29 Aprel 2017, 00:53



Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

17.03.2017

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere hem-de resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.

Milli Liderimiz mejlisi açyp, 21—22-nji martda ýurdumyzda Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz baýramynyň giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy. Dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biri bolan Nowruz baýramy umumadamzat medeni ösüşinde aýratyn orny eýeleýär. Bu halkara baýramynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Halkara Nowruz baýramy halklary dost-doganlyga, asudalyga we agzybirlige çagyrýar. Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we birek-birege hormat goýmak däplerini berkidýär. Dünýäniň köp halklary bilen birlikde, türkmen halky hem ajaýyp Nowruz baýramyny uly dabara bilen giňden belleýär.

Milli bahar baýramy täze durmuşyň başlanýandygyny, tebigatyň janlanýandygyny alamatlandyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Nowruzyň gelmegi bilen, oba hojalygynda daýhançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanýan ildeşlerimiz üçin örän jogapkärli we gyzgalaňly döwür başlanýar. Milli mirasymyz bolan Nowruz baýramyny biz şu ýyl hem ähli welaýatlarda uly dabaralara besläp giňden belläp geçeris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Mary welaýatynda bolsa bu baýramy döwlet derejesinde geçireris diýip, milli Liderimiz belledi. Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we olaryň üsti bilen tutuş halkymyzy baharyň buşlukçysy bolan Halkara Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ýurdumyzyň ähli halkyna berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, egsilmez rysgal-döwlet, asuda we bagtyýar durmuş arzuw etdi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ilatynyň Milli bahar baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, 19-njy martdaky dynç gününi 20-nji martdaky duşenbe gününe geçirmek hakyndaky Permana gol çekdi. Şeýlelikde, Milli bahar baýramy üç günüň dowamynda giňden we dabaraly belleniler.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, maliýe-ykdysady ulgamyň edaralaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenistanda erkin ykdysady zolaklary döretmegiň 2023-nji ýyla çenli döwür üçin baş ýörelgesiniň taslamasyny taýýarlamagyň çäklerinde geçirilen işler barada habar berdi.

Bu resminama ýurdumyzyň baý mineral serişdelerini toplumlaýyn we rejeli ulanmak, eksport kuwwatyny artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini guramak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, daşary ýurt maýalaryny çekmek, bilelikdäki kärhanalary döretmek maksady bilen işlenip taýýarlanylar. Onuň taslamasynda ýurdumyzda erkin ykdysady zolaklary ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýakyn ýyllar üçin niýetlenen işleriň esasy tapgyrlary barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, erkin ykdysady zolaklaryň häzirki döwürde halkara derejesinde ykdysady gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belledi. Dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamynda şeýle zolaklar okgunly ykdysady ösüşiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Bu ösüş bolsa maglumatlary hem-de tehnologiýalary alyşmagyň, ykdysady taýdan ýakynlaşmak işini çuňlaşdyrmagyň, maýa goýumlaryndan netijeli peýdalanmagyň hem-de halkara haryt dolanyşygyny işjeňleşdirmegiň hasabyna amala aşyrylýar.

Milli Liderimiz bu ugurda geçiriljek işleriň ähmiýetini belläp, onuň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, daşary ýurt maýasyny çekmek arkaly ykdysadyýeti işjeňleşdirmäge mümkinçilik berjekdigini hem-de daşary ýurt maýalarynyň gelmegine ýardam etjekdigini nygtady.

