30 Aprel 2017, 12:05



Köneürgenç – türkmen taryhynyň ajaýyp dür dänesi. Onuň binagärlik ajaýyplyklary yslam däp-dessurlarynyň ählisini

01.07.2016

Aşgabatdan 480 km demirgazykda Amyderýanyň gadymy akymynyň golaýynda, iki sany möhüm kerwen ýollarynyň kesişýän ýerinde: gündogara, Hytaýa, we günortadan -demirgazyk günbatara, Wolga derýasyna, beýik Ýüpek ýolunyň iri şäherleriniň biri bolan Köneürgenç ýerleşýär. Onuň taryhy Türkmenistanyň taryhynda belli seneleri öz içine alypdyr. Onuň döredilen senesi näbelli, ýöne, gadymy Körmolla galasynyň galyndylary antik eýýamyna (biziň e.öňki II-Vasyrlar) degişlidir. Bu şäheriň ady zoroastriýleriň mukaddes kitaby bolan Awestade “Urwa”, “Urga” ady bilen ýatlanyp geçilýär.

VIII asyryň ortalarynda şäher araplaryň golastyna geçýär we Gürgenç diýlip atlandyrylýar.X asyrda Amyderýanyň sag kenarynyň Samanidleriň hökümdarlary demirgazyk Horezm döwletini Ürgenç emirligini döredýärler, şäher bolsa onuň paýtagty bolupdyr.


XII we XIII asyryň başlarynda Merkezi Aziýanyň şäherleriniň köpüsinden ilatynyň sanynyň köplügi we meşhurlygy boýunça Ürgenjiň gülläp ösen döwri bolupdyr. Gündogaryň beýik akyldarlary Awisenna, Al-Biruni, Ibn-Battut bu ýerde ýaşapdyrlar we döredipdirler. “Yslamyň ýüregi” diýlip atlandyrylan ruhy we medeni merkezi bolmak bilen, 1221-nji ýylda Çingizhana garşy göreşipdir we mongollar tarapyndan derbi-dagyn edilipdir.

Ürgenç ulusyň düzümine goşulypdyr, soňra bolsa 1359-njy ýylda gyzylorda hanlyk ulgamynda garaşsyz bolupdyr. XIV asyryň birinji ýarymynda onuň ösmeginde ýerli hökümdar Gutlug Timura we onuň aýaly Törebeg hanyma aýratyn orun degişlidir.

Şäher nobatdaky weýrançylyga 1388-nji ýylda Amir Timuryň basybalyjykly ýörişi wagtynda sezewar bolupdyr, XVI asyrda bolsa Amyderýanyň öz akymyny demirgazyga üýtgetmegi şäheriň ýaşaýjylaryny bu ýerini taşlap gitmäge borçly edipdir. 1646-njy ýylda, häzirki zaman Özbegistanyň çäklerinde täze Ürgenjiň gurulmagy netijesinde, öňki Ürgenç Köneürgenç adyny alypdyr.


Köneürgenç – türkmen taryhynyň ajaýyp dür dänesi. Onuň binagärlik ajaýyplyklary yslam däp-dessurlarynyň ählisini – binagärlik usullarynyň we görnüşleriniň gaýtalanmajak sazlaşygyny, çeperçilik aýratynlygyny we gurluşyny, gümmeziniň seýrek duş gekýän görnüşini, reňkleriniň durlugyny we ýitiligini özünde jemleýär. Gündogar binagärçiliginiň ajaýyp nusgasy we türkmen halkynyň döredijilikli uçursyz zehinliliginiň şaýady bolmak bilen, onuň adamzat ösüşiniň taryhynda baş orny tutmak bilen, gadymy şäheriň ýadygärlikleri – “Köneürgenç” Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras sanawyna goşuldy.

