24 Mart 2017, 07:01



Dohadaky gepleşikler Türkmenistanyň we Kataryň gatnaşyklary giňeltmäge bolan meýillerini berkitdi

16.03.2017

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar Döwletine döwlet saparynyň ikinji, jemleýji güni boldy.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn Dohada ýokary derejede türkmen-katar gepleşikleri geçirilip, uly üstünlige eýe boldy. Dostlukly döwletleriň Liderleriniň nobatdaky duşuşygynyň jemleri hyzmatdaşlykda toplanan oňyn tejribäni hem-de bar bolan uly mümkinçilikleri nazara almak bilen, taraplaryň döwletara gatnaşyklaryna hil taýdan täze mazmun bermäge çalyşýandygyny tassyklady.

Ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň Baştutanlary ýurtlarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ozal gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmaga gönükdirilen anyk ädimleri kesgitlediler.

Strategik ugurlarda, ozaly bilen söwda-ykdysady ulgamda tagallalary netijeli birleşdirmegiň mümkinçilikleri duşuşygyň esasy meselesi boldy. Bellenilişi ýaly, taraplaryň özara gatnaşyklarynyň anyk netijeleri getirip biljek ugurlary köpdür. Iki ýurduň döwlet we telekeçilik düzümleriniň arasyndaky işewür gatnaşyklary ösdürmek üçin önümçilikde uly mümkinçilikler açylýar. Olar ykdysadyýetiň energetika, gaýtadan işleýän, himiýa we dokma senagatlary ýaly ýokary tehnologiýaly pudaklarydyr.

Ýangyç-energetika toplumy döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Biziň ýurtlarymyzy energiýa serişdeleriniň, hususan-da, tebigy gazyň uly gorlaryna eýe bolup durýar. Munuň özi degişli ugurda hyzmatdaşlygy berkitmek üçin şertleri döredýär. Türkmenistan ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge, onuň halkara energetika ulgamyna goşulmagyna gönükdirilen strategiýany amala aşyrmagyny ynamly dowam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, dünýä belli katar kompaniýalarynyň Hazaryň türkmen böleginde durmuşa geçirilýän taslamalara hem-de ýurdumyzyň nebitgaz pudagy üçin enjamlary getirmäge gatnaşmaga mümkinçiligi hakynda teklip aýdyldy. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijini gurmagyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Kataryň iri maliýe we maýa goýum düzümleriniň bu transmilli taslamanyň amala aşyrylmagyna gatnaşmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga gyzyklanmanyň bardygyny aýtdy.


Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk türkmen-katar gatnaşyklarynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlendi. Şunuň bilen baglylykda, gepleşikleriň barşynda Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Omanyň hem-de Kataryň arasynda halkara ulag we üstaşyr geçelgelerini döretmek hakynda gol çekilen Ylalaşygyň ähmiýeti bellenildi. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy Merkezi Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam eder.

Ylym-bilim ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Kataryň Bilim, ylym we jemgyýetçilik ösüşi gaznasynyň derejesindäki gatnaşyklara uly orun berildi. Sport ulgamynda netijeli gatnaşyklary berkitmek üçin uly mümkinçilikler açylýar.

Sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek Türkmenistanda hem, Katarda hem döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şonuň bilen birlikde, sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny nazara almak bilen, ýurdumyz uly möçberli ýaryşlary guramakda we geçirmekde dostlukly döwletiň baý tejribesine uly gyzyklanma bildirýär.

Umuman, geçirilen gepleşikleriň jemleri iki hyzmatdaş ýurduň we olaryň Liderleriniň arasynda emele gelen özara düşünişmegiň ýokary derejesini, Türkmenistanyň hem-de Katar Döwletiniň iki halkyň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeltmäge hemmetaraplaýyn taýýardygyny görkezdi.

Energetika, standartlaşdyrmak, ygtyýarlandyrmak, metrologiýa we akkreditasiýa, biologiki köpdürlülik hem-de janly tebigaty goramak ulgamlarynda, howa gulluklarynyň ugry boýunça we iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen resminamalara gol çekilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Söwda-ykdysady ulgam hem-de maýa goýumlary Dohada geçirilen gepleşiklerde döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi. Bu mesele hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar Döwletine döwlet saparyna gabatlanylan türkmen-katar işewürler maslahatynyň gün tertibinde esasy mesele boldy. Şol işewürlik duşuşygy iki ýurduň giň ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge çalyşýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Onuň barşynda ýola goýlan gatnaşyklar özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmäge ýardam eder.

