Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Garabogazsulfat» önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Oraznepesowiç Nurnepesowyň maksatnamasy

Meni Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hökmünde hödürländigi üçin raýatlaryň teklipçi toparyna köp sagbolsun aýdýaryn we olara işlerinde üstünlikler gazanmaklaryny arzuw edýärin.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda çuň özgertmeler amala aşyrylýar we welaýatlarda, etrapdyr şäherlerde, obalarda ösüş maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, döwlet gurluşy, hukuk ulgamy we saýlaw ulgamy hem umumy kabul edilen halkara kadalaryna laýyklykda kämilleşdirilýär.

Eger-de, Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanylsam, men türkmen halky üçin il-ýurt bähbitli şu işleriň amala aşyrylmagyny gazanaryn.

Türkmenistany senagat taýdan ösen döwletleriň birine öwürmek maksady bilen, pudaklaýyn senagat desgalaryň, zawod-fabrikleriň gurluşygyny dowam etdireris.

Türkmenistanyň oba hojalygyny ösdürmek bilen bagly işleriň uly toplumyny amala aşyrarys. Hususan-da, gowaçanyň tiz ýetişýän, bol hasyl berýän, inçe süýümli, dünýä bazarynda ýokary bahalandyrylýan täze sortlaryny oýlap tapmak maksady bilen seçgiçilik işlerini dowam ederis. Şeýle hem bugdaý ekilýän meýdanlary has-da giňeldip, onuň hasylynyň daşary ýurtlara eksport edilmegini artdyrarys.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny dörederis, döwlet tarapyndan daýhan birleşiklerini, kärendeçileri, şeýle hem obasenagat toplumynyň ähli üpjünçilik edaralarynyň tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyny we döwrebaplaşdyrylmagyny goldamagy dowam etdireris, hususy telekeçileriň başlangyçlaryny mundan beýläk-de höweslendireris.

Ýer we suw serişdelerini netijeli ulanmagyň täze usullaryny özleşdireris, şalynyň, künjiniň we beýleki ekinleriň ekin meýdanlaryny giňelderis. Gök ekinleriň we bakjanyň, miweli agaçlaryň hasyllylygyny artdyryp, Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini ösdürmäge ýagdaý dörederis.

Milli ykdysadyýetiň ösüş depgini maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşine hem baglydyr, şunuň bilen baglylykda, muňa aýratyn üns bereris.

Ýurduň nebitgaz känlerini netijeli özleşdirip, olaryň daşary ýurtlara iberilişiniň möçberlerini artdyrarys. Şol bir wagtyň özünde-de ýangyç-energetika ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça işleri, şol sanda önümçiligiň köp görnüşliligini üpjün etmegiň hasabyna dowam ederis.

Himiýa senagatynyň ösdürilmegine aýratyn üns bermegi göz öňünde tutýarys. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze zawodlar toplumlarynyň gurlup ulanmaga berilmegini we öň bar bolanlarynyň hem durkunyň täzelenilmegini üpjün ederis.

Oba hojalygyny mineral dökünler bilen üpjün etmek bilen baglanyşykly yzygiderli işleri dowam ederis. Şol bir wagtyň özünde-de gurulýan himiýa kärhanalary üçin hünärmenleri taýýarlamagy guramak boýunça zerur işleri alyp bararys.

Türkmenistanda tebigy gazyň uly ätiýaçlyklarynyň bolmagy azotly dökünleriň, hususan-da, karbamid önümçiliginiň täze kuwwatlyklarynyňi işe girizilmegini talap edýär. Şuny nazarda tutup, ýurdumyzda ammiak-karbamid önümçiliginiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet bereris.

Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde möhüm ähmiýetli täze uly himiýa kärhanasy bolan kuwwaty ýylda 1155 müň tonna karbamid öndürmäge niýetlenen “Garabogazkarbamid” himiýa zawodynyň gurluşygyna aýratyn ähmiýet bereris. Bu kärhananyň öndürjek önümlerini dolulygyna eksporta gönükdireris.

Ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň depginlerini artdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň çykarylyşyny artdyrmak boýunça meýilnamalary üstünlikli amala aşyrarys.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan möhüm desgalaryň biri bolan, Türkmenabatdaky himiýa zawodynda öndürijilik kuwwaty ýylda 500 müň tonna barabar bolan kükürt kislotasyny öndürmäge niýetlenen täze desganyň gurluşygy hem güýçli depginler bilen dowam etdiriler.

Täze senagat toplumlaryny ulanmaga bermegiň hasabyna biz azotly dökünleriň önümçiligini has-da artdyrarys. Garlyk, Garabil we Týubegetan känleriniň çig mal binýadynda kaliý dökünleriniň dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan önümçiligini ýola goýmak boýunça hem işler çaltlandyrylar.

Türkmenistan gidromineral çig-mal baýlyklarynyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki wagtda olaryň esasynda dürli mineral duzlar, ýod we beýleki önümler öndürilýär. Bu ulgamyň ösdürilmegi milli ykdysadyýeti ösdürmekde uly orun tutar.

Dünýäde natriý sulfatynyň we beýleki peýdaly minerallaryň iň iri gorlarynyň biri bolan Garabogazköl aýlagynyň senagat önümçiliginiň ösüşini üns merkezimizde saklarys. Mundan başga-da, aýlagyň mineral baýlyklary gutarnyksyz çig-mal baýlygy bolup, magniý, natriý duzlarynyň çeşmesidir.

Häzirki wagtda “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginde dürli önümler, hususan-da, kükürt turşy natriý (sulfat natriý) hem-de kükürt turşy magniý (epsomit), şeýle hem hlorly magniý (bişofit) öndürilýär. Türkmenistanyň himiýa pudagynyň maksatnamasynda Garabogazköl aýlagynyň gidromineral baýlyklaryny toplumlaýyn özleşdirmek arkaly bu önümleriň önümçilik möçberlerini artdyrmagy göz öňünde tutýarys.

Ýody we bromy öndürmek üçin nebit we gaz ýataklarynyň ugurdaş suwlaryny hem ulanyp bolýar, sebäbi bu suwlaryň himiki düzümi hem ýodly-bromly suwlaryňky ýalydyr. Şeýle hem ýoduň we bromyň organiki we organiki däl önümlerini öndürmegi guramagyň geljegi uludyr.

Häzirki wagtda himiýa senagaty milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda hereket edýän himiýa kärhanalarynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň täze, ýokary öndürijilikli tilsimat enjamlary ornaşdyrylyp, daşary ýurt bazarlarynda ýokary isleg bilen alynýan dürli görnüşli önümleriň önümçiligi ýola goýuldy. Birnäçe täze zawodlar gurlup, ulanmaga berildi we olar milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şeýle hem Balkan welaýatynda kaustik sodasyny, hlory we hlor önümlerini öndürýän zawodyň gurulmagyny ýerlikli hasap edýäris.

Ýurdumyzda elýeterli tebigy gazyň we elektrik energiýasynyň bolmagy, bu önümleri içerki bazar we eksport üçin öndürmek ykdysady taýdan bähbitlidir. Türkmenistanyň ulag düzümlerini ösdürmek we ony halkara ýük daşamak ulgamyna birikdirmek boýunça alnyp barylýan syýasat uly möçberdäki himiýa önümleriniň eksportyna degerli ýardam berer.

Her bir raýat hakynda alada dowletimiziň baş aladasydyr, "Dowlet adam üçindir!" diýen baş ýörelgäniň hakyky mazmuny hem şundan ybaratdyr. Döwletimiziň her bir raýaty hem bu alada jogap edip, Watanymyzyň rowaçlanmagyna öz mynasyp goşandyny goşmalydyr. Halkymyzyň abadan durmuşy, döwletimiziň kuwwatynyň berkemegi, onuň abraýynyň dünýäde mundan beýläk hem artmagy ugrunda yhlasly we tutanýerli zähmet çekmegimiz gerek.

Türkmenistan döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda uly üstünlikler gazanylýar we durmuş taýdan ösüş, ruhy hem-de medeni galkynyş ýoly bilen belent sepgitlere tarap ynamly gadam basylýar. Häzirki we geljekki nesillere bagtyýar durmuş üpjün edilýär.

Öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini ep-esli artdyrarys. Täze ýokary woltly elektrik geçirijileriniň we kiçi beketleriň gurluşygyna, elektrik energiýasyny paýlaýyş ulgamyny ösdürmeklige, şäherleriň we obalaryň yşyklandyryş we ýaşaýyş jaýlaryny elektrik energiýasy bilen üpjün ediş ulgamlarynyň hem durky täzelenilmegine aýratyn ähmiýet bereris. Munuň özi ýurdumyzyň elektrik energiýasy bilen üpjünçilik meselesiniň doly çözülmegine mümkinçilik berer. Şeýle hem ýurdumyzyň netijeli halkara hyzmatdaşlygyna, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkemegine, özara ynanyşmagyň derejesiniň ýokarlanmagyna hyzmat eder. Bu bolsa Türkmenistanyň halkara arenasyndaky energetika syýasatynyň özenini kesgitlär.

Ýurdumyzda mikro we makroykdysady amallaryň ylmy esasda dolandyrylmagyny ýola goýmak arkaly strategik meýilnamalaşdyryşyň bitewi we çeýe ulgamyny dörederis. Maliýe ulgamyny, pul-karz, salgyt-býujet we baha syýasatyny kämilleşdireris, milli puluň hümmetini has-da ýokarlandyrarys.

Bank işini has-da kämilleşdirmegi dowam ederis, maliýe hasabatlylygynyň halkara ülňülerini ornaşdyrarys, bank düzümlerini awtomatlaşdyrmagyň derejesini has-da ýokarlandyrarys.

Bilim we ylym ulgamynda hem giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylmagyny dowam etdireris. Ýurdumyzda ylmy we bilimi dünýä derejesine çykarmak, ýaşlarymyzyň sazlaşykly ösmegi, gözýetimleriniň giňemegi üçin ähli şertleri dörederis. Milli saglygy goraýyş ulgamynyň mundan beýläk-de özgerdilmegine aýratyn ähmiýet berip, döwrebap lukmançylyk merkezleriniň gurulmagyny, durmuşyň bu möhüm ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy üpjün ederis.

Ýokary hünär derejeli nesilleri taýýarlamak maksady bilen, biz ýokary, ýörite we orta okuw mekdeplerinde ýaşlaryň hünärleri kämil özleşdirmekleri üçin hemme şertleri döretmegi göz öňünde tutýarys. Daşary ýurtlarda bilim almaga höwesek ýaşlarymyz üçin bolsa, zerur bolan mümkinçilikler dörediler. Olaryň okuwlaryny tamamlap gelenlerinden soň, öz hünärlerine laýyk iş orunlary bilen üpjün edilmegine ýardam bereris.

Türkmenistanyň daşary syýasatynda umumy ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyklykda, biz ozalkylar ýaly, “açyk gapylar” syýasatyny, dünýäniň dürli döwletleri, aýratyn-da, goňşy döwletler bilen özara bähbitli dostlukly gatnaşyklary ösdürmek boýunça işleri alyp bararys.

Ýurdumyzy mundan beýläk hem ösdürmek, tutuş türkmen halkynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, halkara arenasynda Türkmenistanyň abraýyny artdyrmak üçin ähli güýjümi, bilimimi we tejribämi gaýgyrmajakdygyma sizi ynandyrasym gelýär.

Öňde boljak saýlawlarda beýleki dalaşgärlere üstünlikleri arzuw edýärin.

Biz Täze, 2017-nji ýyla uly ruhubelentlik bilen gadam goýdyk. Türkmenistanyň hormatly Prezidentini, ähli beýleki dalaşgärleri hem-de Türkmenistanyň agzybir halkyny Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Goý, Täze, 2017-nji ýyl üstünlikli, abadan we bereketli ýyllaryň biri bolsun!

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Nurnepesow Süleýmannepes Oraznepesowiçiň terjimehaly

1957-nji ýylyň 6-njy aprelinde Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde doguldy.

1980-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini tamamlap, inžener-mehanik hünärine eýe boldy.

1981—1988-nji ýyllarda “Balkansuwhojalyk” önümçilik birleşiginiň Suwaryş ulgamlary müdirliginiň inžener-mehanigi bolup işledi.

1988—1993-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň Demir ýolçularyň medeniýet öýüniň çeper ýolbaşçysy, 1993—2000-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň “Guwlyduz” kombinatynyň üpjünçilik inženeri bolup işledi.

2001—2012-nji ýyllarda “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň üpjünçilik bölüminiň hünärmeni, baş direktorynyň üpjünçilik boýunça orunbasary, soňra bolsa “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktoryň wezipesini ýerine ýetiriji bolup işledi.

2012-nji ýylyň fewral aýyndan bäri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory wezipesinde işleýär.

Maşgalaly, dört çagasy bar.