Hepdäniň wakalary: Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň batly gadamlary

Eziz Watanymyzy ösdürmek hem-de halkymyzyň abadan durmuşy baradaky alada giň gerimli özgertmeleriň başyny başlaýjy we ruhlandyryjy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar. Şol özgertmeler netijesinde ýurdumyz ähli ugurlarda uly üstünlikleri gazanyp, nurana geljegine ynamly garaýar. Hormatly Prezidentimiz sebitler boýunça iş saparlaryny yzygiderli amala aşyryp, eziz Watanymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň ilerleýşi bilen ýerinde tanyşýar. Bu özgertmeleriň maksady bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek hem-de halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bolup durýar.

Ahal welaýatynyň Owadandepe obasynyň çäklerinde gurulýan döwrebap kärhana — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygy şol wezipeler bilen gös-göni baglydyr. 30-njy ýanwarda döwlet Baştutanymyz sebit boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda gazhimiýa toplumynda işleriň depginleri, kärhananyň aýratynlyklary bilen içgin tanyşdy. Bu iri innowasion kärhana dünýäde gazy gaýtadan işlemegiň esasynda ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän ilkinji desga bolar.

Zawod her ýylda 1 milliard 785 million kub metr gazy gaýtadan işlär, şol gaz “Gündogar—Günbatar” gaz geçirijisi boýunça geler hem-de Euro-5 standarty boýunça ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A-92 görnüşli benziniň ýylda 600 müň tonnasy öndüriler. Şeýle hem toplumda ýylda 12 müň tonna dizel ýangyjyny we 115 müň tonna suwuklandyrylan gazy öndürmek göz öňünde tutulýar. Maýa goýum taslamasynyň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 700 million dollaryna barabardyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň ikinji tapgyrynyň taslamasyny işläp düzmekde A-95 kysymly benzin önümçiliginiň mümkinçiligine garamagy hem tabşyrdy.

Kärhananyň 2018-nji ýylda doly gurlup, ulanmaga berilmegi bilen, ýüzlerçe iş orunlary dörär. Taýýar önüm demir ýol, soňra bolsa deňiz boýunça sarp edijilere iberiler, bu bolsa dünýä bazarlaryna eksport etmegiň amatly usuly bolar.

Bu maýa goýum taslamasy milli ykdysadyýetimiziň strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolundaky möhüm ädim bolan dünýäniň energetika ýurtlarynyň hataryna girýän Türkmenistanyň baý nebitgaz serişdelerini doly we netijeli peýdalanmak bilen baglanyşykly wezipeleri çözmekde ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.

“Mawy ýangyjy” düýpli hem-de toplumlaýyn esasda gaýtadan işlemek, ondan alnan önümleriň eksport möçberlerini artdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri esasy ugur edinýän Türkmenistan öz ornuny daşary bazarlarda tebigy gaz we çig nebit ýaly çig mal serişdelerini çykarýan däl, eýsem, düşewüntli hasaplanylýan gazhimiýa önümlerini öndürýän ýurt hökmünde has-da pugtalandyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz täze gurulýan desganyň zähmetkeşler topary bilen söhbetdeşlikde belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gürrüňi dowam edip, iş saparlarynyň, hususan-da, ýurdumyzyň tebigy gazynyň eksport ugurlaryny köpugurly esasda ösdürmek boýunça wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde giň möçberli işler alnyp barylýan Balkan welaýatyna bolan saparynyň jemlerine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli işler mundan beýläk-de yzygiderli dowam etdiriler. Şunuň ýaly birnäçe desgalaryň gurluşygyna badalga berler. Şolar bilen bir hatarda, durmuş maksatly desgalar yzygiderli bina ediler.

