ly bo­lar­lar.

Hä­zir­ki dö­wür­de bu ugur bo­ýun­ça ze­rur çä­re­ler ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy, me­de­ni ul­gam­da me­ýil­leş­di­ri­len iş­ler, ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­la­ry taý­ýar­la­mak ýo­ka­ry de­re­je­de al­nyp ba­ryl­ýar. Ýa­ryş­la­ry gu­raý­jy­la­ryň yg­ty­ýa­ryn­da hä­zir­ki za­man teh­ni­ka­la­ry, di­ku­çar­lar we beý­le­ki ze­rur se­riş­de­ler bar. Şeý­le hem baş­ga-da köp san­ly çä­re­ler me­ýil­leş­di­ril­di. Da­şa­ry ýurt­lar­dan gel­ýän köp san­ly we­ki­li­ýet­le­ri de­giş­li de­re­je­de gar­şy­la­mak ýur­du­myz üçin uly hor­mat ha­sap­la­nyl­ýar. Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň uly üs­tün­lik­le­re bes­len­me­gi mu­nuň su­but­na­ma­sy­dyr. Bu ýa­ryş­lar meý­le­tin­çi­ler, teh­ni­ki iş­gär­ler we hyz­mat ul­ga­my­nyň to­par­la­ry­ny dö­ret­mek­de oňyn tej­ri­be top­la­mak hem-de “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ni ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­mak üçin äh­mi­ýet­li bol­dy.

Bu çä­re­le­ri ge­çir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan ýur­du­my­zyň Içe­ri iş­ler hem-de Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­lik­le­ri­niň hem-de beý­le­ki dü­züm­le­riň üs­tü­ne ýük­le­nil­di. Sport bäs­le­şik­le­ri ba­ra­da aý­dy­lan­da bol­sa, gol çe­ki­len yla­la­şy­ga la­ýyk­lyk­da, onuň ne­ti­je­li bol­ma­gy­ny üp­jün et­mek Žan-Lui Şles­se­riň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky “Af­riсa Eсo Raсe” ma­ra­fo­ny­ny gu­raý­jy to­pa­ra yna­nyl­dy.

“Turk­men De­sert Raсe” hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki “Amul — Ha­zar” ral­li­si Hal­ka­ra aw­to­mo­bil fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň (FIA) ün­sü­ni özü­ne çek­di. Bu ýö­ri­te­leş­di­ri­len to­par tas­la­ma­ny gel­jek­de dün­ýä de­re­je­li ug­ra goş­mak bo­ýun­ça uly müm­kin­çi­li­giň bar­dy­gy­ny bel­le­di.

Hä­zir­ki dö­wür­de ýa­ry­şy gu­raý­jy­lar bäs­le­şik­le­riň örän çyl­şy­rym­ly, özü­ne çe­ki­ji hem-de dün­ýä­niň sport bi­le­le­şi­gi­niň ägirt uly gy­zyk­lan­ma­sy­na my­na­syp bol­jak­dy­gy­na pug­ta ynan­ýar­lar. Bu tas­la­ma­nyň de­re­je­si hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň onuň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik et­me­gi, bu ug­ruň bir­nä­çe tap­gyr­la­ry­ny özü­niň ge­çip gör­me­gi bi­len has-da be­len­de gö­te­ril­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ug­ruň Le­bap we Ahal we­la­ýat­la­ry­nyň çä­gin­dä­ki tap­gyr­la­ry­ny ge­çip gör­di. Iýul aýyn­da Ha­za­ryň ke­na­ryn­da dynç alyş­da bo­lan döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ug­ruň Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­den geç­ýän jem­leý­ji tap­gy­ry­ny geç­di we ýo­ka­ry ne­ti­je gör­kez­di.

Mil­li Li­de­ri­miz jem­leý­ji tap­gy­ry geç­mez­den öňür­ti köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri bi­len söh­bet­deş bol­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz žur­na­list­le­riň so­wal­la­ry­na jo­gap be­rip, Türk­me­nis­ta­nyň il­kin­ji no­bat­da “Açyk ga­py­lar” we eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şu nuk­daý­na­zar­dan, “Amul — Ha­zar 2018” ral­li­si­niň ge­çi­ril­me­gi äh­li gör­nüş­li çä­re­ler, şol san­da aw­to­mo­bil spor­ty bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek bi­len eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­ny no­bat­da­ky ge­zek tas­syk­la­dy. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän bu bäs­le­şi­giň eko-ral­li-reýd diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy mu­nuň su­but­na­ma­sy­dyr.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy we Ha­zar deň­zi­niň bio­dür­lü­li­gi­niň sak­la­nyl­ma­gy äh­mi­ýet­li me­se­le bo­lup dur­ýar. Mu­nuň özi şu hep­dä­niň ahy­ryn­da ge­çi­ril­jek Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň sam­mi­tin­de ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar.

Ral­li­niň Ha­za­ryň ke­na­ryn­da jem­len­ýän­di­gi­ni bel­le­me­li. Aw­gust aýy­nyň üçün­ji on­gün­lü­gin­de şu ýer­de Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň du­şu­şy­gy ýa­ly mö­hüm hal­ka­ra çä­re ge­çi­ri­ler.

Şeý­le­lik­de, “Amul — Ha­zar 2018” tas­la­ma­sy di­ňe bir bäs­le­şik bol­man, eý­sem, ol dur­mu­şyň dür­li ul­gam­la­ry­nyň we ýur­du­my­zyň äh­li hyz­mat­daş­lar bi­len ýo­la goý­ýan gat­na­şyk­la­ry­nyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len kö­pu­gur­ly, iri möç­ber­li çä­re­dir. Şu ýa­ryş­la­ryň köp san­ly myh­man­lar üçin ýat­da ga­ly­jy wa­ka­la­ra bes­len­jek­di­gi we ýur­du­my­zyň pa­ra­hat­çy­ly­gyň hem-de dost­lu­gyň baş şer­ti bo­lan spor­tuň or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga goş­ýan go­şan­dy­ny ala­mat­lan­dyrjak­dy­gy şüb­he­siz­dir.