29 Mart 2017, 08:10



Daşoguz welaýatynda ýokary synp mekdep okuwçylary, talyplar we mugallymlar meýletinler işine taýýarlanýarlar

22.02.2017

Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda ýokary synp mekdep okuwçylary we mugallymlar şu ýylyň güýzünde Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalardaky we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda sport wekilýetleri bilen işleşmäge meýletinleri taýýarlamak işleri dowam edýär. Daşoguz welaýatynyň baş bilim müdirliginiň hünärmeni Guwanç Gurbanowyň belleýşi ýaly, geljekki meýletin kömekçileriň 210-sy ýörite maksatnama boýunça okadylýar.

Dil taýýarlygynda geljekki meýletinleriň aglabasy iňlis dilini saýlady. Daşoguzyň ýörüteleşdirilen mekdeplerinde şeýle hem arap, nemes, fransuz, hytaý we ýapon dilleri öwredilýär. Sapaklarda okuwyň interaktiw usuly işjeň ulanyýar.

Meýletinleri taýýarlamak maksatnamasynda Oýunlardaky sport görnüşleri, meýletinler hereketiniň taryhy we aýratynlygy, Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň binalarynyň özboluşlylygy we gurluşy, V Aziadanyň nyşanlary bilen tanyşlyk, dogduk ülkäniň taryhyny we ýurdumyzyň häzirki ösüşiniň esasy ugurlaryny, türkmen halkynyň däp-dessurlaryny we medeniýetini bilmek, meýletin kömekçileriň sözleýiş endiklerini kämilleşdirmek ýaly ugurlar bar.

Türkmen oba hojalyk institutynyň meýletinler merkezinde hem Aziada-2017-niň sport wekilýetleri we myhmanlary bilen işlemäge talyplaryň 211-si taýýarlyk görýärler.

Ysmaýyl IBRAGIMOW