Şunuň bilen birlikde, erkin ykdysady zolaklaryň döredilmegi içerki sarp edijiler bazaryny önümler bilen birkemsiz üpjün etmäge, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmaga, döwrebap bazar düzümini döretmäge, sebitleriň okgunly ösmegine we tutuş ýurdumyzyň rowaçlygyna hem-de türkmen halkynyň abadançylygyna ýardam eder. Hormatly Prezidentimiz baş ýörelgäniň taslamasynyň bu ulgamda hereket edýän milli kanunçylygyň düzgünlerini nazara almak, ýurdumyzdaky ykdysady ýagdaýy seljermek arkaly işlenip taýýarlanylmalydygyny hem-de onda erkin ykdysady zolaklary döretmegiň netijeliligi baradaky maglumatlaryň bolmalydygyny aýdyp, degişli ýolbaşçylara bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de gözegçilik edýän ulgamlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy meselelerine ünsi çekdi, bu strategiýa ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna öňdebaryjy innowasiýa tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, toplumyň senagat düzümini giňeltmegiň, ýurdumyzyň ägirt uly uglewodorod serişdelerini netijeli durmuşa geçirmegiň, gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň esasynda ösdürilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamda öňde goýlan ähli wezipelere oýlanyşykly, toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini nygtap, bu babatda wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Aşgabat—Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamyny ösdürmek, ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň multimodal ulgamyny, üstaşyr geçiriji ýol-ulag ulgamyny kemala getirmek boýunça giň gerimli işleriň geçirilýändigi bellenildi. Ýaňy-ýakynda ulanylmaga berlen, Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap awtomobil köprüsi hem-de gurluşygy alnyp barylýan Türkmenbaşy — Farap we Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýollary we beýlekiler muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmen paýtagtyny deňiz ýakasyndaky şäher bilen birleşdirjek täze awtomobil ýoly Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň 24-nji kilometrinde başlanyp, Ahal welaýatynyň Gökdepe we Baharly etraplarynyň, Balkan welaýatynyň Serdar, Bereket, Türkmenbaşy etraplarynyň hem-de Balkanabat şäheriniň üsti bilen geçer. Bu ýoluň ugrunda 7 sany giriş-çykyş nokatlary göz öňünde tutulyp, ýangyç guýujy beketleri, dynç alyş merkezleri, dükanlary, restoranlary, açyk we ýapyk görnüşli awtoduralgalary, myhmanhanalary, hyzmat ediş bölümleri, Garagum derýasynyň we demir ýolunyň üstünden geçýän awtomobil köprüleri, sil-suw akabalary we beýlekileri gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem ýokary tizlikli awtomobil ýoluny yşyklandyryş we beýleki degişli serişdeler bilen enjamlaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagy ýükleri daşamak boýunça hödürlenýän hyzmatlaryň hilini dünýä derejesine çykarmaga, halkara ulag-üstaşyr ulgamyny döretmäge, goňşy ýurtlaryň arasynda söwda we haryt dolanyşygyny ýokarlandyrmaga, ulag gatnawlaryny artdyrmaga hem-de Türkmenbaşydaky halkara deňiz menziliniň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Wise-premýer bu ýoluň gurluşygynyň ýurdumyz üçin şeýle taslamalaryň ilkinjisidigini belläp, ýoluň ugruny öwrenmek boýunça geologiýa-gözleg işleriniň alnyp barlandygyny, ýurdumyzyň ýer gurluşynyň, toprak we howa şertleriniň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, ýoluň taslamasynyň düzülendigini, zerur bolan gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek üçin kän hojalyklaryny hem-de önümçilik binýatlaryny döretmek boýunça taýýarlyk işleriniň geçirilendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyza Sarahsda Tejen derýasynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada-da hasabat berildi. Uzynlygy 96 metre we ini 15 metre barabar bolan köpri bir gije-gündiziň dowamynda 2 müňe çenli awtoulag geçirmäge ukyplydyr. Häzirki döwürde köpriniň diregleri doly taýýar edildi, olaryň üstüne guýma betonlary guýmak işleri hem-de köpriniň her tarapynda uzynlygy 500 metr bolan awtomobil ýolunyň gurluşyk işleri, bu awtomobil köprüsine barýan umumy uzynlygy 105 kilometr bolan Tejen — Sarahs awtomobil ýoluny düýpli abatlamak işleri alnyp barylýar.