Köneürgenç ajaýyp binalar toplumynyň brillianty -

Taryhçylar we sungaty öwrenijiler Törebeg hanymyň kümmetini şeýle diýip atlandyrýarlar. Onuň binagärliginde nepislik we monumentallyk, kämil binagärlik şekili we ajaýyp bezegi özboluşly sazlaşýar. Daşyndan we içinden owadan bezelmegi, oýma görnüşde mozaika bilen bezelen ýüz inedördül metri töweregi meýdany eýeleýän açyk ýagty alty granly zally gurluş üýtgeşik owadan görkezýär. Bularyň ählisi örän uly ajaýyp gümmez bilen gutarýar. Gümmeziň içki bezegi ýyldyzlaryň we gülleriň nusgalary bilen inçeden bezelen nagyşly mozaiki pannosydyr.


Bu kümmetiň haçan we kim tarapyndan gurulandygy anyk näbelli, bu baradaky maglumatlar saklanyp galmandyr. Ýöne rowýatlar bu ajaýyp binagärlik gurluşyň taryhynyAltyn Ordanyň hökümdary Özbek hanyň gyzy we XIX asyrda hökümdarlyk eden Horezmiň hökümdary Gutlug Timuryň aýaly Törebeg hanymyň ady bilen baglanyşdyrýar. Bu zenan dini edaralary gurmak, rehimlilik we dogruçyllyk bilen şöhrata eýe bolupdyr. Onuň ady bütin Horezmde belli bolupdyr. Däp boýunça ol gyzlaryň we aýallaryň arkadaýanjy hasap edilipdir. XIX-XX asyrlarda onuň kümmeti gelinleriň köpçülikleýin zyýarat edýän ýeri bolupdyr. Olar bu ýere öz toýlarynyň öň ýanynda gelipdirler we nika gyýylmagyna ak pata sorapdyrlar. Häzir hem Törebeg hanymyň gubry köpçülikleýin zyýarat etmegiň merkezi bolmagynda galýar.


Patyşanyň gyzy Törebeg hanymyň üns we baha berip bilmedik hakyky söýgüsi barada ajaýyp rowaýat biziň günlerine çenli saklanyp galypdyr. Kakasy bu dünýäden ötenden soňra tagta çykmak bilen, Törebeg hanym uzak wagtlap durmuşa çykmandyr. Diňe ýaşulylaryň talap etmekleri bilen ol özüniň saýlap alan oglanyna durmuşa çykmaga razy bolupdyr. Ýöne, onuň berk häsiýetiniň bardygyny bilip, hiç kim oňa gudaçylyga iberip bilmändir. Diňe Gul Gardan atly bir ussa oňa öz söýgüsini beýan edipdir we onuň üçin iň owadan binany gurmagy boýun alypdyr. Törebeg ylalaşypdyr, ýöne eger-de bina oňa ýaramasa ony jezalandyrmak şerti bilen. Ussa biri-birinden owadan edip, üç binany gurupdyr. Ýöne näzik Törebege olaryň hiç biri hem ýaramandyr, ýöne ol öz köňlünde ussanyň zehinlidigini we binalaryň üçüsiniňem owadandygyny ykrar edipdir. Ol ussany sarp eden serişdeleri üçin gyjalat beripdir. Şonda onuň ýanyna keramatly şeýh Şaraf gelipdir we ussanyň guran üçünji binasyny bermegi haýyş edipdir. Törebeg binany bermegi islemän oňa “Bolýar men saňa bu binany bereýin, ýöne sen ony gyzyl bilen doldur” diýip aýdypdyr.


Keramatly gümmeziň üstüne çykyp, onuň ýokarsyndaky deşikden elini göýberdi. Onuň elinden altyn pullar aşak dökülip, gümmeze çenli doldurdy. Ýöne Törebeg oňa: “Gaýgyrma-da döküber” diýdi. Şeýh Şaraf altyn pullary dökmegini dowam etdiripdir, gümmez püre-pür dolup, jaýrylypdyr. Şondan bäri gümmezde jaýryk we yş galypdyr. Gyzyly ýedi bölege bölüpdirler. Onuň bir bölegini Ürgenje seçipdirler diýip aýdýarlar. Şonuň üçin hem şäheriň ýaşajylary bu ýerlerden altyn pullary häzir hem tapýan wagtary bolýar.
Ussa Törebeg beren sözünde tapylar diýen umyt bilen, gyzylyň ýedinji bölegine täze gurluşyga başlapdyr. Ýöne şazadanyň ynjyk gyzy oglanyň söýgüsini tassyklatmak üçin peştaga çykyp, özüni aşak bökmeli diýen täze şerti goýupdyr. Eger-de ol diri galsa oňa barmaga razy bolupdyr.



Gul Gardan böküpdir, heläk bolupdyr, ýöne ölmändir. Ýaşulylaryň diýmegi bilen Törebeg “men seniki” diýýänçä onuň ruhy ýedi günläp onuň teninden çykmandyr. Törebegiň mazarynda ussany jaýlanlarynda Törebeg üçin hem otagyň goýulandygyny aýdýarlar.

Köneürgenjiň gündogaryň binagärçilik nusgalary ýaly, bu kümmet hem wagtyň geçmegi bilen zaýalanypdyr. Ýöne bu günki gün, gümmeziň demirgazyk bölegini ýokdugyna we onuň ýykylandygyna garamazdan, kümmet özüniň ajaýyplygy bilen hemmeleri haýran galdyrýar.

Gök asmana ymtylyş

Gutlug Timur minarasy – orta asyr binalaryndan saklanyp galan dünýäde iň beýik minaralaryň biridir. Gelşikli, ýokarlygyna çürelip gidýän bu minaranyň boýy altmyş metre ýetýär. Şeýle uly sütüni galdyryp bilen ussalaryň ussatlygy haýran galdyrýar. Minaranyň daşyndan ussatlyk bilen bezelen nagyşly guşaklaryň 18-si we kufi ýazgyly guşaklaryň 3-si bilen bezelipdir.

Iki sany tolkunly örülen lentalar nagyşy emele getirip, olar “seljuk zynjyry” diýlip atlandyrylypdyr we bu nagyşly guşaklar kerpiçler bilen örülipdir. Örän gowy ýylmanan örtgi kerpiçleriň arasynda “bantik” we “S” görnüşinde inçe oýulan kerpişjikler bilen örtülmeler bar. Ussatlyk bilen ýerine ýetirilen nagyş bezegleri binagärlik usulynyň nepisligini nygtaýar.

Minaranyň taryhy syrlardan doly. Ol wagtal-wagtal bilesigeliji gözlegçiler tarapyndan açylýar. Alymlar onuň haçan gurulandygy bardaky senäni birden tapyp bilmändirler. Ony öwrenmegiň irki döwründe olar onuň “gadymylygyny” bellediler we gurluşygynyň X-XI sebitlerine degişlidigini kesgitlediler.Rus alymlary A.Ýakubowiçiň weW.Zotowyň minara bagyşlanyp ýazylan ýazgylary eden terjimeleri esasynda onuň gurluşygy XI-XII asyrlara degişli diýlip, hasap edildi.

Gözlegçiler häzirlikçe ýene-de bir sowala jogap tapyp bilmediler. Minara girilýän ýer bu ýerden 6,5 metrlikde ýerleşýär. Oňa girmek ýa-ha gapdalyndan goýulan basgançak boýunça, ýa-da goňşy binanyň köprüsi boýunça bolýar. Ýöne minaranyň töwereginde geçirilen berk arheologiki gazuw-agtaryş işleri hatda haýsydyr bir gurluşygyň yzyny hem ýüze çykarmady. Bu girelgeden aýlawly 144 sany basgançak arkaly ikinji gapy ýeri goýulan ýere 5 minudyň dowamynda 50 metrlik bellige çenli ýokary galyp bolýar. Basgançak uly bolmadyk tegelek meýdançada tamamlanýar, ýöne minaranyň özi ýene-de 10 metre çenli uzaýar.

Minaranyň gurluş tehnologiýasy hem syrly bolup galýar. Alymlar ony içinden tagtany ulanmazdan gurupdyrlar diýen pikire gelýärler . Halk arasynda bolsa – patyşa Adyl Gutlug (Timur) Horezmiň ilatyna salgyt salypdyr. Her bir ýaşaýjy gurluşygyň gidýän ýerine bir halta saman getirmeli bolupdyr. Ony örüp, minaranyň ýokary başyna çykylypdyr diýen gürrüň bar.

