24 Mart 2017, 07:05



Aşgabatda innowasion lukmançylygyň usullaryny işjeň ulanmaga gönükdirilen ýörüte ýygnak öz işine başlady

13.03.2017

Halkara newrologiýa merkezinde kesel anyklamaga innowasion usullaryň ornaşdyrylmagyň ugurlaryna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Olaryň biri- ýürek-damar kesellerinde we olar beterlände, şeýle hem beýnide gan aýlanşygynyň ýiti bozulmasynda operasiýasyz bejerişde üstünlikli ulanylýan interwension neýroradiologiýadyr.

Ýörüteleşdirilen ýygnagy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen «Siemens» kompaniýasy guradylar, onuň wekilýetiniň hatarynda tejribeli maslahatçylar bar.

Ylmy-amaly masalahata «Siemens» kompaniýasynyň enjamlary oturdylan lukmançylyk merkezleriniň hünärmenleri çagyryldy. Onuň işi:şöhle bilen kesel anyklaýyş, interwension neýroradiologiýa, ehokardiografiýa ýaly bölümlerdäki mejlisler görnüşinde guraldy. Germaniýaly hünärmenler magnit-rezonans we kompýuter tomografiýasy, ehokardiografiýa we kesel anyklamagyň hem-de ony bejermegiň beýleki döwrebap usullary boýunça öwrediş sapaklaryny geçdiler.

„Tegelek stoluň“ çäklerinde ministrligiň we paýtatymyzdaky hassahanalaryň ýolbaşçylary «Siemens» kompaniýasynyň wekilleri bilen lukmançylyk enjamlaryna hyzmat etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Geçirilen gepleşikleri teswirläp, «Siemens Healthineers» kompaniýasynyň Merkezi Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlarynda satuwlaryň logistikasy boýunça direktory Wolfgang Şarfenştaýn hassahanalaryň enjamlarynyň we ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň, türkmen lukmanlarynyň hünär ussatlygynyň ýokarydygyny belledi we biziň ýurdumyz bilen özara peýdaly köpýyllyk hyzmatdaşlygyň giňeldijekdigine ynam bildirdi.

Inna BUROWA