26 Maý 2017, 21:57



Dynç gününiň geçirilmegi bilen baglylykda 2017-nji ýylyň 20-nji marty iş güni däl diýlip hasap ediler

17.03.2017

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti “Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda” Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, 2017-nji ýylyň 19-njy martyndaky dynç güni 20-nji marta - duşenbe gününe geçirilýär.

Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Şeýlelikde, şu ýyl Nowruz baýramy üç gün – 20-22-nji mart aralygynda belleniler.