Aziada — 2017-niň keşbi: parahatçylyga, dostluga we döredijilige çagyryş

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze ýyldaky birinji mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi keşbini we tumaryny tassyklady. Aziada — 2017-niň dürli keşpler toplumynyň üsti ýurdumyzyň milli hem-de etnografiki özboluşlylygyny, medeni-taryhy aýratynlyklaryny, onuň tebigat dünýäsini we halk däp-dessurlaryny görkezýän çuň manyly alamatlar bilen ýetirildi.

Biziň resmi keşbimiz beýleki şeýle nyşanlardan esasy tapawudy ony häzirki zaman sungat galereýasyna mynasyp sungat eseri diýip atlandyryp bolýandygyndan ybaratdyr. Onuň çeperçilik aýratynlyklary, özboluşly stilistikasy many-mazmunyň baýlygy, täsin şygryýet we şol bir wagtyň özünde ähli adamlara, hatda çagalara hem düşnükli bolan örän aýdyň we ýönekeý keşpler bilen utgaşýar.

Milli zergärçilik bezeginiň biraz üýtgedilen görnüşindäki bu nyşan hatda kämilligiň ykrar edilen kadalarynyň hem wagtyň geçmegi bilen üýtgeýändigini görkezýär, diňe hereketde, ösüşde we täzelenişde durmuş dowam edýär.


Tutuş suratda ýaşaýşyň ýagty alamaty duýulýar, onda eýýamlar, ýylyň dürli pasyllary we türkmen tebigatynyň dürli landşaftlary birleşipdir. Ine, uç-gyraksyz çölüň belent alaňlarynyň üstünden düýeleriň “kerweni” ýüzüp barýar. Birmahallar bu ýerden Beýik Ýüpek ýoly geçipdir… Dag eteginde baglar gül açýar, gür saýaly dereler bolsa bagşynyň sazyny diňleýän ýolagçylara jana şypaly sergin howany peşgeş berýär. Häzirki wagtda bu ýerde ak mermerli gözel şäher gülläp ösýär… Sahawatly jülgelerde ýyndam atlar we dowarlaryň sürüleri otlaýar, datly gawunlar hem-de üzüm bişýär, bugdaý sümmülleri hem-de gowaçanyň gozalary gözüňi dokundyrýar... Deňiz tolkunlary kenara urulýar we derýalar suw damjasyny altyn dänesi bilen deňeýän adamlara öz genji-hazynasyny peşgeş berýär.

Şu şekilde tutuş hekaýat, halkyň ykbalynyň köpöwüşginli ýyl ýazgysy şöhlelendirilýär — nagyşlarda wakalary, hadysalary, oý-pikirleri hem-de ymtylmalary doly we takyk beýan etmek ussatlygynda türkmenlere taý ýokdur. Türkmen halysynyň owadan hem-de özboluşly nagyşlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Onda rowaýatlaryň, tymsallaryň, anyk wakalaryň hem-de durmuşda duş gelýän ýagdaýlaryň ýüzlerçe müňüsi “ýazylandyr”.

Keşbiň bezeginde hem milli nagyş bezeginiň şu usuly ulanylypdyr — şunda görnüp duran şekil belli bir many-mazmuna eýe bolan şertli belgä öwrülýär. Akgynly gaýtalanyp hem-de nagşyň beýleki bölekleri bilen ornuny çalşyp, ol köpöwüşginli sazlaşyk kimin, poemanyň ýa-da dessanyň setirlerini emele getirýär. Aziadanyň keşbiniň nagyşlarynda meşhur türkmen taryhy ýadygärlikleriniň we täze ajaýyp binalaryň sudurlary, ak öýleriň, haly gölleriniň, zergärçilik sungatynyň önümleriniň şekilleri we hatda pälwanlaryň tutluşýan şekilleri hem mese-mälim görünýär.


Bir ýere jemlenen bu elementleriň ählisi surata agram salmaýar, ýöne deňagramlylygyň hem-de sazlaşygyň netijesinde oňa animasion filmiň täsirini berýär. Tomaşaçynyň nazary sýužetiň ugruny yzarlaýar. Bu sýužetiň soňlamasy, finaly ýokdur. Onuň “ugry” bolsa kem-kemden uçup barýan guşuň şekiline öwrülýär. Munuň özi biziň ýurdumyzyň täze derejä uçuşynyň, onuň beýik maksatlaryň ýolunda täze sepgitlere ýetmeginiň taryhydyr.

