29 Mart 2017, 08:10



Aziada — 2017-ni mahabatlandyrmak maksady bilen

02.03.2017

Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde Aziýanyň Sport metbugaty Assosiasiýasynyň XIX maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Forumyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary ýurdumyzda sentýabr aýynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny mahabatlandyrmak maksady bilen sergi guradylar. Ol maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Soňra geçirilen forumyň barşynda Halkara Sport metbugaty Assosiasiýasynyň Aziýa birleşiginiň wekilleri 2016-njy ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabatlar bilen çykyş etdiler. Ýygnananlar V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli ýurdumyzda guralan çäreleriň hem-de geçen ýylyň sentýabr aýynda geçirilen sport media forumynyň ähmiýetini bellediler.

Şeýle hem geljekde geçiriljek işleriň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň wekilleri Aziada—2017-niň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherjiginiň wideoşekilli tanyşdyryş çäresini geçirdiler hem-de forumyň wekillerini Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen tanyşdyrdylar.

Aziýanyň Sport metbugaty Assosiasiýasynyň XIX maslahatyna gatnaşyjylar sport žurnalistleriniň işlemegi üçin Olimpiýa şäherjiginde döredilen mümkinçiliklere we şertlere, oýunlara taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işlere ýokary baha berdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu oýunlaryň ýokary derejede geçirilmegine uly üns berýär.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi