Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 6-sy hasaba alyndy

Owganystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtomobil benzinini satyn aldylar. Mundan başga-da, Russiýadan, Türkiýeden, Owganystandan gelen işewürlere daşary ýurt puluna azyklyk däne, pagta süýümi, boýalan tüýjümek önümler satyldy. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 million 548 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 157 müň manatlyk azyklyk däne satyn aldylar.