Türkmen halkynyň ençeme nesilleri tarapyndan toplanan tejribe, däp-dessurlar, medeni miras we ruhy gymmatlyklar ösüş we öňe gitmek üçin ygtybarly daýanç, güýç-kuwwatyň hem-de özüňe ynamyň çeşmesi bolup hyzmat edýär. Öňde täze belentlikler açyşlar we uly işler garaşýar! Bularyň ählisi özboluşlylygyň hem-de parahatçylyk söýüjiligiň jarnamasy, umumy ajaýyp geljegiň bähbidine halklaryň arasyndaky döredijilige, dostluga çagyryş hökmünde Aziadanyň keşbinde köpöwüşginli hem-de aýdyňlyk bilen beýan edilipdir.

Oýunlaryň tumary bolsa göze ýakymly hem-de şadyýan alabaý bolar. Türkmenler dogabitdi seçgiçiler bolmak bilen, ahalteke bedewiniň, türkmen alabaýynyň, awçy tazy itiniň täsin tohumlaryny ýetişdirdiler hem-de olarda iň gowy häsiýetleri kemala getirip, olary biziň günlerimize çenli üýtgewsiz görnüşde saklap galmagy, haýwanlary ösdürip ýetişdirmegiň däplerini hem ýitirmän saklamagy başardylar.

Türkmenler alabaýa mähir bilen garaýarlar. Bu gaýduwsyz itler daşyndan haýbatly görünse-de, bu tohumy ýakyndan tanaýan her bir adam onuň daşky keşbiniň aňyrsynda ýagşylygy gaýtaryp bilýän mährem ýüreginiň gizlenip ýatandygyna oňat düşünýär.

Alabaý — tumar ýörite milli lybasda ýa-da sport lybasynda şekillendirildi. Onuň adaty bolmadyk ýaşyl “reňki” bolsa ony ertekiniň gahrymany ýaly jadyly görkezýär.

Türkmen paýtagtynda Aziýa oýunlarynyň geçiriljek döwründe baýramçylyk, myhmansöýerlik, hoşniýetlilik hem-de dostluk ýagdaýyny döretmekde bu ýakymly keşbe aýratyn orun degişlidir.

Şoňa görä-de, hut alabaýyň tumar hökmünde seçilip alynmagy tötänden däldir — ol hakykatdan hem wepaly dost we goragçydyr, güýçli hem-de gaýduwsyzdyr. Onuň ýanynda hiç bir howpdan heder etmese bolar. Halkymyzda ol ýeňşe bolan erk-islegi, gaýduwsyzlygy hem-de sport hyjuwyny alamatlandyrýar. Şol bir wagtyň özünde biz ony wepadar we ynamly ýoldaş hasaplaýarys. Şu keşbi döretmekde hut ynam we dostluk ýaly duýgular esasy düşünjelere öwrüldi.

Şeýlelikde, halkara jemgyýetçiligine Aziada — 2017-niň tumary bilen tanyşlyk garaşýar, ol uly mahabat-maglumat möwsüminiň çäreleriniň badalga alýan tapgyry bilen bilelikde peýda bolar. Onuň esasy wezipesi Aşgabatda geçiriljek Oýunlara ünsi çekmekden hem-de hoşmeýilli erk-islegiň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Türkmenistanyň täze keşbini kemala getirmekden ybaratdyr.


Şol bir wagtyň özünde beýleki ulgamlarda—syýahatçylyk, medeniýet, bilim we beýleki ulgamlarda hem wagyz etmek çäreleri badalga alýar. Bu çäreler watançylyk duýgusyny ýokarlandyrmaga, bedenterbiýe – sport we meýletinçilik hereketini ösdürmäge, milli mirasyň dowamatlylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle iri çäreleriň biri hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýän 500 günlük atly ýörişdir. Bu ýöriş Aziadanyň açylýan gününde Olimpiýa şäherjiginiň baş meýdançasynda tamamlanar.

Telegepleşikler hem-de gazet makalalary arkaly hemmeler bu ýörişiň barşyna üns bilen syn edýärler. Şol ýöriş bolsa ýurdumyzyň ähli sebitleriniň ajaýyp ýerlerini öz içine alýar. Şeýlelikde, biz dünýä jemgyýetçiligine tutuş ýurdumyzy, onuň meşhur taryhy we medeni ýadygärlikleriniň, tebigatyny görkezýäris, biziň köpöwüşginli däp-dessurlarymyz bilen tanyşdyrýarys we elbetde, biziň buýsanjymyz we şöhratymyz bolan ahalteke bedewlerini görkezýäris.

Hut bedew Aziadanyň baş nyşanyna öwrüldi. Pellehana bagyny kesip geçýän atyň kellesiniň şekili Oýunlaryň resmi keşbini bezeýär. Bedew Aşgabat Aziadasynyň keşbi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş ýurdumyzyň, häzirki döwrümiziň keşbidir. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly “Aşgabat — 2017” taslamasyny durmuşa geçirmek barada uly şahsy tagallalary edýändigini nazara almak bilen, Oýunlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine ynanýarys.