Hormatly Prezidentimiz hünärmenleriň gyzyklanýan sowallaryna ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hem jogap berdi. Duşuşykda berlen sowallaryň biri döwlet Baştutanymyzyň maksatnamasynyň ugurlarynyň biri bolan ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek bilen baglanyşykly döredilýän şertler, şonuň bilen bagly maksatlar we wezipeler barada boldy. Hormatly Prezidentimiz bu sowala jogap bermek bilen, ýurdumyzy bazar gatnaşyklaryna esaslanýan ösen döwletleriň hataryna çykarmagyň esasy maksat bolup durýandygyny belledi. Şundan ugur almak bilen, biz senagat desgalaryny hususylaşdyrýarys, ulag-aragatnaşyk kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürýäris. Soňlugy bilen senagat toplumy hususylaşdyrylar. Şeýlelikde, döwletimizi hususy telekeçilige daýanýan ýurda öwreris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmagyň ileri tutulýan ugurlaryny belledi. 2017—2023-nji ýyllar aralygynda Ahal welaýatynda umumybilim berýän mekdepleriň 50-ä golaýyny, şonça çagalar baglaryny, birnäçe täze hassahanalary we medeniýet öýlerini gurmak, hereket edýän saglygy goraýyş edaralaryny döwrebaplaşdyrmak zerur bolup durýar. Sebitde täze şypahanalary gurmak üçin uly mümkinçilikler bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan özgertmeleriň işjeň dowam etdiriljekdigini belledi. Şunda tohumçylyk-seçgi işlerine ylmy esasda çemeleşmäge, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän pudagyň ösdürilmegine, welaýatyň telekeçilik ulgamynyň mümkinçiliklerini çekmek arkaly azyk önümlerini öndürýän kärhanalaryň artmagyna esasy üns berler. Welaýatda iri guşçulyk fermasyny, süýdi, ösümlik ýagyny gaýtadan işleýän kärhanalary gurmaly, bagçylyk hojalyklaryny döretmeli, sowadyjy enjamlary bolan ammary, suw arassalaýjy döwrebap kärhanalary gurmak zerur bolup durýar, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň akabalarynyň gurluşygy dowam etdiriler.

Senagat kuwwatlyklaryny artdyrmak işi ýerli serişdeleri gaýtadan işlemegi ugur ediner. Şundan ugur almak bilen, tebigy gazy gaýtadan işläp, sintetiki suwuk ýangyja öwürýän zawody gurmak, gazhimiýa toplumynyň gurluşygyny dowam etmek, Kelete sement zawodynda täze önümçilik ulgamy işe girizmek, bezeg-örtük daşlary öndürýän kärhanany gurmak zerur bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Täze senagat toplumlarynyň elektroenergiýa bilen üpjünçiligi üçin Ahal we Balkan welaýatlarynyň arasynda elektrik geçiriji ulgamyň gurulmagy maksadalaýyk bolar. Ulag ulgamynyň ösdürilmegine ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi göz öňünde tutuldy, Türkmenbaşy — Farap we Aşgabat — Daşoguz halkara ähmiýetli ýokary tizlikli ulag ýollarynyň gurluşygy dowam eder.

Hut şunuň üçin hem tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Ahal welaýatynda döwrüň talabyna laýyk gelýän çeýe ykdysady ulgam, özüni üpjün edýän we daşky täsire durnukly ösüş döredilmelidir. Şunda adamlaryň ýokary durmuş derejesini üpjün edýän şertleriň döredilmegi möhüm bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sungatyň ugurlary bilen gyzyklanýandygy barada aýdylyp, häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň haýsy sungat eseriniň üstünde işleýändigi barada sowal berildi. Mälim bolşy ýaly, işiniň köpdügine garamazdan, döwlet Baştutanymyz sportuň dürli görnüşleri, sungat, ylym bilen meşgullanmaga, saz ýazmaga, çeper eserleri döretmäge wagt tapýar. Iň esasy bolsa, hormatly Prezidentimiz ýokary ussatlygy bilen watandaşlarymyza nusgalyk görelde bolýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz tarapyndan Aziada—2017-niň resmi nyşanlary tassyklanyldy.

Döwlet Baştutanymyz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary bilen baglanyşykly sowala jogap berip, onda türkmen halkynyň gadymy gymmatlyklarynyň we gadymy taryhyň, baý medeniýetiň hem-de özboluşly däp-dessurlaryň öz beýanyny tapandygyny belledi. Milli guwanjymyz bolan ahalteke bedewi hem-de alabaý köpasyrlyk taryhymyzyň dowamynda häzirki günlere çenli halkymyzyň wepaly hemrasyna hem-de dostlaryna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň ýetip gelýän Halkara zenanlar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna sowgat hökmünde täze aýdymlaryň birnäçesini döredendigi hem-de olaryň birini — “Bagt nury” atly aýdymy ýerine ýetirjekdigi baradaky habary duşuşyga gatnaşyjylar üçin ýakymly täzelik boldy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu aýdymy ýygnananlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy hem-de uly ruhubelentlik bilen diňlenildi.

Döwlet Baştutanymyz iş saparynyň barşynda Ahal welaýatynyň öri meýdanlaryna aýlanyp, Ak bugdaý etrabynyň “Ýerbent” daýhan birleşiginiň çopan goşlarynyň birine baryp gördi.

Çopan bilen mesawy söhbetdeşlikde döwlet Baştutanymyz onuň hal-ýagdaýy, gündelik iş-aladalary, dowarlaryň gyşladylyşy we owlak-guzy möwsümine taýýarlyk görlüşi hem-de netijeli işlemek üçin döredilýän şertler bilen gyzyklandy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, soňky ýyllaryň dowamynda welaýatlarda iri maldarçylyk we guşçulyk toplumlary guruldy hem-de gurulýar, bu ugurda alnyp barylýan işler dowam edýär. Ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilere maliýe goldawyny bermegi, şol sanda ýeňillikli şertleri döretmegi olar üçin uly mümkinçilik bolup durýar.

2-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda 2017-nji ýylyň birinji aýynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň alyp baran işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň çäklerinde döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi. Olar ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de türkmen topragynda parahatçylygy we asudalygy saklamak, kanunylygy we düzgün-tertibi üpjün etmek boýunça wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, Belent Serkerdebaşymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz geljekde hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli düzümlerinde düzgün-nyzamy berk berjaý etmek, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz bu işiň wajypdygyna ünsi çekip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň Türkmenistanyň durmuş ugurly syýasatyna gabat gelmelidigini belledi. Adamyň bagtyýarlygy we abadançylygy şol syýasatyň esasy ugrudyr.

Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna geçirilen ýörite tälimler barada habar berildi. Okuw tälimlerinde häsiýetli aýratynlyklaryny görkezen meşhur türkmen alabaýlary ulanyldy. Öz tohumynyň arassalygyny saklap galan alabaýyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň tumary hökmünde saýlanyp alynmagy hem tötänden däldir.

Bu gün ençeme asyrlar geçenden soň, güýçli we gaýduwsyz, akylly, çydamly, wepaly alabaýlar özboluşly medeniýetimiziň aýrylmaz bölegine öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz alabaýlary gullukda ulanmak boýunça ýöriteleşdirilen merkezleri döretmegi tabşyrdy.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga hem-de Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmegini nazara almak bilen, bilelikdäki işiň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, jenap Urban Rusnak ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge täze çemeleşmeleri öz içine alýan möhüm halkara başlangyçlaryň birnäçesini öňe süren ýurdumyzyň işjeň ornuna ýokary baha berdi. Energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň halkara-hukuk taýdan kadalaşdyrylmagy bilelikdäki işiň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Munuň özi Ýewropa we Aziýa döwletleriniň onlarçasyny birleşdirýän Energetika Hartiýasynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň teklibi boýunça kabul edilen BMG-niň degişli Kararnamasynyň ähmiýeti nygtaldy.

Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň esasy wakasyna — 12-nji fewralda boljak Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlygyň jemleýji pursady geldi. Saýlaw çäresine 2017-nji ýylda ilkinji gezek üç partiýa, ýagny Demokratik partiýa, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem-de Agrar partiýa gatnaşar. Merkezi saýlaw topary syýasy partiýalar we teklipçi toparlar tarapyndan hödürlenen resminamalara garap, ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň dokuzysyny bellige aldy. Dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşygy ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyzda geçirildi. Dalaşgärleriň saýlawçylar bilen meýilleşdirilen 48 duşuşygynyň 47-si geçirildi.

Şeýle hem häzirki wagtda milli telewideniýede ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň çykyşlarynyň ikinji tapgyry tamamlanýar. 2-nji fewralda bolsa uzak wagtlyk iş saparlaryna ýa-da dynç alşa gidýän raýatlar hem-de beýleki sebäplere görä, saýlawlar güni — 12-nji fewralda saýlaw uçastogyna gelip bilmejek we has mynasyp dalaşgäre ses berip bilmejek raýatlar üçin öňünden ses berilmegi başlandy.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň habar berşi ýaly, saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň hemme tapgyrlary öz wagtynda hereket edýän milli kanunçylygyň hem-de umumy kabul edilen halkara kadalarynyň talaplaryna laýyklykda guraldy. Ýurdumyzyň saýlaw uçastoklarynyň 2548-si, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynyň 39-sy işe doly taýýar edildi.

