HYYweÖU-niň talyplary robot tehnikasy boýunça abraýly halkara bäsleşiginde ýeňiş gazandylar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri Pekinde gurnalan «RoboRAVE Asia Open-2017» atly aň-paýhas bäsleşiginiň baş baýragyny eýelediler.

2001-nji ýylda ABŞ-da gurnalan RoboRAVE bäsleşigi indi sekiz ýurtda, şol sanda Hytaýda, Meksikada, Ispaniýada we Fransiýada geçirilýär.

Şu ýyl ýüze golaý topar innowasion robot (Robotovate Challenge), ýangyn söndüriji robot (Fire Fighting Challenge), göni ugra hereketlenýän robot(Line Following Challenge), dag roboty (Alpinebot Challenge) we robot-rysar (Jousting Challenge) ugurlary boýunça bäsleşdiler.


Türkmen topary iň gowy innowasion roboty (Robotovate Challenge) döretdi. Mähri Ilmedowa (toparyň baştutany), Aýlar Mehtiýewa, Dowran Nobatow we Didar Hudaýbergenow dagy ykjam telefonuň daşyny bakteriýalardan arassalamak üçin özboluşly gural işläp taýýarladylar.

Emeli paýhas guraly telefony arassalamak, Lego gurnama böleklerinde bakteriýa garşy spreýi berkitmek üçin programmalaşdyrýan ýörite Arduino mikrokontrolleriniň we kesel ýaýradyjy mikroorganizmleri ýüze çykarmak üçin infragyzyl görkeziji gurallaryň garyşygyndan emele gelen enjamdyr.


Türkmen toparyny abraýly bäsleşige kompýuter tehnologiýalary we ulgamlary kafedrasynyň mugallymy Didar Haýydow taýýarlady. Häzirki wagtda HYYweÖU-de robot tehnikasy boýunça nobatdaky halkara ýaryşyna, şeýle hem döwlet derejesindäki şu kysmy bäsleşige işjeň taýýarlanylýar.