Milli Liderimiziň tabşyrmagy boýunça türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň katarly kärdeşleri bilen duşuşyklarynyň barşynda hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary anyklaşdyryldy. Taraplar özara gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň çäklerinde gatnaşyklary üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, olary giňeltmek boýunça birnäçe teklipleri aýtdylar.

Türkmen-katar gatnaşyklary asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar we umumy ruhy-medeni gymmatlyklarda jemlenen dostlukly gatnaşyklara esaslanýar. Häzirki wagtda bu gymmatlyklar iki doganlyk halkyň has-da ýakynlaşmagyna ýardam edýär. Munuň özi saparyň öňüsyrasynda Katar Döwletinde geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günlerinde tassyklanyldy.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletine döwlet saparynyň çäklerinde Kataryň Maýa goýum edarasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Şeýh Abdullah ben Muhammad ben Saud Al-Tani bilen duşuşdy.

Şeýh Abdullah ben Muhammad ben Saud Al-Tani türkmen Liderini mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiziň şu saparynyň hem-de 15-nji martda ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm tapgyry alamatlandyryp, hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, Katarda Türkmenistanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe oňyn özgertmeler ýolunda gazanan haýran galdyryjy üstünlikleri ruhubelentlik bilen kabul edilýär.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň Katar Döwleti bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady. Şol gatnaşyklar bolsa okgunly ösýär hem-de netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ägirt uly kuwwata eýedir.

Duşuşygyň barşynda diwersifikasiýalaşdyrmak, senagatlaşdyrmak hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak ýörelgeleri esasynda milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak boýunça ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli maksatnamalary nazara almak bilen, Türkmenistanyň we Kataryň Maýa goýum edarasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi barada özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän iki ýurt üçin hem strategiki häsiýete eýe bolan ýangyç-energetika ulgamy, ýokary tehnologiýaly nebit we gazhimiýa önümçiliklerini döretmek, ulag-aragatnaşyk hem-de beýleki ulgamlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başyny başlaýan, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän iri düzümleýin taslamalaryň maýa goýum ulgamynda netijeli gatnaşyklar üçin oňat mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy. Munuň özi iki döwletiň bähbitlerine laýyk gelýär. Olaryň hatarynda kuwwaty ýylda “mawy ýangyjyň” 33 milliard kub metrine barabar bolan Türkmenistan-Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça halkara energiýa taslamasy bar.

Bu taslamany iş ýzünde amala aşyrmak maksady bilen, “TAPI Pipeline Company Limited” konsorsiumy döredildi. “Türkmengaz” döwlet konserni onuň öňbaşçysy bolup durýar. Meşhur daşary ýurt kompaniýalary Aziýanyň ösüş banky ýaly abraýly halkara düzümiň gatnaşmagynda maliýeleşdirilýän bu giň möçberli taslama uly gyzyklanma bildirýärler.

“Galkynyş” iri gaz känini mundan beýläk-de özleşdirmek, Hazaryň türkmen ýalpaklygynda ýangyç serişdelerini işläp geçmek boýunça taslamalaryň hem hyzmatdaşlyk üçin geljegi uly hasaplanylýar.

Ulag ulgamynda gatnaşyklar barada aýdylanda bolsa, bu babatda halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda ozal gol çekilen Ylalaşygy nazara almak bilen, hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler açylýar. Bu geçelge Merkezi Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryny öz aralarynda baglanyşdyryp, sebitara we kontinental ähmiýetli multimodal ulag düzüminiň möhüm bölegi bolmalydyr.

Ulag-kommunikasiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistan giň möçberli toplumlaýyn işleri geçirýär, şol sanda döwrebap awtomobil we demir ýollary, degişli inžener-tehniki desgalary gurýar, bu ugurda sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge saldamly goşant goşýar. Ýakynda Amyderýanyň üstünden gurlan Türkmenabat — Farap demir we awtomobil ýollarynyň açylyş dabarasy boldy.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyry — ýurdumyzy goňşy Owganystan bilen baglanyşdyran polat ýol işe girizildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň öz tarapyndan ulag ýaly strategiki ulgamda netijeli hem-de ysnyşykly hyzmatdaşlyga hemişe taýýardygy nygtaldy.

Şunuň bilen birlikde, beýleki ulgamlarda, şol sanda dokma senagaty ugry boýunça hyzmatdaşlyk üçin hem amatly şertler bar. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda ýerli çig maldan öndürilýän, daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan dürli ýokary hilli önümleri çykarýan, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap dokma önümçilikleriniň onlarçasy hereket edýär.

Ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy täze sepgitlere çykarmakda yzygiderli geçirilýän işewür duşuşyklara möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet saparyna gabatlanylyp Dohada geçirilen türkmen-katar işewürler maslahatynyň uly ähmiýeti bardyr. Bu maslahat taraplaryň uzakmöhletleýin esasda netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassyklady. Mundan başga-da, Kataryň paýtagtynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýän türkmen eksport harytlarynyň sergisi guraldy.

Bellenilişi ýaly, Katar Döwletiniň işewür toparlary geljegi uly türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýärler. Bu ýerde üstünlikli hyzmatdaşlyk üçin ähli zerur şertler döredildi. Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän oňyn daşary syýasatynyň Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny hem-de ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmündäki abraýyny has-da belende galdyrandygy nygtaldy.

Ýurdumyzyň innowasion ykdysadyýeti döretmäge alan ugry, daşary ýurtly maýadarlar üçin has amatly ýagdaýlaryň döredilmegi, daşary ýurt maýalarynyň goraglylygynyň kepillendirilmegi özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryna çykmak hem-de maýa goýum taslamalaryny bilelikde durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň katarly hyzmatdaşlaryň hyzmatdaşlyk etmegi boýunça ähli tekliplerine garamaga taýýardygyny tassyklap, Kataryň Maýa goýum edarasynyň ýolbaşçysyny hem-de wekillerini ýurdumyza gelip görmäge çagyrdy. Şeýh Abdullah ben Muhammad ben Saud Al-Tani türkmen Liderine çakylygy hem-de türkmen-katar hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, katar tarapynyň ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge hem-de giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Kataryň Maýa goýum edarasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory däp bolan döwletara gatnaşyklaryň dostluk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanyp, mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Kataryň Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça gaznasynyň (Quatar Foundation) ýolbaşçysy Şeýh Hind bint Hamad Al Tani bilen hem duşuşdy. Duşuşyga Gaznanyň beýleki resmi wekilleriniň hem birnäçesi gatnaşdy.

Gaznanyň ýolbaşçysy türkmen Liderini mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Katara saparynyň uly üstünlige eýe bolýandygy bilen gutlady hem-de söhbetdeşligiň barşynda ileri tutulýan ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşmeýilli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, biziň ýurdumyzyň Katar Döwleti bilen köpugurly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady. Ýokary derejede geçirilen şu gezekki duşuşyk hem şol gatnaşyklaryň möhüm tapgyryna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz düýn Dohada geçirilen gepleşikleriň barşynda iki doganlyk ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyna, ruhy-medeni taýdan baýlaşmagyna ýardam etjek medeni-ynsanperwer gatnaşyklara uly üns berlendigini belledi.

Duşuşygyň çäklerinde Kataryň Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça gaznasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Bu Gazna “adam kapitalyna” maýa goýumlaryny goýmak, bilimiň innowasion nusgasyny kemala getirmek bilen baglanyşykly iri taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gaznanyň bu ugurdaky işine aýratyn ähmiýet berýändigini hem-de milli bilim ulgamyny ösdürmek, hususan-da, arap dilini öwrenmek boýunça bilelikdäki maksatnamalary hem-de taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Kataryň meşhur halkara uniwersitetleriniň şahamçalaryny döretmek babatda toplan tejribesiniň hem uly gyzyklanma döredýändigini belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda Gaznanyň özüniň maliýeleşdirýän ylmy barlaglarynda saglygy goraýyş, energetika, maliýe-bank ulgamlary, jemgyýetçilik ylmy ýaly möhüm ugurlara üns berýändigi bellenildi. Suw we energetika howpsuzlygy boýunça aýratyn işler alnyp barylýar. Iri mowzuklary çuňlaşdyryp öwrenmek üçin netijeli çäreler görülýär.

Gaznanyň ştab-kwartirasy Kataryň bilim şäherjigi diýlip atlandyrylýan bilim merkezinde ýerleşýär. Ol uniwersitetleriň uniwersiteti bolup durýar. Bu ýerde bilim we barlag institutlarynyň toplumy jemlenendir. Olar ylmy işleri alyp barýanlara dünýä derejeli tehniki üpjünçiligi hödürleýärler.

Gazna dünýäniň dürli ýurtlarynyň uniwersitetleri, Amerikanyň we Ýewropanyň ylym-bilim merkezleri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Hususan-da, Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça gaznanyň agzasy bolup durýan Hamad ben Halifa uniwersitetinde (HBKU) magistratura we doktorantura bar. Olarda maliýe ulgamy, energetika we häzirki zaman lukmançylygy meseleleri boýunça ylmy-barlaglar geçirilýär.

Ylmyň bilim bilen ysnyşykly özara gatnaşyklary katar ylmynyň güýçli tarapy bolup durýar. Şunda ylmy-barlag wezipeleri okuw maksatnamalary bilen utgaşdyrylýar. Iň täze ylmy edebiýaty terjime etmäge uly üns berilýär. Kataryň ýolbaşçylary ylmy we bilimi syýasatyň strategiki ugry hasaplaýarlar.

Söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nanotehnologiýalar, himiýa we biotehnologiýalar ulgamynda Türkmenistanda alnyp barylýan işläp taýýarlamalar barada gürrüň berip, olar boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagy teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen we katar alymlarynyň özara gatnaşyklaryny utgaşdyrmak boýunça ýörite iş toparyny döretmegiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz ekologiýa meselelerini, şol sanda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseläni öňe sürdi.

Netijeli ylmy işler, dürli ulgamlarda bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Kataryň Milli ylym gaznasynyň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň we Kataryň Ylym hem-de Tehnologiýalar parkynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak üçin uly kuwwatyň bardygy nygtaldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Golýazmalar institutynyň we Kataryň arap-yslam mirasy kitaphanasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ilatynyň saglygy baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny we Katarda hem bu meselä uly üns berilýändigini nygtap, ýurdumyzyň saglygy goraýyş merkezleriniň hem-de Kataryň Biolukmançylyk barlaglar merkeziniň, “Sidra” lukmançylyk barlag merkeziniň arasynda gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini aýtdy.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda bu ulgamda uly öňegidişlik gazanyldy: bejeriş — öňüni alyş, anyklaýyş we ylmy-kliniki ugurly saglygy goraýyş edaralarynyň giň gerimli ulgamyny döretmek, saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamak hem-de hünärini ýokarlandyrmak ulgamyny kämilleşdirmek, innowasion işläp taýýarlamalary, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen birlikde, ýokary derejeli lukmançylyk kömegine giň elýeterlilik, lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, olaryň lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryna laýyklygy üpjün edildi.

Ýurdumyzda ilata lukmançylyk hyzmatyny mundan beýläk-de gowulandyrmak işi döwrebap tehnologiýalary yzygiderli täzelemek esasynda alnyp barylýar. Şunda bütin dünýäde täze ylmy açyşlar, saglygy goraýşyň innowasion ösüşi, iş tejribesine yzygiderli ornaşdyrylýan öňdebaryjy usullar nazara alynýar.

Milli Liderimiz Türkmenistanda ösüp gelýän nesle uly üns berilýändigini, şunuň bilen baglylykda, Katarda çagalar üçin ýörite telewizion gepleşikleri döretmek tejribesiniň aýratyn gyzyklanma döredýändigini belledi.

Gaznanyň baştutany ýokarda agzalan ulgamlarda hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim edip, energetika ulgamynda ylmy gatnaşyklaryň uly geljeginiň bardygyny aýtdy. Türkmenistan bu ulgamda halkara ähmiýetli iri taslamalary yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, energiýa serişdeleriniň durnukly we ygtybarly iberilmegini üpjün etmäge uly goşant goşýar. Munuň özi häzirki döwrüň esasy wezipeleriniň biridir.

Häzirki wagtda Türkmenistanda täze gaztrubinalary elektrik stansiýalaryny gurmaga hem-de hereket edýänlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär, täze elektrik geçiriji hem-de paýlaýjy ulgamlar gurulýar. Iň täze energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlary ulanmak ýurdumyzyň energetika pudagynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostluk, doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge saldamly goşant goşýandygy üçin Şeýh Hind bint Hamad Al Tanä minnetdarlyk bildirip, ony hem-de Kataryň Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça gaznasynyň wekiliýetini bilelikdäki işiň geljegi uly ugurlaryny hem-de anyk taslamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy.

Gaznanyň baştutany hoşlaşanda, hormatly Prezidentimize ähli asylly başlangyçlarynda hem-de giň möçberli özgertmeler işinde täze uly üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, bagt we rowaçlyk arzuw etdi.

Döwlet saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, milli Liderimiz Doha şäheriniň halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.

Biraz wagtdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabadyň Halkara howa menzilinde gondy, şol ýerde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi