26 Maý 2017, 21:57



Küşt boýunça halkara ýaryşda gazanylan kümüş medal

27.02.2017

Çehiýanyň bu şäherinde on ýurduň türgenleriniň, şol sanda Türkmenistanyň toparynyň gatnaşmagynda halkara ýaryşa badalga berildi. Şu gün “rapid” (çalt küşt oýnamak) görnüşinde zenanlar toparynda ildeşimiz FIDE-niň ussady Jemal Öwezdurdyýewa tapawutlandy. Ol kümüş medala mynasyp boldy.

Ýaryş şweýsar usuly boýunça ýedi tapgyrda geçirildi. J.Öwezdurdyýewa mümkin bolan ýedi utukdan alty utuk toplamagy başardy. Bu bolsa oňa hormat münberinde ikinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi. Zenanlar toparynda ýaryşa 48 küştçiniň gatnaşandygy bellärliklidir.

Türkmenistanyň ýygyndy topary nusgawy ýaryşlarda çykyş eder. Onda bir oýna bir ýarym sagat “arassa” wagt berilýär hem-de her göçülen göçümden soňra wagta 30 sekunt goşulýar. Halkara ýaryş 4-nji marta çenli dowam eder.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi