27 Maý 2017, 09:28



Puşkin adyndaky drama teatrynda sahnalaşdyrylan «Kinniwanjanyň başdan geçirenleri» oýny ýaşajyk aşgabatlylra täze ýyl sowgady boldy

03.01.2017

Ýaşajyk tomaşaçylar başyna kynçylyklar bary düşen Kinniwanja duýgudaşlyk bildirip, oýna gowy baha berdiler.

Oýny goýanlar Gans Hristian Anderseniň belli ertekisini birneme üýtgedip, oňa öwüt-ündew äheň beripdirler. Anderseniň ertekisinde Kinniwanja doňan Garlawaja ideg-yssywat edip, aýaga galdyrýar, olam öz gezeginde gyzjagaza Körsyçanyň ýerzemininden gaçmaga kömek edýär.


„Kinniwanjanyň başdan geçirenleri“ oýny P. Isaýkiniň täzeden işlän görnüşi boýunça sahnalaşdyrylypdyr, onda gahrymanlar kynçylyga düşen gyzjagaza kömek etmäge çalyşýanlara hem-de onuň sadalygyndan we hoşamaýlygyndan öz bähbidine peýdalanjak bolýanlara bölünýär. Ýaşajyk tomaşaçylar ýagşy we erbet gahrymanlary çalt saýgarýardylar, olar bir görseň Gurlawygyň, birem Körsyçanyň, bir-de Tomzagyň girewine düşýän Kinniwanja duýgudaşlyk bildirýärdiler.

Oýnuň saz bezegidir eşikleri-de ony has-da gyzyzkly görkezdi. Arslan Berdiýew bilen Denis Wybornow saz bezeginde nusgawy we häzirki zaman kompozitorlarynyň eserlerinden 16 bölek ulanypdyrlar.

Sahna bezeginde ulanylan wideoşekillerdir kompýuter yşyklary oýna ertekä mahsus äheň berdi.


Kinniwanjanyň keşbini Darýa Selýuminowa ýerine ýetirdi, onuň gahrymany daniýaly ertekiçiniň we jadygöý zenanyň gülden döredişi ýaly näzik we duýgulara baý. Belki, oýnuň Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň „Şelkunçik“ baletinden “Gülleriň tansy“ jadyly sazy bilen başlanmagy-da tötänlik bolmasa gerek.

Öwez Şarlyýewiň Tomzagyň keşbine yhlas baryny siňdirenine ýaşajyk tomaşaçylar mynasyp baha berdiler.

- Men bir eýýämden bäri şu ertekini sahnalaşdyrmagy arzuw edýärdim. Ol edil pikir edişim ýalam boldy-joşgunly, öwüt-ündew häsiýetli çykdy we çagalaryň göwnünden turdy. Oýny döretmäge gatnaşanlara minnetdarlyk bildiýärin—diýip, oýny goýan režissýor Arslan Berdiýew aýtdy.

Tamara GLAZUNOWA,
surata düşüren Dmitriý GORŞKOW