Türkmen döwlet sirkiniň täze ýyl maksatnamasynda zehinli toparyň artistleriniň iň gowy çykyşlary görkezilýär

Gelip ýeten täze ýylyň ilkinji günleri Türkmen döwlet sirkiniň artistleri her gün aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin çykyş edýärler. Batyrgaý we şadyýan artistleriň—žonglýorlaryň, howa gimnastlarynyň, akrobatlaryň, masgarabazlaryň, çykyşlary bilen dünýäni aňk eden jigitleriň oýunlary bu ýere gelenleriň göwnüni awlaýar, olara şatlyk paýlaýar.

Täze ýyl çykyşlary Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň ýerine ýetirmeginde halanýan multfilmlerden sazlardan bölekler bilen başlandy. Şol wagtam sirk arenasyna maýmynjyk bilen towuk gelýär. Masgarabaz Pena Myradurdyýew olaryň dawasyny çözýär: maýmynjyga ýylyň nyşany bolmak şeýle bir ýarapdyr weli, onuň ornuny towuga beresi gelmeýär. Tomaşaçylaryň çakylygyna seslenip Aýaz baba bilen Garpamygam peýda bolýarlar we 2017-nji ýylyň nyşany bolmak hukugyny towuga berýärler.



Howa gimnasty Selbi Şyhyýewanyň belentlikdäki çykyşy tomaşaçylarda uly täsir galdyrýar. Galgap duran gyzyl mata onuň çylşyrmly çykyşynyň şowhunyny has-da artdyrýar. Onuň yz ýany bilen arena Elmira Goşaýewanyň akja kiçijik gürjüleri gelip, eldekileşdirijiniň diýenini etmekde bir-biri bilen bäs edýärler.

Akrobatlar toparynyň batutdaky şadyýan çykyşy-da gyzykly boldy. Olaryň hersiniň başyna geýen täze ýyl şyrdajygy tomaşaçylarda şadyýanlyk döretdi.

Ekwilibrist Arslan Kürräýewiň yranyp duran tagtanyň üstünde deňagramlygyny saklap iki halkany depesinden aşak salybilşine haýran galýarsyň. Tomaşaçylar onuň çykyşyna gürrüldili el çarpmalar bilen jogap berdiler. Ol yranyp duran tagtanyň aşagyna ýene yzly-yzyna bäş sany oturgyç goýanda tomaşaçylar demini tutup syn etdiler.

Soňra žonglýorlar üç hatar uçup gelýän ýalpakgaplary gapyp ussatlyklaryny görkezdiler.

Durşuna ak geýnen sekiz gyz sahna çykyp, garjagazlaryň tansyny oýnaýrlar,olaryň iň kiçisi—Medine Baýramdurdyýewa arenanyň çür depesine galyp, belentlikden ýalpyldyly kagyz bölejiklerini paýlaýar.



Alyp baryjy arakesme yglan edende arena şadyýan çagalaryň ygtyýaryna geçdi. Olaryň käbiri at münse, beýlekileri oýnawaç maşynda aýlandy. Iň esasy, şol pursat çagalaryň hersi özüni bir pursadam bolsa sirk artisti ýaly duýdy.

Ikiji bölümi tanap üstünde ýöreýän Serdar Gurbangulyýew açdy. Ol tanap üstünde tigirçek sürdi, gözi daňylgy gezdi, hat-da onuň üstünde ýandam. Serdaryň ussatlyk bilen ýerine ýetirýän tilsimlerine seredip duran masgarabaz Pena Myratdurdyýewiňem özüni synasy geldi. Ol Serdaryň egnine mündi, şeýdip olar tanapdan ýöräp geçdiler. Pena diňe bir şadyýan masgarabaz däl, eýsem gorky-ürkini bilmeýän artistem eken.

«Galkynyş» atlylar toparynyň çykyşy nökerleriň çaknyşygyndan başlaýar. Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri Pygy Baýramdurdyýewiň Akdag atly bedewde duýdansyz peýda bolmagy bilen söweş togtaýar. Olar mydama çalt depginde çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetirýärler, olaryň çeýeligi we çeper çykyşlary hemişe göreni haýran edýär. Haçanda at üstünde üç hatar duran jigitler Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny pasyrdadyp geçende şu toprakda doglan zehinli we gaýduwsyz ýigitlere buýsanjyň artýar.