29 Aprel 2017, 00:55



Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabyndaky Allamberdar we Astanababa aramgählerine ýudumyzyň çar künjeginden zyýarata gelinýärler

06.03.2017

Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynda ýerleşýän Allamberdar aramgähine ýerli ilat Allamberdaryň ýa-da Allamdar tugçynyň mazary diýýär.


Çeşmeleriň habar bermegine görä, bu ýerde 1204-nji ýylda duşman elinden wepat bolan Samanileriň soňky hökümdary Allamberdar diýlip atlandyrylan Al-Muntasiri jaýlanypdyr. Rowaýatlda aýdylyşyna görä, onuň goşuny çöl-beýewanda teşnelige uçransoň edermen serkerdäniň hut özi guýy gözlegine çykypdyr, azaşmazlyk üçinem gijelerine ot ýakmagy tabşyrypdyr. Emma ykbaly keje çekip, suw gözlegine çykan Allamberdar edil duşman goşunynyň üstüne geläýipdir, olar ony öldüripdirler. Ertesi onuň esgerleri serkedäniň jesedini tapyp ony jaýlapdyrlar, soňra-da guburynyň üstüne aramgäh gurupyrlar. Ol depesi gümmezli dörtgyraň jaý bolup, binanyň alyn tarapy dörtburç we hasamlanan bişen kerpiçden gurlupdyr. Burçlarynda sekizgyraň tagçalar bar.


Russiýaly belli alym G. A. Pugaçenkowanyň pikirine görä, bu taryhy ýadygärlik Buharadaky belli Samaniler aramgähinde ulanylan ýol-ýörelgeleriň dowamydyr. Şonuň bilen birlikde şol döwürdäki Merkezi Aziýa mimarlygynyň ösüşiniň umumy däpleriniň dowamy bolsa-da,onuň bezeginde ulanylan kesme kerpiçleriň 15 görnüşi Seljuklar binagärliginiň özboluşly tilsimleriniň başyny başlaýar.

Astanababa aramgähi XII-XVI asyrlara degişlidir. Ol ýasy kerpiçden gurlan dört otagly binadyr, olar her gezek täze guburyň üstüne gurlan bolmaly. Olaryň birinde-çubursyzynda namazlyklar bar, bu ýerde namaz okalýar. Galan üçüsinde keramatly kişileriň mazary bar. Iki kişiniň jaýlanan bir otagynda “Zeýd-Aly” we “Zubeýd –Aly” diýen ýazgylar bar. Olaryň biri barada şeýle rowaýat bar. Horasanyň häkiminiň Zubeýda atly gyzy bolan. Ol guzuny ýerli häkimleriň birine durmuşa çykarýar, emma Zübeýda toý tutandan kän wagt geçmänkä aradan çykypdyr. Kakasy onuň üstüne kaşaň aramgäh gurmagy tabşyrýar, ýöne ol gurlup bolandan soň ýykylypdyr. Ony täzeden ýene iki gezek gurýarlar, emma her gezegem ýykylýarmyş. Ubeýdanyň düýşüne giren Astana baba onuň suwydyr palçygyny Mekgeden getirmelidigini aýdypdyr. Getirilen laýy bu ýeriniňki bilen garýarlar, suwy bolsa guýa guýýarlar. Keramatly palçyk we suw garylyp gurlan aramgäh häli-häzirem seleňläp dur. Şu günlerem guýyda saklanyp galan suw dertlere derman saýylýar. Bu ýere derdine derman gözläp gelýän zyýaratçylaryň yzy üzülenok.


Allamberdar we Astanababa aramgähleri keramatly ýer saýylýar, şonuň üçinem bu ýere zyýarata gelýänler kän.

Marstal BEKTASOW,
surata düşüren awtor