29 Aprel 2017, 00:58



Aşgabatda Hazar deňzinde ýüzmegiň howpsuzlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar

16.03.2017

Şu günler Aşgabatda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda Hazarýaka döwletleriniň arasynda “Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamanyň” taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça gepleşikleriň nobatdaky tapgyry geçirilýär. Oňa gatnaşmak üçin bu ýere Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň wekilleri geldiler.

Duşuşygyň barşynda deňiz gämileriniň heläkçiliginiň öňüni almak, gämileriň dolandyryjy işgärleriniň hem-de ýolagçylarynyň ömrüni we saglygyny goramak, ulag serişdeleriniň we olarda daşalýan ýükleriň abatlygyny üpjün etmek ýaly ýokarda ady agzalan Teswirnamanyň möhüm wezipelerini çözmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, gün tertibine deňiz gämileriniň enjamlaşdyrylyşyna, degişli kadalaryň we ölçegleriň ýerine ýetirilişine, gämileri dolandyryjylaryň hünär derejesine bildirilýän talaplara garalmagy girizildi. Şeýle hem taraplar deňizde gözleg we halas ediş işlerini guramak, deňiz menzillerinde gözegçilik etmek, heläkçilikleri derňemek, deňizde ýüzmek üçin howply bolan daşky şertleriň, şol sanda deňiz gurşawynyň hapalanmagynyň, emeli deňiz desgalary bolan ýerasty geçirijileriň dürli görnüşleriniň, buraw desgalarynyň we beýlekileriň ýaramaz täsiriniň öňüni almak meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi