VAziada taýýarlygyň çäklerinde haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä guramasynyň bilermenleri Türkmenistana geldiler

Olar Döwlet weterinar gullugynyň we „Türkmen atlary“ Döwlet birleşiginiň hünärmenleri bilen bilelikde haýwanlarda keseleriň käbirlerini ýüze çykarmak boýunça barlaglar geçirdiler. Munuň özi konkuryň Aziada-2017-iň maksatnamasyna girizilendigi sebäpli wajypdyr.

Häzirki wagtda atlaryň uýan ganynyň barlagynyň esasynda wirusly we gan parazitar keselleriniň barlagy, meýilnamalaşdyrylan sanjymlar, bedewleri pasportlaşdyrmak we olaryň hereketine gözegçilik, beýleki epizootiki çäreler, şol sanda haýwanlaryň saglygyna işjeň gözegçilik işleri alnyp barylýar.Ýurtdaky goşa toýnaksyz haýwanlaryň, şol sanda düýeleriň we eşekleriň hem hemmesiniň gany barlanylýar. Zerur seljermeleriň ählisi MEB-iň ygtyýarly laboratoriýalarynda, hususan-da BAE-de geçirilýär. Döwlet weterinar gulluklary ahal-teke bedewleriniň baş sanyny, olaryň saklanýan ýerlerini hasaba almak, reňkini ýazga almak we beýleki maglumatlary ýygnamak boýunça çärelere gatnaşýarlar. Toplanan maglumatlaryň esasynda ýurtda goşa toýnaksyzlaryň, şol sanda ahal-teke bedewleriniň ýerleşýän ýerleriniň kartasy düzülýär.

MEB-iň wekillleri ilkinji gezek geçen ýylyň tomsunda we güýzünde ýurdumyza gelipdiler. Birnäçe ýüz haýwanlaryň keselleri babatda barlaglar geçirildi. MEB-iň bilermenleriniň saparynyň çäklerinde şu ýylyň fewral aýynyň ikinji ýarymynda-da şeýle çäre amala aşyrylypdy. Bilelikdäki iş Halkara atylyk sporty federasiýasynyň Weterinar düzgüniniň çäklerinde geçirildi, Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrligi bu gurama bilen hyzmatdaşlyk edýär. MEB-iň wekilleri türkmen kärdeşleriniň dessinligini we işe jogapkärçilikli çemeleşýändiklerini bellediler. Olaryň indiki saparlary şu ýylyň maý we awgust aýlarynda bolar.

Türkmenistana tohum sport atlaryny getirmek üçin şertleri döretmek işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Kesgitlenilen weterinariýa kadalaryna laýyklykda çäklendirilen meýdanlar döredildi. Ol Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinden Baharly etrabyna çenli aralygy tutýar. MEB-iň halkara bilermenleri „Türkmen atlary“ Döwlet birleşiginiň ýanyndaky golaýda gurlan Karantin merkezinde baryp görenlerinde onuň atlary kabul etmäge taýýarlygyna oňyn baha berdiler. Türgenleşiklerdir ýaryşlar Aşgabadyň atçylyk sporty toplumynda we Halkara ahal-teke atçylyk sporty toplumynda geçiriler, bu ýerlerde hem taýýarlyk çäreleri alnyp barylýar.

Häzirki wagtda dünýäniň dürli ýurtlaryndaky şahsy at saklaýanalardan we bileleşiklerinden atlaryny Aziada gatnaşdyrmaga isleg bildirilen hatlaryň 19-syna garalýar, degişli identifikasiýa belgileri we ygtyýarnamalary taýýarlanylýar.