24 Mart 2017, 07:01



Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň güni döredildi

17.03.2017

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň güni döredildi. Täze hünär baýramy her ýylyň 7-nji martynda – Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleriniň açylyp, ulanmaga berilen güni belleniler.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda” 2015-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda çykaran Permanyny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.