23 Ýanwar 2017, 05:21



Türkmenistan — BMG: ekologiýa ulgamyndaky gatnaşyklar ösdürilýär

23.12.2016

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalyk bileleşikleriniň howa ýagdaýy bilen baglanyşykly durnukly ykdysady işjeňligine goldaw bermek” taslamasy boýunça iki günlük okuw maslahaty boldy. Ony ýurdumyzyň Daşky gurşawy we ýer serişdelerini goramak baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilelikde gurady. Okuw maslahatynyň işine ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, maliýe-karz kärhanalarynyň wekilleri, Mejlisiň deputatlary, abraýly halkara guramalaryň bilermenleri we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalar babatda daşary ýurtlaryň ylmy geňeşçileri gatnaşdylar.

Umumy mejlislerde howanyň üýtgemegine uýgunlaşan oba hojalyk hem-de azyk düzümlerini döretmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň gazanýan üstünlikleri we maýa goýum mümkinçilikleri bellenildi. Çykyşlar bu ýerde oturdylan ekranlarda görkezilen we önümçilik ulgamynyň ähli bölümlerine täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmagyň binýadynda ösümlikçilikde, maldarçylykda, suw hojalygynda, gaýtadan işleýän pudakda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň netijeleri barada gürrüň berýän görnüşler bilen utgaşdyryldy.

Ýerleriň suwaryş ýagdaýyny gowulandyrmak, tohumçylyk we seçgi işini kämilleşdirmek, tohumçylygy ösdürmek, weterinar gullugy gowulandyrmak, oba hojalyk önümleriniň gaýtadan işlenilişiniň hilini hem-de derejesini ýokarlandyrmak, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlaryny hem-de tehnikalaryny ulanmak arkaly häzirki zaman düzümini döretmek, pudagyň ylmy kuwwatlyklaryny ýokary hünärli işgärler bilen üpjün etmek arkaly berkitmek bilen, oňyn netijeleriň gazanylandygy bellenildi. Bu pudaklar ýurdumyzyň oba hojalygynda möhüm maýa goýum ugurlary bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalygyny özgertmek boýunça alyp barýan syýasatynda durmuş ulgamyna aýratyn ähmiýet berilýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet goldawynyň berilmegi, olaryň ýeňillikli karzlar arkaly ähli salgytlardan boşadylmagy, önümleriň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, ýere, suwa, tohuma, döküne, meýdanlarda alnyp barylýan tehniki işlere we beýleki hyzmatlara ujypsyz tölegiň bellenilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Okuw maslahatynda ekologiýa we energiýa babatda BMG ÖM-niň alyp barýan işi beýan edildi. Bu guramanyň daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi we suw hem-de ýer serişdelerini dolandyrmak babatda türkmen hyzmatdaşlarynyň işläp taýýarlaýan we ýerine ýetirýän taslamalary barada aýdyldy. Olaryň hatarynda “Türkmenistanyň ýaşaýyş jaýlarynda energiýanyň netijeliligini gowulandyrmak”, “Türkmenistanda suw hojalygyny durnukly dolandyrmak üçin gaýtadan dikeldilýän energiýany netijeli peýdalanmak”, “Türkmenistanda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly töwekgelçiliklere seslenmek” hem-de şu maslahatda badalga alan “Türkmenistanyň gurak ýerlerinde oba hojalyk bileleşiginiň howanyň ýagdaýy bilen bagly durnukly işjeňligine goldaw bermek” ýaly taslamalar bar. “Ýer hem-de suw tygşytlaýjy ulgamy we tejribäni ilerletmek”, “Durnukly şäherler”, “Gaýtadan dikeldilýän energiýany we beýleki uly geljegi bolan taslamalary ösdürmek” ýaly taslamalaryň işlenip taýýarlanylýandygy hem-de ylalaşylýandygy barada aýdyldy.

“Türkmenistanyň gurak ýerlerinde oba hojalyk bileleşiginiň howanyň ýagdaýy bilen bagly durnukly işjeňligine goldaw bermek” taslamasynyň tanyşdyryşy hem-de 2017-nji ýyl üçin meýilleşdirilen çäreler okuw maslahatynyň gün tertibiniň esasyny düzdi. Tanyşdyryş çäresiniň barşynda Türkmenistanyň çäginde howanyň üýtgemeginiň ugurlaryna seljerme geçirildi.

Taslamalary ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda demografiýa, ilatyň iş bilen üpjünçiligi, ýurdumyzyň oba ýerlerindäki ýer we suw serişdeleri boýunça statistiki maglumatlara garaldy. 2020-nji ýyla çenli döwri öz içine alýan taslamanyň durmuşa geçirilmegi taslamany amala aşyrmak üçin seçilip alnan Lebap welaýatynyň Galkynyş hem-de Daşoguz welaýatynyň Görogly etraplarynyň ilatynyň howanyň üýtgeýiş şertlerine bolan uýgunlaşmak mümkinçiliklerini artdyrmak we onuň töwekgelçiligini azaltmak boýunça çäreler göz öňünde tutulýar. Uýgunlaşdyryş çäreleriniň tutuş toplumynyň durmuşa geçirilmeginiň taslama üçin seçilip alnan hojalyklarda suwy peýdalanmagyň we oba hojalyk önümçiliginiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna mynasyp goşant bolar.

Okuw maslahatynda howa bilen baglanyşykly taslamany tutuşlygyna we onuň birinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça 2017-nji ýyl üçin bellenilen işleriň deslapky meýilnamasyny ýerine ýetirmek babatdaky çäreleriň ýol kartasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Toplanylan tejribe degişli milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça başlangyçlary we teklipleri işläp taýýarlamak üçin oňyn esas bolup durýar. Öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmak boýunça ýerli ekoulgam hyzmatlaryna baha bermäge niýetlenen guraly işläp taýýarlamak meýilleşdirildi.

Taslamanyň çäklerinde beýleki birnäçe çäreleriň hatarynda ýurdumyzyň degişli kartalaryny işläp taýýarlamak, ýer we suw serişdelerindäki howanyň täsiri astynda ýüze çykýan üýtgemeleri nazara almak bilen, agroekologiýa zolaklary kesgitlemek çäresi bar. Durmuş-ykdysady taýdan möhümdigini nazara almak bilen, BMG-niň okuw maslahatyna gatnaşyjylar tarapyndan ol goldanyldy. Ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda Taslama Geňeşi tarapyndan döredilen taslamanyň dolandyryş ulgamy işe girizildi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi