Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dohanyň «Al Şakab» atçylyk sport toplumyna baryp gördi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet saparynyň barşynda Dohoda geçirilen gepleşikler tamamlanandan soňra kataryň Emiri bilen Dohanyň “Al Şakab” atçylyk sport toplumyna baryp gördi.


Soňra döwlet Baştutanymyz “Al Şakab” belli atçylyk-sport toplumynyň işiniň gurluşy bilen tanyşdyryldy. Belent mertebeli türkmen myhmanyna nalyň görnüşinde taslamalaşdyrylan bu toplumyň ähli sahnalarynyň hem-de beýleki desgalarynyň şekili görkezildi.

Bu ýerde Türkmenistanyň Baştutany dünýä belli atçylyk sport toplumy bilen tanyşdyryldy. Hormatly Prezidentimize ýörite ýataklary bolan athanalary, dürli ölçegdäki manežleri, konkur we atlary gezdirmek üçin açyk meýdançalar, tomaşa münberleri, ýaryşlary we türgenleşikleri geçirmäge niýetlenen bölümleri, atlara ýokary derejeli ideg edilýän otaglary bolan atçylyk-sport toplumynyň düzümine girýän her bir desganyň gurluşy we ähmiýetli aýratynlyklaryny synlady.


Şeýle hem bedewlere aýratyn gadyr goýýan we tejribeli çapyksuwar döwlet Baştutanymyz katar hünärmenleriniň atlary taýýarlamak hem-de seýislemek bilen baglanyşykly usullary we ýörelgeleri bilen tanyşdy. Milli Liderimiz bu ýerde alnyp barylýan tohumçylyk-seçgi işleri we at çapmagyň syrlarynyň öwredilişi bilen gyzyklandy.

Ýapyk manežde milli Liderimize has saýlama bedewler görkezildi.