25 Aprel 2017, 09:33



Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň sport merkezlerinde türgenleşik geçdi

10.01.2017

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz egindeşleri bilen bilelikde esasy desgalarynyň gurluşygy tamamlanan paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde ir bilen türgenleşik geçdi, şeýle hem Awtosport merkezinde sport awtoulagyny ýokary tizlikde sürmegiň ussatlygyny görkezdi.

Döwlet Baştutanymyzyň bu gezekki türgenleşikleri hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen yglan edilen Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň ilkinji günlerine gabat gelýändiginiň aýratyn manysy bar. Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň möhüm wakalarynyň birine öwrüljek halkara sport baýramçylygy bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna galan 250 günüň hasaby başlandy. Bu şanly waka halkara ýaryşlar mynasybetli yglan edilen atly ýörişiň Lebap welaýatynyň çägindäki birinji gününe gabat geldi. Ol ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap almak bilen, Aziada — 2017-niň açylyş gününde Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiň baş meýdançasynda tamamlanar.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ýokary netijeli sportuň we Olimpiýa hereketiniň mundan beýläk-de işjeň ösdürilmegine, Türkmenistanyň sport ýurdy hökmündäki halkara abraýynyň berkemegine gönükdirilen bu ägirt uly taslamanyň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzyň günorta künjegine geldi. Orta Aziýada iri Olimpiýa toplumy Halkara Olimpiýa komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň degişli talaplaryna hem-de ölçeglerine laýyk gelýän desgalaryň 30-dan gowragyny özünde jemleýär. Ýeri gelende aýtsak, olaryň köpüsi ulanmaga tabşyryldy. Bu ýerde basketbol, milli göreş, jiu-jitsu we sportuň beýleki görnüşleri boýunça halkara synag ýaryşlary geçirildi. Ýakyn wagtda bu ýerde kikboksing boýunça ýaryşlary geçirmeklik meýilleşdirildi.

Olimpiýa şäherjiginde hormatly Prezidentimizi Mejlisiň Başlygy, wise-premýerler, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar. Bu ýere ýygnananlar bilen mähirli görşüp, döwlet Baştutanymyz toplumyň sport desgalaryna bardy we ol ýerde egindeşleri bilen sportuň birnäçe görnüşleri boýunça türgenleşikleri gurady.

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary we ony wagyz ediji bolmak bilen, hormatly Prezidentimiz türkmenistanlylara, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlara şahsy görelde görkezýär hem-de adamlaryň saglygy we abadançylygy baradaky aladany döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwürdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sport — munuň özi güýjüň, sagdynlygyň, sazlaşygyň we döredijiligiň belentliklerine tarap ruhy galkynyşyň utgaşmagydyr. Yzygiderli türgenleşik adamda zähmetsöýerlik, pugta erk we maksada okgunlylyk ýaly zerur häsiýetleri kemala getirýär. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda sport ulgamyna höwesekleriň sany barha artýar we onuň jemgyýetdäki orny pugtalanýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Hormat ordeniniň, adaty Fudokan-Şotokan karate-donyň (WTFSKF) Bütindünýä federasiýasynyň 10-njy danynyň (karatede we dzýudoda kämillik derejesi) eýesiniň Hormat diplomynyň gowşurylmagy döwlet Baştutanymyzyň dünýäniň sport hereketiniň öňünde bitiren hyzmatlarynyň ykrarnamasynyň, bedenterbiýäniň hem-de sportuň wagyz edilmeginde, hakykatdan-da, bahasyna ýetip bolmajak goşandynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, döwletimiz köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty has-da ösdürmäge uly maýa goýumlaryny gönükdirýär. “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011—2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda” hem-de “2011—2020-nji ýyllarda Türkmenistanda sporty we bedenterbiýäni goldamak hem-de ösdürmek boýunça Milli maksatnamada” kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň hemme sebitlerinde halkara ölçeglere kybap gelýän stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary eýýäm gurlup, ulanmaga tabşyryldy we gurulmagy dowam edýär.

Şeýle hem bina edilýän bilim we mekdebe çenli edaralaryň ählisinde döwrebap sport enjamlary bolan sport zallarynyň, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin meýdançalaryň, suwda ýüzülýän howuzlaryň göz öňünde tutulýandygyny bellemek gerek. Gökderede hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşen çagalar sagaldyş merkezlerinde işjeň dynç almak üçin zerur şertler döredilýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bütin ýylyň dowamynda dürli sport çäreleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda ýurdumyzda her ýylda sport ýaryşlaryny geçirmäge, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmäge kuwwatly itergi berildi. Oňa mekdep okuwçylary we talyplar, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň işgärleri, dürli pudaklaryň zähmetkeşleri işjeň gatnaşýar.

Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlygy ugur edinýän döredijilikli syýasaty tutuş dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe boldy. 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň çözgüdi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu waka türkmen halkynyň ýürek buýsanjyna öwrüldi. Çünki biziň ýurdumyz, Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup, bu abraýly sport ýaryşlaryny kabul etmek hukugyna eýe boldy. Şonuň üçin-de, Aziada taýýarlyk görmek ýokary depginler bilen barýar. Aziada — 2017-ni guramak meseleleri hemişe döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiz bu iri ýaryşlara taýýarlyk görmek meselelerine möhüm ähmiýet berýär. Şeýle derejedäki ýaryşlar Türkmenistanda ilkinji gezek geçiriler. Garaşylyşy ýaly, oňa 62 ýurtdan, şol sanda Okeaniýadan 5 müňden gowrak türgen gatnaşar, olar sportuň 21 görnüşi boýunça medallar ugrundaky bäsleşiklere gatnaşarlar.

Aziada — 2017-ä taýýarlyk meseleleri Watanymyzyň dünýäniň sport giňişligindäki abraýynyň ýokarlanmagy babatynda bolşy ýaly, ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň wagyz edilmegi, sport hereketine tutuş ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň çekilmegi babatynda aýratyn ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiziň hemişelik üns merkezinde durýar.

Ozal habar berlişi ýaly, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde iri halkara ýaryşlary we sport bäsleşiklerini geçirmek üçin zerur şertleriň ählisi göz öňünde tutuldy. Şeýle hem Aziada — 2017-niň ýaryşlary tamamlanandan soň, bu iri toplumyň sport desgalary türkmen türgenleri we milli Olimpiýa hereketiniň agzalary üçin köpugurly türgenleşik binýadyna öwrüler. Şeýle hem bu ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýokary derejeli türgenleri, ýygyndy toparlary taýýarlamaga mümkinçilik dörär.

Olimpiýa şäherjiginiň sport zalynda türgenleşmek bilen, döwlet Baştutanymyz sportuň dürli görnüşleri boýunça yzygiderli çemeleşmeleriň oňyn netijesi bolan ýokary fiziki taýýarlygyny görkezdi. Egindeşleri bilen bolan söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde oturdylan enjamlaryň aýratynlyklaryna ünsi çekip, olaryň hersiniň adam bedenine edýän täsiri barada gürrüň berdi. Bu enjamlar ynsanyň tutuş bedeniniň berkemegine oňat täsir edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sport bilen yzygiderli meşgullanmak saglygyňy berkitmek bilen bir hatarda, adamyň syratlylygyny, çeýeligini ýokarlandyrýar. Iň esasy bolsa, adamyň beden gurluşyny, saglyk ýagdaýyny we fiziki taýýarlygyny göz öňünde tutup ýerine ýetirilýän maşklar has-da peýdalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Sport enjamlaryny peýdalanmak arkaly ýerine ýetirilýän maşklar örän netijeli bolmalydyr we olaryň anyk täsiri duýulmalydyr. Bu bolsa sport enjamlarynda meşgullanmaga girişmezden öňürti, beden agzalaryňy yzygiderli maşklara, agyrlyklara ýuwaş-ýuwaşdan öwrenişdirmelidigini alamatlandyrýar. Dogry dem almak hem-de hereketleriň sazlaşygy möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hem her bir adamyň şahsy aýratynlygy nazara alnyp, türgenleşigiň maksatnamasy düzülmelidir.

Döwlet Baştutanymyz türgenleşik enjamlarynda maşklar toplumynyň ýerine ýetirilişini görkezdi, şeýle maşklar beden bogunlaryny, aýak damarlaryny we beýlekileri berkidýär. Gimnastika şary ýaly sport enjamy hem oňurganyň berkemegi üçin örän netijelidir.

Şunda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlan sport we şypahana-sagaldyş toplumlarynyň enjamlaşdyrylyşynyň ýokary derejesini, olarda ähli zerur şertleriň döredilendigini bellemek gerek, munuň özi sport ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirilen ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu işler ilatyň saglygyny berkitmek, türkmen türgenleriniň döwrebap türgenleşikleriniň üpjün edilmegi babatynda uly ähmiýete eýedir, ýokary sport netijelerini gazanmakda oňa uly orun degişlidir.

Soňra döwlet Baştutanymyz bouling oýny oýnalýan zala bardy. Ýurdumyzda sportuň bu görnüşi, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolýar. Bu özboluşly oýnuň maksady şarlaryň kömegi bilen mümkin boldugyça keglleriň köp sanlysyny ýykmakdyr. Ýönekeý ýaly bolup görünse-de, bouling oýny belli bir başarnygy, ünslüligi, ýokary beden taýýarlygyny, mergenligi talap edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bouling oýnunda hem ýokary ussatlyk derejesini görkezdi.

2014-nji ýylda Türkmenistanda Bouling federasiýasynyň döredilendigini bellemelidiris. Sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, bouling şu ýyl Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär.

Soňra wise-premýerler hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary toparlara bölünip woleýbol oýnadylar. Döwlet Baştutanymyz ilkinji pökgini oýna girizip, ýaryşlara badalga berdi. Bu ýerde küşt we tennis boýunça ýaryşlar hem guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport zalyndan çykyp, Olimpiýa şäherjiginiň çäklerinde geçirilýän işler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz sport toplumyny synlamak bilen, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde gurulýan sport desgalarynyň hem Olimpiýa şäherjiginde gurnalýan enjamlardan pes bolmadyk häzirki zaman abzallary bilen enjamlaşdyrylmalydygyna ünsi çekdi.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna köp wagtyň galmandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz bu örän iri halkara ýaryşlara ykjam taýýarlyk görmegiň, Aziada — 2017-niň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň hem-de geçirmegiň möhümdigini ýene bir gezek nygtady.

“Aşgabat — 2017” taslamasynyň durmuşa geçirilmegi, gürrüňsiz suratda, Türkmenistanyň halkara abraýyny belende göterer, sebäbi şeýle iri möçberli ýaryşlar köpugurly halkara hyzmatdaşlygy gönüden-göni işjeňleşdirmäge, dostluk we işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, sebitde we dünýäde özara ynam hem-de düşünişmek ýagdaýyny emele getirmäge ýardam berýär, şeýle hem milli ykdysadyýetiň, medeni durmuşyň hem-de syýahatçylyk ulgamynyň ösdürilmegini höweslendirýär. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzyň beýleki döwletlere oňyn görelde görkezýändigini bellemek möhümdir.

Muňa sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek we wagyz etmek boýunça amala aşyrylýan üstünlikli işler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport işleri bu syýasatyň oňyn netijelerini doly görkezýär — munuň özi döwletiň we jemgyýetiň, hormatly Prezidentimiziň we halkymyzyň birleşen tagallalarynyň sazlaşygydyr. Halkymyz saglygyň öňde goýlan maksatlara ýetmegiň iň netijeli usulydygyna aýdyň we anyk düşünýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherjiginden paýtagtymyzyň demirgazyk bölegine, Içeri işler ministrliginiň Awtosport merkeziniň ýerleşýän ýerine ugrady.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda köpýyllyk däplere eýe bolan sportuň görnüşleri bilen birlikde, onuň beýleki görnüşleri, şol sanda awto we motosport hem okgunly ösýär. Munuň üçin ähli zerur şertler döredilýär. Degişli maddy-enjamlaýyn binýadyň pugtalandyrylmagy, ýokary tizlikli sport maşynlarynyň parkynyň üstüniň döwrebap ulaglar bilen ýetirilmegi ýaşlary sportuň bu gyzykly we özüne çekiji görnüşlerine işjeň çekmäge, türgenleriň hem-de olaryň tälimçileriniň ussatlygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýetginjeklik ýyllaryndan awtomobil sporty bilen meşgullanyp, özüni ýokary derejeli awtosürüji hökmünde görkezdi, awtomobil ýaryşlaryna gatnaşyp, ençeme gezek ajaýyp netijeleri bilen, ynamly ýeňiş gazandy. Ine, şu gün hem döwlet Baştutanymyz Awtosport merkeziniň bäsleşik ýodajygynda sport awtomobilinde birnäçe öwrüm etdi. Hormatly Prezidentimiz ýoly ýokary tizlikde geçip, sport ulagyny sürmekde ajaýyp ussatlyk görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä, awto hem-de motosport adama öz başarnyklaryny açyp görkezmek üçin ajaýyp mümkinçilikleri berýär. Sportuň bu görnüşleri adamyň saglygynyň umumy ýagdaýyna oňyn täsir edýär. Birnäçe görnüşleri özüne birleşdirýän awto we motosport dürli ýaşdaky adamlary özüne çekýär hem-de olaryň hemişe sagdyn bolmagyna mümkinçilik berýär. Türgenler tejribe toplamak bilen, awtomobil we motosiklet sportunyň ol ýa-da beýleki görnüşlerinde öz güýçlerini synap bilerler. Sporty syýahatçylyk pudagyny ösdürmek üçin giňden peýdalanmagyň mümkindigini bellemek gerek, bu ulgam özbaşdak ugry emele getirýär.

Şu gün Aziada — 2017-ä bagyşlanyp geçirilen köpçülikleýin sport çäreleri hormatly Prezidentimiziň döredijilikli syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek şol syýasatyň möhüm ugry bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň bu çärelere gatnaşmagy olaryň ähmiýetini has-da artdyrdy. Hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň wagyzçysy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ajaýyp türgendir.

Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň bütin dünýäde Türkmenistanyň abraýynyň barha artmagyna, ýurdumyzda köpçülikleýin sporty mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigi şübhesizdir. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň ruhuna laýyk gelýär. Bu ýyl ahalteke bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly barýan eziz Watanymyzyň häzirki taryhyna täze aýdyň sahypalary ýazmalydyr.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi