Ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk Dohadaky türkmen-katar işewürlik maslahatynyň esasy meseleleriniň hatarynda

Dohada türkmen-katar işewürlik maslahatyna gatnaşyjylar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň hem-de işewür aragatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda täze çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşýarlar.

«St.Regis Doha» myhmanhanasynda geçen duşuşyga türkmen hökümetiniň agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralaryň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary, Kataryň döwlet düzümleriniň we iri kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmek maslahatyň esasy meseleleriniň biri boldy. Türkmenistanyň uglewodorod kuwwatlylyk gory nebitiň 71 milliard tonnasyna barabardyr, şonuň 53 milliard tonnasy gury ýerdäki känlere düşýär, 18 milliard möçberindäki gory bolsa deňizdäki bölege degişlidir.

Türkmenistanyň öňdebaryjy energetika ýurtlarynyň biri (tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde 4-nji orun) hökmündäki derejesi “Galkynyş” käniniň serişdelerine berlen baha bilen tassyklanyldy. Şeýle baha bermek işini «Gafney, Cline&Associates» kompaniýasy ýerine ýetirdi. Garaşsyz barlagyň maglumatlaryna görä, “Galkynyş” käniniň gory Ýaşlar käni bilen bilelikde alanyňda häzirki günde 26,2 trillion kub metr gaza, şu toplumda açylan Garakel käniniň nazara alynmagy bilen bolsa onuň gory 27,4 trillion kub metre çenli barabardyr.

Türkmenistanyň çäklerinde känleriň hem-de nebitiň we gazyň geljegi uly bolan düzümleriniň 180-den gowragy açyldy. Ýurdumyz Merkezi Aziýada tebigy gazy esasy iberijileriň hataryna girýär hem-de onuň eksoptyny artdyrmak üçin uly kuwwata eýedir.

Pudaga daşary ýurtlaryň göni maýa goýumyny çekmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri Hazaryň türkmen böleginiň deňiz toplumynyň özleşdirilmegidir. Onuň serişde kuwwaty, milli we daşary ýurt bilermenleriniň baha bermegine görä, nebitiň 12 milliard tonnasyna we gazyň 6,2 trillion kub metrine barabardyr. Häzirki wagtda daşary ýurt kompaniýalary bilen baglaşylan, önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşygyň şertlerinde deňiz toplumynyň 5-isinde işler alnyp barylýar.

Gazyň Hytaýa we Eýrana iberilmegi bilen bir hatarda ýurdumyz, şeýle hem Ýewropa we Aziýa ugurlaryny goşmak bilen, eksport etmegiň beýleki ýollarynyň üstünde işleýär.Şu babatda umumy uzynlygy 1814 kilometr we taslama kuwwatlylygy bir ýylda 33 milliard kub metr bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ähmiýeti bellenildi.

Ýurdumyzyň häzirki zaman gazulag ulgamyny döretmegiň hem-de türkmen tebigy gazyny ibermegiň täze eksport ugurlaryny işläp taýýarlamagyň çäklerinde 2015-nji ýylda uzynlygy 800 kilometre golaý bolan, geçirijilik ukyby ýylda 30 milliard kub metr tebigy gaza barabar bolan “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygy tamamlandy.

Türkmenistan uglewodorod serişdelerini toplumlaýyn gaýtadan işlemekde täze ugurlary ösdürmek boýunça-de işleri işjeň alyp baryp, dünýä bazarlarynda uly isleglerden peýdalanýan himiýa önümleriniň hem-de polimerleriň önümçiligini özleşdirýär.

Maslahatda ýakyn geljekde durmuşa geçiriljek iri maýa goýum taslamalary, şol sanda kuwwaty ýylda 33 milliard kub metr harytlyk gaza barabar bolan “Galkynyş” gaz ýatagyny özleşdirmegiň üçünji tapgyry ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Ol TOPH gaz geçirijisini tebigy gaz bilen üpjün eder. Şeýle hem tebigy gazdan pes dykyzlykdaky polietilen, polipropilen, poliwinilhlorid we beýleki himiýa önümlerini öndürýän gaz-himiýa toplumlarynyň ikisini, şeýle hem tebigy gazdan suwuk nebit önümlerini (GTL) öndürýän zawody gurmak meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen hünärmenleri täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmak boýunça birnäçe anyk pikirlerini aýtdylar. Hususan-da, “Uglewodorod serişdeleri hakynda” hereket edýän Kanunyň esasynda önümi paýlaşmak hakynda Şertnamanyň, ýataklary we gazhimiýa önümçiliklerini gurmagyň taslamalary boýunça hyzmatlar şertnamasynyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň birnäçe görnüşi, şeýle hem nebitgaz enjamlaryna hyzmat etmek we abatlamak, önümçilik işini we önümleriň marketingini dolandyrmak üçin bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça teklipler aýdyldy.

Türkmen-katar işewürlik maslahatynyň çäklerinde degişli ugurlaryň döwlet we hususy düzümleriniň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar meýilleşdirilýär.