V Aziada gatnaşmak üçin futzal boýunça milli ýygyndy toparyň düzümi belli boldy

Türkmen futzalçylary Ispaniýada okuw-türgenleşik ýygnanşygyny geçirdiler. Milli ýygyndy toparymyzyň baş tälimçisi, ýaponiýaly hünärmen Keoheý Nakamuranyň pikirine görä, ol çakgan, çalt ösýän oýnuň tilsim aýratynlyklaryny deňeşdirmäge mümkinçilik berýär. Ýaponiýada oýunçylar tizlige üns berip, pökgüni bir-birine galt geçirip, goranyşdan derrew hüjüme geçýän bolsalar, Ispaniýada welin tilsimli oýun ýörgünlidir, oýunçy käte topy özünde artygrak saklasa-da, bir gyzygansoň ondan pökgüni alaýmak öte kyn bolýar. Azerbaýjan futzaly hem ispanlaryňka meňzeş, onda esasan goranyşa üns berilýär, futzal boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary taktiki-tehniki usullaryň köp görnüşi bilen tanyşdy.

Ýygyndy toparymyz Walensiýanyň golaýyndaky kiçeňräk Benidorma şäherinde boldy, bu ýerde toparymyzyň türgenleşiklerdir oýunlar geçirmegi üçin örän gowy şertler döredildi.

Ildeşlerimiz ilkinji oýunda ikinji liganyň „Kalpe“ kluby bilen duşuşyp, ondan 7:2 hasabynda üstün çykdy. Ispaniýanyň futzalynda Ýokary liga, 1-nji, 2-nji, 3-nji, 4-nji ligalar hem bar, şonuň üçinem bäsdeş saýlamakda kynçylyk döremedi.

Birinji liganyň „Deniýa“ kluby bilen geçirilen oýunda ýygyndy toparymyz 5:6 hasabynda ýeňildi. Ikinji liganyň „Elçe“ kluby bilen üçünji duşuşykda weli, Türkmenistanyň ýygyndy topary 9:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Hut şu oýundan soň ispan metbugaty türkmen futzalçylarynyň oýnuny belledi we ispan klublaryna biziň oýunçylarymyza üns bermegi maslahat berdi...

Ýygyndy toparymyz oýunlardan daşgary adatdakysy ýaly türgenleşiklerem geçirdi. Olaryň beden taýýarlygy 1-nji liganyň „La Willa“ kluby bilen dördünji oýny deň tamalamaga mümkinçilik berdi.

Ispan futzalynyň Ýokary ligasyndan „Kartahena“ kluby bilen geçirilen duşuşyk has gyzykly geçdi. Ildeşlerimiz çakganlykda, ýiti hüjümde ýer eýelerinden rüstem geldiler, olaryň bäsdeşelriniň derwezesine jogapsyz dört pökgi salmagy-da muňa şaýatlyk edýär!

Ýygnanşygyň soňky oýny 2-nji ligadan „Se Gorbe“ kluby bilen boldy, ol 3:3 hasabynda deň tamamlandy.

Toparymyzyň halypasy ýygnanşygyň netijelrinden kanagatlanýandygyny belledi. Birinjiden, ýygyndy toparyň 16 oýunçysyyň ählisi oýunlarda synaldy, topardaa oýnajaklaryň 90% belli boldy. Taktiki usullaryň birnäçesi ulanyldy, oýunçylaryň özara düşünip oýnaýşy barlanyldy. Ýygyndy toparymyz hüjüme ökde, garşylyklaýyn hüjümleri şowly bolýar. Goragda käbir meseleler bar, derwezebanlaryň oýny alada goýýar. Kemçilikleri düzetmäge wagt bar, zerur düzedişler giriziler-diýip, ýygyndy toparymyzyň baş tälimçisi Keoheý Nakamura nygtady.

Aşgabada gelensoň türgenler öz klubyna gitdiler, olar öz toparlarynyň hatarynda futzal boýunça Aşgabadyň açyk çempionatyna gatnaşarlar. Maý aýynyň ahyrynda ýygyndy toparymyz Ýaponiýada geçiriljek uly halkara ýaryşyna gatnaşar, ildeşlerimiz Perunyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Awstraliýanyň, Wýetnamyň toparlary bilen güýç synanşar.