Gözlegçiler esasy kerpiç örülişini öwrenenlerinde her bir hatar iki santimetrlik gatlakly çeýe toýun bilen örülipdir. Bu hatarlar öz aralarynda aýratyn düzümli garyndy bilen berkidilipdir. Ol bolsa monolit daşynyň ýagdaýyna çenli gatapdyr. Bularyň ählisi ýokary seýsmiki ýagdaýdan goraglylygy üpjün edipdir hem-de ýadygärligiň uzak wagtlap durjakdygy bilen düşündirilýär.

Minaranyň beýleki bir syry – adaty däl gurluş bolup, çylşyrymly fundamentidir. Onuň bir bölegi düňderilen köp basgançakly piramida meňzeş görnüşindedir. Şeýle uly agramly sütüni saklap duran fundamenti jikme-jik öwrenmek alymlara häzirlikçe başardanok. Sebäbi onuň esasy bölegi toprak suwlarynyň üstünde gurlandyr.


Gözlegçiler Ürgenjiň merkezinde örän uly binanyň nämä niýetleip gurulandygy baradaky sorag bilen hem gyzyklanýarlar. Azan gygyrmak üçin bu bina örän uly. Azançynyň sesiniň aşakda eşdilendigi hem gümana. Ýokardaky ýazgylary ýönekeý göz bilen saýgaryp bolanok, onuň ýakynynda metjit hem ýok. Minaranyň 80 metr günbatarragynda ýerleşýän depede geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan syrçalanan terrakotlaryň, basgançaklaryň, diňiň bölekleri alymlarda baýramçylyk metjidi – namazgähler ýerleşipdir diýen pikiri döretmäge esas berýär. Gutlug Timur minarasy bilen bilelikde ol ýylda iki sapar köp adamly baýramçylyk ybadatyny geçirilýän kämil binagärlik toplumyny emele getiripdir.

Mümkin metjit öz goýnunda gadymy Gürgenjiň genji-hazynasyny gizlemek bilen, haýyrly işi ýerine ýetirendir? Rowatlaryň birinde haçan-da duşmanyň goşunlary şähere gelenlerinde, alymlar ilki bilen kitaphananyň baý ýygyndysyny alyp gitmegi we gizlemegi haýyş edipdirler. Haçan-da kitaplar bilen ýüklenen kerwenler şäherden çykjak bolanlarynda minaranyň ýokarsynda oturan gözegçiler şäheriň duşmanlar tarapyndan gabatlalandygyny habar berýärler. Minaranyň kölegesi ýykylan ýerzeminli binanyň işigine düşüpdir. Kitaplary bu harabaçylykda gizlemeli diýlen karara gelinýär. Şeýle hem edipdirler. Duşman şäheri basyp alypdyr we weýran edipdir, ilaty kowup äkidipdir. Kitaplar bolsa harabaçylykda gizlengiligine galypdyr. Minaranyň kölegesi ýylda bir sapar kitaplaryň gizlenen ýerine düşýär diýip, aýdýarlar. Ýöne onuň haçan bolup geçýändigi syrlygyna galaýar. Halk rowaýaty mümkin dogrudyr hem-de ol Gürgenjiň taryhynda heläkçilikli sahypa bilen baglanyşyklydyr – şäher 1221-nji ýylda mongol basybalyjylary tarapynda weýran edilmä sezewar boldy.

Wagt geçýär, döwürler biri-birini çalşyp gidip otyr, Gutlug Timur minarasy bolsa mundan ýüzlerçe ýyldakysy ýaly, gök asmana uzaýar. Ol biziň gadymy topragymyzyň beýikligini we türkmen ussalarynyň zehinini beýan edip, gözlegçileriňi bilesigeliji düşünjelerini ynjalayksyzlandyrýar. Biziň topragymyzyň baý taryhy we ajaýyp ruhy we monumental gymmatlyklaryny öz gözleri bilen görmek we ýakyndan tanyşmak üçin gündogar binagärçilik sungatyny söýýänleriň we syýahatçylaryň köp sanlysy bu ýere gelýärler.