Saýlawlaryň adalatly geçmegine oňa syn etmäge gatnaşýan milli synçylar, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan bolan daşary ýurtly synçylar we türkmen tarapynyň başlangyçlary boýunça çagyrylan ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary edarasynyň baha beriji topary ýardam berer. Olaryň ählisine saýlawlaryň öňüsyrasynda bolşy ýaly, gönüden-göni ses berilýän gününde hem paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň saýlaw uçastoklaryna baryp görmäge mümkinçilik döredildi.

Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň mejlisi geçirildi. Bu resminamanyň döredilmegi barada başlangyçlar we anyk teklipler 2014-nji ýylyň sentýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň IV sammitinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan teklip edilipdi.

Sebitiň ýurtlarynyň hökümet we işewür toparlarynyň wekilleri üçin netijeli gepleşikleriň meýdançasyna öwrülmeli, dünýä işewürleri, abraýly halkara guramalary bilen önjeýli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etjek hemişelik hereket edýän Hazar Ykdysady Forumyny döretmek boýunça Türkmenistanyň tekliplerini durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi.

Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky on sekizinji maslahatynda döwlet hukuk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglylykda işlenip düzülen täze kanunlaryň hem-de kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Deputatlar “Binagärlik işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garap, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan deňi-taýy bolmadyk gurluşygyň depginlerine aýratyn üns berdiler. Ähli ýerlerde köp sanly senagat, durmuş we medeni maksatly desgalar, obalar we şäherçeler gurulýar.

Gurluşyk we binagärlik ulgamynda innowasion tehnologiýalary hem-de iň gowy dünýä tejribesini ornaşdyrmak adamlaryň ýokary durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmakda esasy wezipeler bolup durýar. Şeýlelikde, geçen hepdede ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça badalga alan maýyp adamlar hem-de durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän raýatlar üçin mugt ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hakyndaky maksatnamanyň çäklerinde 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy.

Täze desgalarda mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin iň amatly şertleri döretmek göz öňünde tutulýar. Bagy-bossanly ýanaşyk ýerlerde futbol, woleýbol, basketbol oýnamak üçin meýdançalar, çagalaryň oýnamagy üçin meýdançalar gurlar.

Geçen hepde Daşoguz serhet galasynyň täze binalar toplumynyň dabaraly açylyşy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň başlangyjy boýunça harby özgertmeleri amala aşyrmagyň çäklerinde gurlan döwrebap toplum gulluk hem-de durmuş desgalaryny, sport toplumyny, lukmançylyk bölümini, naharhanany, kitaphanany we beýlekileri öz içine alýar. Täze aragatnaşyk bölüminde serhetçiler üçin aragatnaşygyň we dolandyrmagyň döwrebap serişdeleri bar. Serhet galasynyň çäginde atlary we gulluk itlerini saklamak hem-de tälim bermek üçin ähli şertler göz öňünde tutulan ýörite binalar gurlupdyr. Bu bolsa mähriban Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň goragçylarynyň hemişelik hemralaryny we kömekçilerini peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrar.

Dynç günleri paýtagtymyzyň we welaýatlaryň tokaý-seýilgäh zolaklarynda bagy-bossanlyk ýowary geçirildi. Onuň barşynda ozal oturdylan nahallara ideg edildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan maksatnamany durmuşa geçirmäge köpçülikleýin gatnaşmagyň ähmiýetini belläp, ýaş nahallara ideg etmegiň meselelerine jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyny hemişe nygtaýar. Paýtagtymyzy, mähriban Watanymyzyň obadyr şäherlerini gurşap alýan uly tokaý seýilgäh zolaklarynyň bölegi bolan, täze bagy-bossanly meýdanlar sahawatly türkmen topragyna has hem bezeg berer.

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary ýurdumyzda oba hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmagy çaltlandyrmak, türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryny rejeli we netijeli peýdalanmak, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan özgertmeleriň strategik wezipesi bolan adamlaryň durmuşy üçin iň gowy şertleri döretmek bilen baglanyşykly geçirilýän uly özgerişlikleri aýdyň görkezdi.