24 Mart 2017, 07:05



«Uly bilermenleriň gullugynyň» çäklerindäki bilelikdäki taslama- türkmen-german hyzmatdaşlygynyň ugurlarynyň biridir

13.03.2017

Şu günler paýtagtymyzyň esasy hassahanalarynyň ikisinde germaniýaly hünärmenler tejribe alyşmak maksatnamalaryna gatnaşýarlar.

Onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde Týubingen şäheriniň uniwersitet klinakasynyň we onuň içki agzalaryň hirurgiýasy bölüminiň ýolbaşçysy professor Bertold Ştaýnke türkmen kärdeşleri bilen himioterapiýasy babatda tejribesini paýlaşdy. Geljegi uly hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň biri-de—molekulýar-biologik kesel anyklaýyşydyr.

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde professorlar Uwe Hazbargen we Şubert ýaňy doglan bäbeklere seretmek we göwreli eneler çaga dogranda olara operasiýa etmek boýunça türgenleşik –sapaklaryny geçýärler. Professor Andrea Şulse mikrobiologiýa ylmy barlaglarynyň meseleleri boýynça maslahatlar berer.

Inna BUROWA