Asman bilen baglanyşdyryjy

Gutlug Timur minarasyndan gündogar-günortarakda Ürgenjiň iň gadymy ýadygärlikleriniň biri bolan – XII asyr bilen senelenýän Tekeşiň kümmeti ýerleşýär.


Örän uly we owadan kümmet (binanyň ölçegi 18,5х18,5 м; diwarynyň galyňlygy 3,7 м; gümmeziniň diametri – 11 м; beýikligi ýerden gümmeziň içki beýikligine çenli 18.5м) hökümdaryň dini gelip çykyşyny alamatlandyryp, şäheriň üstünde seleňläp görünýär. Mawy maýolikli plitkajyklar bilen örtülen konus şekilli gümmez bolsa, dünýeden öteniň ruhuna başga dünýä geçmäge kömek bermek bilen, türk dilli aristokratiýanyň ruhy garaýşynda asman bilen (Taňry) arabaglanyşygy beýan edýär. Tekeşiň kümmeti binagärlik ajaýyplygy nukdaý nazaryndan Merkezi Aziýa mahsus bolan we başga hiç ýerde duş gelmeýän portal-hüjrepisint kompozisiýa bolup durýar.

Halk arasynda kümmet şeýh Şarapbbabanyň mazary diýip atlandyrylýar. Bu kanunçy we wagyz-nesihat ediji horezmli bolupdyr, Ürgençde ýaşapdyr we Ärsarybaba üçin1313-nji ýylda ýazylan “Muridlere ýarançy” atly kitabyň awtory hökmünde meşhur bolupdyr. Halk rowaýatyna görä şeýha bolan ýokary hormat hökmünde halk mazar gurupdyrlar. Haçan-da binany (kümmeti) şeýhe görkezenlerinde ol gurluşykçylary öwüpdir we : “Meniň ýaly allanyň ejiz guluna “munuň ýaly binada jaýlanmak örän salykatly däl” diýip aýdypdyr. Ýöne ol kümmetiň daşynda jaýlanmagyna razy bolupdyr. Şeýh dünýeden ötenden soňra, onuň tabşyrygy boýunça, ol binanyň daşynda jaýlanypdyr.

Taryhy sene ýazgylarynda, hususan-da, Täjetdin ibn Anjabi ibn as-Sai “Sene ýazgylarynyň we ömür beýanlarynyň gysgaça ýygyndysy” atly kitabynda: “Horezm şasy soltan Tekeş bu medresäni Horezmde (Ürgençde) gurdy. Ol ony hanifitler üçin gurdy we seljuk soltanlary bilen bäsleşip, onda kitaphahany esaslandyrdy. Ol öz tabynlykdakylara adalatly garapdyr, hanifit akymynyň kanuny öwreniş ylmynyň esaslaryny we ugurlaryny bilipdir, olar bilen meşgullanyp, jedelleri alyp barypdyr. Ol Şähristanda Remezan aýynyň 20-ne dünýäden ötýär, onuň ogly Kutteddin Muhammet bolsa onuň jesedini äkidip, Horezmde Tekeşiň medresäniň ýanynda özi üçin guran mazarynda jaýlaýar”. Muny doly tassyklamak üçin Kümmetiň dogrudan hem Tekeşiň ady bilen baglanyşykly. Şonuň üçin hem entek alymlara goşmaça gözlegleri geçirmeklerini talap edýär.


