Türkmen Döwlet gurjak teatry ýaşajyk tomaşaçylar üçin täze oýunlary sahnalaşdyrdy

«Täze ýyl sowgadyny kim paýlaýar – Aýaz babamy ýa Garpamyk?» – diýip erteki gahrymanlary baýrançylyk oýnuna gelen çagalara we olaryň ata-enelerine sowal berýärler. Oňa her kim özüçe jogap berýär. Onsoň Mährem mama ýüz tutýarlar, sebäbi ol tokaýda iň köp ýaşan, köp zat bilýän garry.



Şunuň ýaly gyzykly pursat Amangül Mämmetýazowanyň çagalar üçin ýörüte täze ýyl baýramyna niýetläp ýazan «Durmuş kitaby» ertekisinde bar. Her gün teatryň girelgesinde çagalary kaşaň bezelen arça bilen täze iki oýnuň gahrymanlary garşy alýarlar. «Durmuş kitaby» ertekisiniň gahrymanlary bilen çagalar täze ýyl arçasynyň ýanynda tanyşýarlar. Maýmyn, Tilki, Towuk, Aýaz baba we Garpamyk tans oýnap, çagalary hem dabara gatnaşmaga çagyrýarlar. Soňra Aýazbaba olary «Altyn jüýje» oýnuna tomaşa etmäge çagyrýar.

Körpeler täze ertekiniň gahrymanlarynyň başdan geçirenlerine höwes bilen tomaşa etýärler, ony Ylýas Durdyýew ýörüte täze ýyl baýramy mynasybetli ýazypdyr. Sahnadaky gar depeleriniň aňyrsynda towuk Aýaz babadan özüni ýylyň nyşany diýip yglan etmegi haýyş edýär. Dana goja onuň basyp oturan ýumurtgasyndan çykjak jüýje ýylyň nyşany bolar diýip jogap berýär... Ertekiniň kada-kanunlaryna laýyklykda, baş gahrymana hilegär tilki bilen kezzap möjek garşy durýarlar. Ahyrsoňunda ýagşylyk ýeňýär we bellenilen sagadynda-müddetinde Towuk ýyly gelýär.



Türkmen Döwlt gurjak teatrynyň artistleri her gün täze ýyl oýunlary bilen Gökderedäki çagalar-sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň öňünde-de çykyş edýärler.

Körpeler bu teatryň zehinli artistleriniň her bir çykyşyny gyzgyn garşylaýarlar.