23 Ýanwar 2017, 05:17



Türkmenistan AHEHG-na ýolbaşçylyk eder

28.12.2016

2017-2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna ýolbaşçylyk etmegiň ygtyýarlyklary rotasiýa esasynda Özbegistan Respublikasyndan Türkmenistana geçer. Şol döwürde biziň ýurdumyz bilelikdäki işleri utgaşdyrar we Aral deňziniň ekologiýa we suw hojalyk meseleleri bilen baglanşykly meseleleriň ähli ugurlary boýunça özara ylalaşylýan çözgütleriň kabul edilmegi üçin şertler döreder. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen ýurdumyzyň AHEHG-na ýolbaşçylyk etmeginiň meseleleri boýunça iş topary döredildi we onuň düzümi tassklanyldy.

Geçen asyryň ikinji ýarymynda Aral deňziniň sebitinde täze ýerleri özleşdirmek boýunça iri möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagynyň netijesinde suwarylýan ýerleriň çägi we deňizden alynýan suwlaryň möçberi artdy. Netijede deňiz derejesi 2002-nji ýyla çenli 20 metr pese düşdi, suwy bolsa üç esse azaldy. Ilat sanynyň köpelmegi, Aral sebitinde iri gidrotehniki we suwaryş binalarynyň gurulmagy onuň guramagyna getirdi.


Ekologik krizisi ýeňip geçmek we Aral sebitinde durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak maksady bilen 1993-nji ýylda Araly halas etmegiň Halkara gaznasy döredildi. Türkmenistan, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyzystan Respublikasy, Täjigistan Respublikasy we Özbegistan Respublikasy onuň döredijileri boldular. Häzirki wagtda sebitiň ýurtlarynyň ählisinde AHEHG-nyň Ýerine komitetiniň öz şahamçalary bar. Gaznada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Suw hojalyk işlerini utgaşdyryjy Döwletara iş topary (DHIUIT) we Durnukly ösüş boýunça Döwletara iş topary (DÖBDIT) ýaly özara hereketiň gurallary döredildi.

Daşky gurşawyň we durnukly ösüşiň meseleleri boýunça işleri umumy utgaşdyrmak we sebit hyzmatdaşlygyny dolandyrmak meseleleri DÖBDIT-iň wezipesidir, oňa 2015-2016-njy ýyllarda biziň ýurdumyz ýolbaşçylyk etdi.

- Türkmenistan AHEHG-nyň howandarlygynda sebitde döwletara özara hereketi işjeň amala aşyrýar, onuň çäklerinde daşky gurşawy goramak babatda hukuk resminamalarynň birnäçesine gol çekildi, -diýip, DÖBDIT-iň Sekretariatynyň ýolbaşçysy Batyr Mämmedow gürrüň berýär.—AHEHG Aral deňziniň sebit Maksatnamasyny (ADSM) taýýarlamak we durmuşa geçirmek üçin serişdeleri çekmekde ähmiýetli guramadyr, ADSM-3-iň ozalky maksatnamasy 2011-2015-nji ýyllara niýetlenilip, esasy ugurlaryň dördüsini: suw serişdelerini integrirlenip dolandyrmak, ekologiýa, durmuş-ykdysady, şeýle hem institusial-hukuk gurallaryny kämilleşdirmek meselelerini öz içine alýar. Indi DHIUIT-iň, DÖBDIT-iň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli bilermenleri tarapyndan halkara guramalary bilen bilelikde täze maksatnamany işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Maksatnama Aral deňziniň sebtinde ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmagy maksat edinýär.


DÖBDIT tarapyndan işlenilip taýýarlanylan we 2003-nji ýylda AHEHG-nyň edarasy tarapyndan tassyklanylan Daşky gurşawy goramak boýunça sebit meýilnamasy AHEHG-nyň ekologiýa babatdaky işi boldy. Howanyň hapalanmagy, galyndylar, çölleşmek, dag ekoulgamynyň weýran bolmagy, serhetüsti suwlar we beýlekiler onuň ileri tutýan ugurlarydyr.

Häzirki wagtda howanyň üýtgemegi ýaly ählumumy ekologik wehimler peýda boldy. 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüşiň täze maksatlary tassyklanyldy we howanyň üýtgemegi barada BMG-nyň Çarçuwaly konwensiýasyny durmuşa geçirmek jähtinden klimat boýunça Pariž ylalaşygynyň çäklerinde borçlar kabul edildi, hemme ýerde „ýaşyl“ ykdysadyýet ýörelgeleri ornaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda Daşky gurşawy goramak boýunça sebit maksatnamasyna täzeden garamak we ony täzelemek üçin hemaýatkär guramalar bilen işe başlamak göz öňünde tutulýar.

Garaşylşy ýaly, ýakyn döwürde AHEHG-nyň işiniň möhüm meseleleriniň biri hem sebitiň ýurtlarynyň bähbitleri göz öňünde tutulyp, maliýe-hukuk guralyny kämilleşdirmekdir, munuň özi sebit derejesinde ylalaşykly çözgütleri kabul etmäge, şeýle hem BMG-nyň howandarlygynda Ählumumy suw strategiýasyny işläp taýýarlamaga ýardam eder. Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Daşky gurawy goramak babatda çarçuwaly konwensiýany (Aşgabat konwensiýasyny) hem ýatlamak gerek, ol BMG-nyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) goldamagynda 2006-njy ýylda işlenilip taýýarlanylypdy. Konwensiýanyň tassyklanylmagy Ählumumy durnukly ösüşiň maksatlaryndan gelip çykýan hyzmatdaşlygy mundan beýlägem ösdürmegiň gelejegini kesgitlemäge ýardam eder.


Suw serişdelerinden toplumlaýyn peýdalanmak we daşky gurşawy goramak, ekologik krizisiň we adamyň hojalyk işiniň tebigata ýaramaz täsirini azaltmak, aral sebitiniň bioligik baýlygyny saklap galmak gaznanyň birinji derejeli wezipeleridir. Gazna ýolbaşçylyk edýän ýurduň wezipesi Aral deňziniň sebitinde durmuş-ykdysady we ekologik ýagdaýy gowulandyrmak we onuň tebigy serişdelerini durnukly peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işleriň hemmesini utgaşdyrmakdyr. Gürrüň hususan-da, ADSM-y işläp taýýarlamak, suw serişdelerinden toplumlaýyn peýdalanmak boýunça sebit maksatnamalaryny we taslamalaryny goldamak, AHEHG-nyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, maglumatlary alyşmak barada gidýär. Şeýle hem Türkmenistanyň AHEHG-a başlyklyk edýän döwründe utgaşdyryjy işi iri halkara guramalary, ozaly bilen BMG, ekologiýa we durnukly ösüş babatda onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri we edaralary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybarat bolar.


Türkmenistan garaşsyzlygyny gazanany bäri umumy kabul edilen halkara hukugynyň, şol sanda suw serişdelerinden toplumlaýyn peýdalanmak we daşky gurşawy goramak babatda halkara hukugynyň kadalaryna eýerip gelýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň ekologiýa, howanyň üýtgemegi we suw syýasaty babatdaky köp sanly başlangyçlary-da muňa şaýatlyk edýär. Olaryň biri hem BMG bilen bilelikde Aşgabatda howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkeziniň açylmagydyr. Ol Merkezi Aiýada we Hazar sebitinde howa babatda täze tehnologiýalarda we strategiýalarda tehniki hyzmatdaşlygy höweslendirmäge ýardam etmelidir. Soňky ýyllarda Türkmenistan iri ekologik forumlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. 2008, 2010 we 2011-nji ýyllarda Aşgabatda howanyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebit duşuşyklary, 2012-nji ýylda „Awaza“ Milli syýahatçylyk merkezinde Hazar ekologiýa forumy, 2013-nji ýylda Daşoguzda “Aralyň ekologiýasy: durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygy“, 2014-nji ýylda türkmen paýtagtynda Hazar deňziniň serişdelerini goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň Taraplarynyň Konferensiýasynyň (Tähran konwensiýasynyň) 5-nji sessiýasy, 2015 we 2016-njy ýyllarda DÖBDIT-iň mejlisleri we beýleki çäreler geçirildi.

Zeminiň iň wajyp baýlyklarynyň biri bolan suw serişdeleri ykdysady we durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biridir. Ekologiýa howpsuzlygy, amatly arassacylyk we keselleriň ýaýramagynyň öňüni alyş çäreleriniň ygtybarlylygy we sebitiň durmuş-ykdysady meseleleriniň birnäçesi halkara hukugynyň ýörelgeleriniň esasynda suw serişdelerinden ylalaşykly we rejeli peýdalanylmagyna baglydyr.

Ýelena DOLGOWA