Hökümdarlaryň ýa-da şeýhleriň haýsydyr biriniň ady bilen bagly bolan Tekeşiň kümmetiniň gurluşygy ilkinji nobatada öz binagärligi bilen özüne çekýär. Ussalar binany konstruirlänlerinde esas hökmünde adaty çartagy alypdyrlar, ony uly ölçeglere çenli ulaldypdyrlar we daş görnüşini inçelik bilen işläp taýýarlapdyrlar

Ýadygärligiň esasynda – inedördül prizma, onda – 24 tagça bölünen stalaktitli tamamlanýan ýokary “gofrirlenen” binanyň gümmezini saklaýan bölekli konus şekilli gümmez. Baş girelge uly bolmadyk bölek we belent stalakitli arka bilen bölünipdir. Gümmezini saklaýan bölekleriň gapyrga görnüşleri bilen bezelmegi örän täsindir. Ol ýokarlygyna ösýän görnüşli plastika baý. Reňki hem çeperçilik taýdan manylygy berýär: panno we stalaktitler örülende ýönekeý nagyşly uly bolmadyk firuzdan edilen kerpiüjikler goýulypdyr.

Beýleki binalar ýaly, bu arhitektura ýadygärligine hem wagtyň geçmegi bilen zeper ýetipdir, ýöne onuň bezegine ýeten zeperleriň bardygyna garamazdan, ol häzir hem binaçynyň ussatlygy we çeperçilik taýdan owadanlygy bilen hemmeleri haýran galdyrýar.

Nejmeddin Kubranyň mukaddesliginiň şan-şöhraty


Häzirkizaman Köneürgenjiň çäklerinde halk arasynda Syhgabyr mazary diýlip atlandyrylýan ýer bar. Bu ýerde halky rowaýatlara görä, 1221-nji ýylda ynamy üçin sufizmiň beýik şyhy Nejmeddin Kubranyň mongol basybalyjylary tarapyndan gany dökülipdir. Köp asyrlaryň dowamynda beýik şyhyň mazarynyň göze ilmeýän ruhy çyragy bütin dünýä ýüzünden bu ýere gelýän zyýaratçylaryna hyzmat edýär.

Ahmad Omar Nejmeddin sufiýa ýoluny saýlap alypdyr we ol “kubrawiýa” sufiýa ordenini esaslandyryjy hökmünde meşhurdyr. Ony “Kubra” diýip atlandyrypdyrlar, ýagny beýikleriň beýigi, Allatagala ýakyn, Taňrynyň dosty. Alişer Nowaýy jedelde onuň bilen bäsleşip biljek ýok, ol hemişe ýeňýär manyny berýän keramatly Kubra adyny göterýär diýip ýazypdyr. Nejmeddin Kubranyň ideýalary sufizmi öwrenilmeginiň ösdürilmeginiň özboluşly tapgyry boldy we adamy kämilleşdirmek ýolunda ynsanperwer garaýyşlaryň ýokary hilli täze görnüşine eýe boldy.

Nejmeddin Kubra watanyna takmynan 40 ýaşlarynda gaýdyp gelipdir. Gürgençde ol hanaka gurupdyr, öz töweregine köp sanly okuwçylary toplapdyr. Onuň ýanyna hakykaty gözleýänler gelipdir we ol ömrüniň ahyryna çenli öz ideýalaryna we watandaşlaryna wepaly bolupdyr.


Rowaýata görä, beýik şyh, jadyly täsir edýän güýje eýe bolmak bilen, wakany öňünden aýtmaga ukyply, Gündogardan geljek we gülläp oturan ülkäni harabaçylyga öwürjek uly betbagtçylygy öňünden görüpdir. “Öz watanyňyza gaýdyp baryň, ýogsa Gündogardan başagaýlygyň ody süýşüp gelýär. Munuň ýaly betbagtçylyk heniz taryhda ýok” diýip, okuwçylaryna düşündiripdir. Olar bolsa “Halypa doga-dileg ediň, siziň doga-dilegiňizi Allatagala tarapyndan hemişe hoşamaýlyk bilen kabul edilýändigini hemmeler bilýärler” diýip, jogap beripdirler. Ýöne alym “Bu betbagtçylygy doga-dileg bilen saklap bolar ýaly däl” diýip, gynanç bilen aýdypdyr.

