Ajaýyp wakanyň hormatyna dabaraly çäreler

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hem-de Harby institutynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzümini kämilleşdirmek maksady bilen döredilen täze harby bölümlere söweşjeň baýdaklaryň gowşurylmagy mynasybetli dabara geçirildi. Şanly wakanyň hormatyna Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda söweşjeň baýdaklary alan harby bölümleriň serkerdeleri we şahsy düzümi, şeýle hem ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň serkerdeleri, esgerleri, harby talyplar we harby mekdepleriň okuwçylary ýygnandylar.

Gadymy döwürlerden bäri türkmenler Watan goragçylarynyň söweşjeň başarnyklaryna uly ähmiýet beripdirler. Häzirki eýýamda edermen we gaýduwsyz serkerdeler bolan batyrgaý ata-babalarymyzyň däpleri mynasyp dowam etdirilýär. Bu gün oňyn bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly Garaşsyz Türkmenistan döwlet Baştutanymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylan Harby doktrinanyň ähli düzgünlerine yzygiderli eýerýär, howpsuzlygy pugtalandyrmak hem-de goşunyň ýokary goranyş ukyplylygyny saklamak boýunça toplumlaýyn maksatnamany elmydama berjaý edýär. Goşun bolsa parahatçylygyň we asudalygyň, diýmek, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we onuň raýatlarynyň abadançylygynyň ygtybarly kepili bolup çykyş edýär.

Alnyp barylýan ýörelgäniň möhüm ugurlarynyň biri Ýaragly Güýçler we hukuk goraýjy edaralar üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamakdyr. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşlarynda belleýşi ýaly, ýaş hünärmenler harby sungatyň häzirki zaman bilimlerini we tejribelerini ele almalydyr, Watanynyň hakyky goragçylary bolmalydyr. Alnyp barylýan işleriň netijesinde harby gullukçylaryň hünär derejeleri ýyl-ýyldan ýokarlanýar, olaryň harby ussatlygy kämilleşýär. Muňa gury ýerde we deňizde yzygiderli esasda geçirilýän görkezme harby-taktiki okuwlar aýdyň subutnamadyr.

Ýurdumyzyň ýaş goragçylaryny terbiýelemekde köpasyrlyk taryhymyzy öwrenmäge uly ähmiýet berilýär. Şol taryhyň bütin dowamynda halkymyzyň iň oňat ogullary örän ýowuz söweşlerde deňsiz-taýsyz edermenlik, gaýduwsyzlyk hem-de ruhunyň belentligini görkezdiler. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumy her bir türkmenistanlynyň kalbynda milletimiziň şöhratly geçmişine buýsanç duýgusynyň artmagyna hyzmat edýär. Bu ýadygärlikler toplumyna Aşgabat ýertitremesiniň şehitleriniň hormatyna “Ruhy tagzym” ýadygärligi hem-de 1941—1945-nji ýyllaryň söweş meýdanlarynda we beýleki söweşlerde mähriban topragymyzda parahatçylyk we asudalyk ugrunda wepat bolanlaryň hormatyna bina edilen “Baky şöhrat” we “Milletiň ogullary” ýadygärlikleri girýär.

... Harby kasama wepalylygyň, ýurdumyza berlenliginiň hem-de türkmenistanlylaryň parahatçylykly we döredijilikli durmuşynyň goragynda durmaga taýýarlygyň nyşany hökmünde mähriban Watanymyzy goramagyň mukaddes borjy bilen öz ykbalyny baglan dabara gatnaşyjylar mukaddes tuga tagzym etdiler.

Harby gullukçylaryň çykyşlarynda döwlet Baştutanymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatyň oňaýly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýyny üpjün edendigi nygtaldy. Munuň özi häzir Watanymyzyň gülläp ösmek, sebitiň we dünýäniň ýurtlarynyň ählumumy howpsuzlygynyň hem-de durnukly ösüşiniň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýoly bilen üstünlikli öňe ilerlemeginiň aýrylmaz bölegidir.

Dabaranyň ahyrynda bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyza Ýüzlenme kabul etdiler. Onda harbylar hakyky atalyk aladasy hem-de berýän ünsi üçin Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk sözlerini beýan edip, Garaşsyz, Bitarap Watanymyza, mähriban halkymyza, onuň abadan durmuşyna mundan beýläk-de gulluk etjekdiklerine, mukaddes harby borçlaryny wepaly we abraý bilen ýerine ýetirip, goranyş häsiýetli Harby doktrinadan gelip çykýan jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözjekdiklerine ynandyrdylar.