29 Mart 2017, 08:09



Sport tanslary boýunça türgenlerimiz ikinji orny eýeledi

27.02.2017

Sport tanslary boýunça türkmen türgenleri häzirki wagtda Belarus Respublikasynda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçýärler. Mogilýow şäherinde taýýarlyk çäreleriniň gidişinde açyk tans gözden geçirilişiniň çäklerinde halkara ýaryş guraldy. Onda biziň ildeşlerimiz Aleksandr Sisekin bilen Waleriýa Nepomnýaşaýa kümüş medala mynasyp boldular.

Baýraklar ugrunda “Latynamerikan tanslary” görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Bu görnüşe samba, rumba, pasodobl, ça-ça-ça we jaýw tanslary degişlidir. Belarus türgenlerinden başga-da, Ukraniadan we Russiýadan bolan 100-e golaý ussat tansçy türgenler türkmenistanlylar bilen bäsleşdiler.

Biziň tansçylarymyz halkara derejede ýeterlik tejribe topladylar. Mysal üçin, A.Sisekin 2015-nji ýylda Moskwada geçen Bütindünýä tans olimpiadasynda ikinji orny eýelemegi başarypdy. Ine, ol özüniň sportuň bu görnüşi boýunça iň ezber türgenleriň biridigini ýene bir gezek subut etdi.

Belarusdaky okuw türgenleşik çäreleri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna toplumlaýyn taýýarlyk görmegiň çäklerinde guraldy. Mälim bolşy ýaly, bu oýunlaryň maksatnamasyna sport tanslary hem girýär. Halkara ýaryşynda gazanylan üstünlik bolsa sportuň bu görnüşi boýunça türkmen mekdebiniň ussatlygynyň ýeterlik derejede ýokarydygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi