29 Aprel 2017, 00:57



«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň ady «Türkmenhowaýollary» gullugy diýlip üýtgedildi

17.03.2017

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň ady “Türkmenhowaýollary” gullugy diýlip üýtgedildi. Bu çözgüt Türkmenistanyň raýat awiasiasynyň işini kämilleşdirmek we ony dolandyrmagyň düzümini halkara ölçeglerine laýyk getirmek maksady bilen kabul edildi.

“Türkmenhowaýollary” gullugyna Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlap, Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.