23 Maý 2017, 23:47



Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ikinji ýyl talyby Selbi Myradowa rus dili boýunça II Bütinrussiýa olimpiýadasynda ýeňiş gazandy

16.12.2016

Halkara gatnaşyklary boýunça geljekki hünärmen iň ýokary netije üçin berilýän 1-nji derejeli diploma mynasyp boldy.

Internet-bäsleşigi Russiýanyň „Olimpiadalar dünýäsi“ portaly gurnady. Iternet arkaly gurnalan nobatdaky bilim estafetasy şu ýylyň 6-njy noýabrynda başlandy, ol 28-nji dekabrda tamamlanar.


Selbi Myradowany okuwyň birinji ýarynyň aralyk netijelerine bagyşlanan institut boýunça ýygnakda halkara bäsleşikde gazanan ýeňşi bilen gutladylar. Bu ýokary mekdebiň mugallymlarynyň aýtmagyna görä, talyplar halkara internet olimpiýadalara ýygy-ýygydan gatnaşyp, dünýäniň beýleki döwletlerinden deň-duşlary bilen mynasyp bäsleşýärler.

Wiktoriýa NOWIKOWA,
surata düşüren Gara ŞYHLYÝEW