26 Maý 2017, 21:57



Wladimir Gudilin: türkmen ýeňil atletikasynyň geljegi uly

21.02.2017

Ukrainanyň at gazanan tälimçisi, halkara derejeli sport ussady, tanymal ýekedaban zyňyjy Wladimir Nikolaýewiç Gudilin türkmen ýeňil atletikaçylaryny V Aziada taýýarlar. 45 ýyllyk tälimçilik eden döwründe ukrainaly hünärmen diňe bir öz ýurdunda däl, eýsem Kuweýt, Hindistan ýaly ýurtlarda hem dünýä çempionatlaryna, Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan türgenleri ýetişdirdi.


-Men Türkmenistanda işlemäge çakylyga höwes bilen seslendim,-diýip W.Gudilin gürrüň berýär.- Giň möçberli özgertmeler we Aziada 2017-ä düýpli taýýarlyk işleri meni haýran etdi. Iň esasy-da, türkmen türgenleri ýokary netijelere ymtylýarlar we ussatlygyň belentliklerine ýetmek üçin erjel türgenleşýärler. Tälimçi hökmünde olaryň mümkinçiligini açmagy we olarda özüne ynam döretmegi baş wezipäm hasaplaýaryn. Türgeniň zehini, tälimçilik sungaty, olaryň doly derejeli taýýarlygy we dynç almaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi--üstünlik gazanmagyň şertleridir.

Türkmen türgenleri üçin ýurtda geçirilýän Aziada-çynlakaý synagdyr, meniň wezipäw-olary üstünlige gönükdirmek: üstünlige ynanmak we ynam --üstünlige ýetirer.

Ýygyndy topara dalaşgärleriň ählisi günde iki gezek türgenleşik geçýärler. Daş zyňyjylar Tejen Hommadowyň we Maksat Mämmedowyň ýeňiş gazanmaga mümkinçilkleri bar. Zenanlaryň arasynda bäsleşikleriň köp görnüşinde çykyş edýän Irina Welihanowa we Alýona Hudaýbergenowa hem bil baglaýarys.


-Türmenistany Aziýa sebitiniň beýleki ýurtlaryndan tapawutlandyrýan zadyň nämededigini bilýärmisiňiz? - Sport siziň ýurduňyzda ösüş ýolunda. Aziada 2017 sportda, hususan-da ýeňil atletikada ýokary netijeleri gazanmaga güýçli itergi berer. Ýörüteleşdirilen ýeňil atletika mekdepleri, hünärine ussat tälimçiler peýda bolar.

Aprel aýynyň ahyrynda geçiriljek Türkmenistanyň çempionaty Aziada saýlama oýunlar bolar. 15-20-nji maýda ýygyndy topar Bakuwda geçiriljek Yslam ýurtlarynyň oýunlaryna gatnaşar, 1-nji iýunda bolsa Hindistanda Aziýa çempionaty başlanýar.

Yssy tomus günleri Ýewropa ýurtlarynyň birinde türgenleşik ýygnanşygyny geçireris, güýze ýakyn bolsa, Olimpiýa şäherçesiniň ýeňil atletika manežinde türgenleşeris. Biz üstünlik gazanmak üçin maksada okgunly işleýäris we türkmen ýeňil atletikasynyň geljeginiň ulydygyna ynanýarys.

Ýewgeniý IWANNIKOW,
surata düşüren Ýuriý ŞKURIN