Türkmen Milli konserwatoriýasynda baýramçylyk konsertlei boldy

Ol konserwatoriýanyň Uly zalynda üflenip çalynýan saz gurallary kafedrasynyň wekilleriniň çykyşy bilen açyldy. Babajan Hudaýberdiýýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestr Andreý Babaýewiň „Baýramçylyk rapsodiýasyny“ ýerine ýtirdi.

Baýram Hudaýnazarow, Weli Muhadow, Nury Muhadow ýaly belli türkmen kompozitorlarynyň eserleri bilen bir hatarda dünýä belli nusgawy eserler--Leonid Çerneýskiniň „Mazurkasy“, Isaak Dunaýaewskiniň şadyýan „Polkasy“, Nikolaý Golikowyň degişme äheňli „Ýumoreskasy“, Aram Haçaturýanyň „Gaýane“ baletinden „Gylyçly tansy“ we beýlekiler ýerine ýetirildi.

Könsert Rahym Nuryýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestriň ýerine ýetirmeginde Nury Muhadowyň „Türkmenistanyň göli“ atly eseri bilen tamamlandy.

Onuň yzysüre konserwatoriýanyň Kiçi zalynda kamera konserti başlandy. Saz we aýdym kafedrasynyň mugallymlary Meýlis Myratgeldiýew, Röwşen Baýramow we Begenç Gaýypow dagy Maýa Beýmanowanyň sazandarlygynda meşhur aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Ilki bilen Begenç Gaýypow Aleksandra Pahmutowanyň „Biziň ýaşlygymyz“ diýen aýdymyny aýtdy. Röwşen Baýramow bolsa Sergeý Rahmaninowyň „Ýaş sygan“ romansyny ýerine ýetirdi. Meýlis Myratgeldiýew Andreý Babaýewiň „Söýen gözlerim“ diýen aýdymyny ussatlarça ýerine ýetirip, diňleýjileriň minnetdarlygyny gazandy. Bu mugallymlaryň üçüisi bileleikde Andreý Babaýewiň „Bir jenana duşar boldum“ we «O solo mio» aýdymlary bilen bu ýere gelenleriň söýgüsini gazandylar.

Ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň wekilleri Mämmetmyrat Annamyradow, Amangeldi Amanow, Gurt Nazarow dagy Wladimir Mkrtumowyň, Igor Jorakulowyň we Stella Farmazowanyň sazandarlygynda türmen hem-de ýewropa kompozitorlarynyň belli operalaryndan ariýalary ýerine ýetirdiler. Ilimiziň „Altyn baritony“--Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew Aleksandra Pahmutowanyň „Owaz“ we Arno Babajanýanyň „Saňa sadaga“ aýdymlaryny ajaýyp aýdyp, baýramçylyk çykyşlaryny jemledi.