24 Mart 2017, 05:01



Türkmenabatly ýaşajyk zehinler halkara internet-olimpiýadasynlarynda ýeňiş gazandylar

14.12.2016

6-11-nji synp okuwçylary Sankt –Peterburgyň diplomdan soňky bilim akademiýasynyň fizika-matematika kafedrasynyň, „Nord Education” (Finlandiýanyň Espoo şäheri) we „MetaMekdep. Maglumatlar tehnologiýalary“ ( Sankt-Peterburg şäheri) kompaniýalarynyň guran internet-olimpiýadalarynda ýörite diplomlaryň 38-ne mynasyp boldular.

Lebaply okuwçylar „Info-sapak“ taslama olimpiadasynda geografiýa, informatika, fizika we biologiýa boýunça iň gowy netijeleriň birini görkezip, ýörite diplomlaryň bäşisini eýelediler. Olar Açyk matematika olimpiýadasynda çykyş edenlerinde bolsa, mundan öýki görkezen netijelerinden üç diplom artyk eýelediler. „Intolimp“ taslama internet-olimpiýadasynda hem ýeňiş gazanyp, ýene-de 25 diploma mynasyp boldular.

Ýaşajyk türkmen zehinleriniň abraýly aň-düşünje bäsleşiginde gazanan ýeňşi olimpiýadalaryň guramaçylarynyň gutlag dessinhatlary we hormat diplomlary bilen tassyklanyldy.

Internet-olimpiýadalaryň şertine görä, diplom oňa gatnaşanlara berilýän iň ýokary bahadyr. Mümkin bolan ýedi balldan bäş we ondan ýokary ball gazananlar ýeňiji hasaplanylýar. Bir-dört ball alanlara hormat sertifikaty berilýär.

Wiktoriýa NOWIKOWA