Ýokary okuw mekdeplerinde we ylmy-barlag institutlarynda Ýaş alymlar geňeşleri döredildi

Olaryň 19-sy ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda, 12-si we 9-sy degişlilikde ylmy-barlag institutlarynyň we Ylymlar akademiýasynyň ýanynda işläp başlady. Döwlet baştutanynyň başlangyjy bilen golaýda döredilen Türkmenistanyň Ýaş alymlar merkeziniň mejlisi şu tema bagyşlandy.

Ýaş alymlar geňeşleriniň işi kafedralaryň, laboratoriýalaryň we beýleki şuňa meňzeş gurluşlaryň ýanynda ýörüteleşdirilen ylmy gurnaklary döretmäge gönükdirilendir. Olaryň ylmy işini Türkmenistanyň Türkmenistanyň Ýaş alymlar merkezi utgaşdyrar. Merkeziň ýanynda hereket edýän geňeş gelýän teklipleri öwrener, barlaglaryň has wajyplaryny saýlar we hasaba alar. Olaryň monitiringini TÝAM-niň ýanyndaky ynsanperwer, fizika-matematika we tehniki; himiýa we geologiýa; lukmançylyk, biologiýa we oba hojalyk ylymlary bölümleri amala aşyrar.

TÝAM ylmy işleriň ýörüte sanawyny döretmäge girişdi. Soňra olar dürli pudaklaýyn ministrlikleriň we önümçilik kärhanalarynyň hünärmenleriniň garamagyna hödürlener. Wajyp işleriň awtorlary öz tapan täzelikleriniň ykdysadyýetiň ol ýa-da beýleki pudagyna ornaşdyrylmagyna bil baglap bilerler. Bu işi oňaýlaşdyrmak üçin tematiki sergiler guralar we ýaş alymlaryň ylmy işleriniň ýygyndysy çykarylar.

TÝAM-yň mejlisinde ýurdumyzda ýaşlar ylmy herektini ösdürmek bilen baglanşykly beýleki wajyp meselelere-de garaldy.