Maý aýynda Minskide geçiriljek dünýä çempionaty türkmen taý-boksçylary üçin V Aziada taýýarlygyň möhüm tapgyry bolar

Şu ýylyň sentýabr aýynda Aziýa yklymyndan söweş sungatynyň dürli ugurlaryndan ussat türgenler Aşgabada ýygnanarlar. Muaý Taý boýunça bäsleşikler iň gyzykly tutluşyklar bolar. Taý boksy ady bilen tanalýanbu başa-baş söweş sungatynyň biziň ýurdumyzda-da muşdaklary kän.

2014-nji ýylda ildeşlerimiz sportuň bu görnüşinde şowly çykyş etdiler: Bangkokda (Tailand) geçirilen Aziýa kenar oýunlarynda zenanlarymyz üçünji orny eýelediler. Şol ýyl Stambulda (Türkiýe) gurnalan söweş sungaty boýunça Bütindünýä oýunlarynda türkmenistanlylar altyn medallaryň dördüsine mynasyp boldylar. 2014-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Taý boksy boýunça federasiýasy döredilip, ol höwesjeňler Muaý Taý Halkara federasiýasynda hasaba alyndy. 2015-nji ýylda Bangkokda talyplaryň arasynda Dünýä kubogy ugrunda ýaryş geçirilip, onda toparymyz bir bürünç medal eýeläpdi. Ýene şol ýyl Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen Ýewropanyň Kubogy ugrundaky açyk ýaryşda türkmen topary 1 birinji, 3 ikinji we 3 üçünji orunlary eýeläpdi. Geçen ýylyň maý aýynda Ýençepingde (Şwesiýa) geçirilen dünýä çempionatynda bolan çekeleşikli tutluşyklarda ildeşlerimiziň ikisi kümüş medala mynasyp boldy. Munuň özi sportuň şu görnüşiniň biziň ýurdumyzda üstünlik getirýänligine şaýatlyk edýär. 2016-njy ýylyň noýabrynda Russiýanyň Kazan şäherinde geçirilen Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşda taý- boksçylarymyz 1 kümüş we 5 bürünç medala mynasyp boldylar.

Aziada-2017-de erkekler we zenanlar milli ýygyndymyz baýrakly orunlar ugrunda dalaşarlar. Erkekler 54, 57, 60, 63,5, 67, 71, 75, 81 we 86 kg, gyzlar-54, 57, 60, 63,5 agramlarda çykyş ederler. Olaryň hersinde altyn, kümüş we iki sany bürünç medallar ugrunda bäsleşikler geçiriler.

Häzirki wagtda milli toparymyzyň her agzasynyň söweşlere hyjuwlylyk we ýeňşe erjellik häsiýetlerini, söweş tilsimlerini kämilleşdirmek babatda türgenleşikler geçirilýär.

Muaý Taý ýowuz başa-baş söweşi hasaplanylýar. Şonuň üçinem onda ellik, başgap, tirseklik we aýak goraýjy geýilýär. Şol sebäplem taktiki-tehniki tilsimlere uly üns berilýär.

Ildeşlerimiziň gündelik türgenleşkleri tilsimleri kämilleşdirmäge gönükdirlendir. Aziada taýýarlygyň çäklerinde bu söweşiň watany bolan Tailandda okuw-türgenleşikleriniň birnäçesi geçiriler. Şu ýylyň maý aýynda Minskide geçiriljek dünýä çempionaty Oýunlara taýýarlygyň möhüm tapgyry bolar.