Şeýle hem duşmanlaryň Kubra gabalan Ürgençden çykyp gitmäge rugsat berendikleri barada çeşmelerde aýdylýar. Ýöne 76 ýaşly şyh eline gylyç alyp, Horezm şasynyň gaçyp giden söweş meýdanyna barypdyr. Çozuşlaryň birnde bu keramatly şyh duşmanlaryň baýdagyny ele alypdyr we ony elinde berk saklapdyr. Duşmanlar diňe ony öldürenlerinden soňra, onuň barmaklaryny çapyp, baýdagy alypdyrlar diýlip, Alişer Nowaýynyň bu waka baradaky ýazgylarynda aýdylýar.


Bu wakanyň bolan ýerinde şyhyň egindeşleri we ony hormatlaýanlar ilkibaşda gümmezli ýönekeý inedördül jaý gurupdyrlar. Ýöne bu gudratly adamynyň ölümden soňky şöhratynyň barha artdygyça, binagärlik toplumy hem artypdyr. Ol halk arasynda beýik şyh bilen gurban bolan adamlaryň sany boýunça hasap edilýän “360 öwülýä” diýlip atlandyrylýan gonamçylygyň merkezinde ýerleşýär. Bu ýadygärlikler toplumynda Nejmeddin Kubranyň söýgüli okuwçysy bolan Jemaljanyň gubury aýratyn orun eýeleýär.

Şyhyň özüniň simwolik kümmetiniň häzirki görnüşindäkisi XIV asyrda Gutlug Timyryň we Törebeg hanymyň dolandyran döwürlerinde gurlupdyr we örän baý görnüşde bezelipdir. Bina dört gümmezli jaýlary öz içine alýar. Rowaýata görä, şyhyň ýykylan ýerinde mazar ýerleşýär, onuň ýakynynda bolsa şyhyň kellesiniň gaçan ýerinde beýik obelisk bolupdyr. Ýöne 1950-nji ýylda mazaryň gümmeziniň ýykylmagy zerarly sütün döwülipdir.

Alymlar we gündogar grafikasynyň gadyr-gymmatyny bilýänler mazar ýadygärliginiň ýüzüniň örtüginiň çeperçilik taýdan örän owadandygyny belleýärler. Gözleýjileriň sözlerine görä, bu gündogar çeper keramikasynyň iň gowy nusgalarynyň biridir. Stilleşdirilen görnüşdäki owunjak ýazgylar orta aziýa florasynyň ösümlik nagyşlarynyň giden dünýäsini açyp görkezýär.


Çeper keramika plitalary bilen örtülen kümmetiň portaly hem uly gymmatlyga eýedir. Olaryň köpüsi ýitipdir, ýöne suls görnüşindäki arap ýazgylary we horezmiň binagärlik keramikasyna mahsus bolan gül-ösümlikler alamatlary saklanyp galypdyr

Nejmeddin Kubranyň ýaşan döwründe köp adamlar ony öz gözleri bilen görmegi we oňa baş egmegi arzuw edipdirler, bu günki gün bolsa Syhgabyr mazaryna gelýän zyýaratçylaryň sany egsilenok.

Gadymy Ürgenç sebiti: Yzmykşir galasy

Daşoguzda bir sapar bolup görenleriň ählisine hem hökmany suratda Zamakşir galasynyň galyndylaryny görkezerler. Ýerli ilatyň aýtmagyna görä, galanyň diwarlarynyň gatlarynyň arasynda adam galyndylaryny hem görmek bolýar. Ýöne bu gala bu ýerde XI-XII asyrlarda beýik alym Mahmyt az-Zamakşarynyň doglandygy we ýaşap geçendigi bilen meşhurdyr.


Galanyň harabaçylygy Türkmenistanyň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkezi bolan häzirki zaman Daşoguzyň 25 kilometr günorta-günbatarynda ýerleşýär. Ýerli ýaşaýjylar galany Yzmykşir diýip atlandyrýarlar, arap dilinde Zamakşary diýmegi aňladýar. Bu sözüň näme aňladýandygy ylmy nukdaýnazardan heniz açylanok.

Bu galanyň ady baryp antik çeşmelerinde ýatlanylýar. Orta asyr arap şahyry dünýäniň ähli obalary Zamakşar obasynyň pidasy bolsalar şat bolardylar, sebäbi ol beýik akyldar Mahmyt az -Zamakşaryny dünýä berdi. Ýerli ilatyň aytmagyna görä, gala Çingiz hanyň ogly serkerde Hulagyň Horezme eden ýörüşi wagtynda gyssagly salnypdyr. Duşmandan goranmak üçin adamlary berkitmäniň gurluşygyna gatnaşdyrypdyrlar. Galanyň beýikligi 20 metre ýetipdir. Gurluşykçylaryň “ýadadym” diýip aýdan sözi ölüme barabar bolupdyr. Sebäbi agyr işläp, güýçden gaçan adamlary çig diwaryň arasyna örüpdirler we toýun bilen doňdurypdyrlar. Şonuň üçin hem häzirki günlerde galanyň diwarlarynda bolmak bilen, ýadadym sözüni aýtmak gadagan diýip, ýerli ýaşaýjylar duýdurýarlar.


Taryhy maglumatlara salgylanalyň. 1219-njy ýylda mongol goşunlary Horezme çozupdyrlar. Hüjümiň nähili bolup geçipdir, doly belli däl. Ýöne galanyň diňli we gözegçilik edilýän nokatly diwarlarynyň saklanyp galan böleklerini synganyňda, galanyň goragçylarynyň gündüz gyzyl matanyň, gijesine bolsa ýanyp duran alawyň kömegi bilen ýakynda ýerleşýän obalaryň ýaşaýjylaryny duşman goşunynyň golaýlap gelýändigini duýdurypdyrlar.

Gahrymançylykly geçmişiň saklanyp galan syrlary, beýik alym Mahmyt az –Zamakşarynyň watany hökmünde Yzmykşir galasyna halkyň arasynda uly hormat goýulýar. Onuň ady Ibn Sina, Al horezmi, Al Biruny ýaly orta asyrlaryň beýik akyldarlarynyň ady bilen bir hatarda goýulýar.


Mahmyt az –Zamakşary çagalykdan ylyma uly gyzyklanma bildiripdir. Ol Buharanyň we Ürgenjiň medreselerinde okapdyr. Ol öz töweregine iň gowy alym akyldarlary toplan Horezm şasy Anuşteginiň gullugynda bolupdyr. Zamakşary diňe bir ylym bilen meşgullanman, eýsem goşgy hem düzüpdir. Ony köplenç möhüm döwlet meseleleri çözülýän uly maslahatlara çagyrypdyrlar. Hatda ony “Horezmiň buýsanjy” diýen manyny berýän Fahral-Horezm diýip atlandyrypdyrlar. Ýöne Zamakşary 40 ýaşynda güýçli syrkawlapdyr hem-de eger-de sagalaýsa Horezm şasyna gulluk etmejekdigi, diňe mugallymçylyk we ylym bilen meşgullanjakdygy barada ant içipdir. Alym öz sözünde durupdyr we Arabystana ugrapdyr. Ol ýolugra meşhur alymlar bilen duşuşypdyr, nirede mugallymçylyk eden bolsa şol ýerde hem uly abraýa eýe bolupdyr. Zehini, ýokary sowatlylygy we ylymda gazananlary çin oňa Al-Allama diýen hormatly ady beripdirler. Eýýubidleriň patyşasy Mazaffareddin al-Mälik al-ŞarafyI kim onuň eserlerini ýatdan bilse oňa bäş müň kümüş pullary sowgat beripdir. Bu günki gün Zamakşarynyň eserleri Türkiýäniň Ýewropanyň ýurtlarynyň mekdeplerinde we ýokary okuw mekdeplerinde öwrenilýär.


Alym 1144-nji ýylda Ürgençde bu dünýeden ötüpdir. Ýerli ilatyň aýtmagyna görä onuň gubury Yzmykşir galasynyň gündogarynda ýerleşýär. 2004-nji ýylda Türkmenistanda onuň alty jiltlik eserleri “Mukaddesleriň bahary” ady bilen çap edildi.

Irina IMAMKULYÝEWA,
fotosuraty Ýuriý ŞKURINIŇKI