Wise-premýer bu awtomobil köprüsiniň gurulmagynyň goňşy döwletleriň — Türkmenistanyň we Eýranyň arasynda söwda-haryt dolanyşygyny artdyrmaga hem-de halkara ulag gatnawlaryny ýokarlandyrmaga ýardam berjekdigini belläp, Tejen derýasynyň üstünde gurulýan awtomobil köprüsiniň hem-de Tejen-Sarahs awtomobil ýolunyň bellenen möhletde ulanmaga beriljekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň meselelerine ünsi çekip, ýurdumyzyň ulag-logistika mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, dünýäde umumy ykrar edilen talaplara laýyk gelýän döwrebap awtomobil we demir ýollary, köprüleri hem-de okgunly ösýän ulag-aragatnaşyk düzüminiň beýleki möhüm desgalaryny gurmak boýunça amala aşyrylýan taslamalaryň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görülýän çäreleriň Türkmenistanyň durnukly ulag boýunça ählumumy düzümi döretmek baradaky başlangyçlarynyň ilerledilmegine hem-de ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Tejen derýasynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşygynyň goňşy Eýran Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklaryň ösdürilmeginde, aýratyn-da, sebit derejesinde möhüm ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekip, bu işleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow her ýylyň 7-nji martyny Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň güni diýip bellemek babatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer milli Liderimize Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleriniň açylyp, ulanmaga berilmegi mynasybetli oturdylmagy meýilleşdirilýän ýadygärlik nyşanlarynyň nusgalaryny hödürledi.

Şeýle hem howa ulagynyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ulaglar we aragatnaşyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmekde, ilatymyza edilýän ulag we aragatnaşyk hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda toplumyň işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen, “Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň gününi döretmek hakyndaky” Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz howa gatnawlar ulgamynyň işini has-da gowulandyrmagyň möhüm şerti bolan döwrebap usullary türkmen raýat awiasiýasyny dolandyrmak ulgamynda giňden ornaşdyrmak meselelerine ünsi çekip, degişli Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy “Türkmenhowaýollary” gullugy diýlip atlandyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew häzirki döwürde ýurdumyzyň söwda we hyzmatlar ulgamynda, hususy telekeçilikde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatynyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýeti bolan önümçilik pudaklarynyň ösdürilmegi boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda toplumynda we hyzmatlar ulgamynda ýerine ýetirilýän işleriň görnüşlerini artdyrmak we medeniýetini gowulandyrmak olary döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek, aýratyn-da, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talapdygyny belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly bolmadyk ulgamynda durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli ösdürilmegine, hususy telekeçiligiň, önümçilik pudaklarynyň işjeňleşdirilmegine döwletimiziň yzygiderli goldaw berýändigini belläp, täze hususy kärhanalary, aýratyn-da, önümçilik desgalaryny döretmek bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň hususyýetçiligi ösdürmäge döredýän has amatly şertleriniň türkmen telekeçileriniň daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen gatnaşyklarynyň işjeňleşmegine ýardam edýändigini belläp, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli bolmadyk ulgamynda öndürilýän önümleri daşary ýurt bazarlaryna ugratmagyň täzeçil ýollaryny gözlemegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň elektron pudagyny döretmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek strategiýasyna laýyklykda, döwlet-hususyýetçilik gatnaşyklarynyň esasynda bilelikdäki kärhanalaryň döredilýändigi habar berildi. Ýokary öndürijilikli öňdebaryjy enjamlaryň, täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde halkyň köp sarp edýän dürli görnüşli senagat harytlarynyň önümçiligi ýola goýulýar.

Elektron enjamlaryň dürli görnüşleriniň önümçiligini ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleri çözmek maksady bilen, Senagat ministrliginiň “Türkmenmaşyngurluşyk” konserni hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Täze zaman gurluşykçy” hususy kärhanasy bilen “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti esaslandyryldy.

Önümçilikde ýerli serişdeleriň esasynda alnan esasy çig malyň 80 göterimine golaýynyň ulanylmagynyň meýilleşdirilýändigini nazara alanyňda, önümleriň bahasy arzan we elýeterli bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň senagat pudaklaryň durnukly we täzeçil usulda ösdürilmegine, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendigini belledi. Haryt öndürijilere döwlet goldawyny esasy ugur edinýän döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda ýokary hilli senagat önümleriniň giň görnüşini öndürýän täze kärhanalaryň döredilmegi içerki bazary özümizde öndürilen ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmek wezipelerine doly laýyk gelýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz elektron pudagynyň önümçilik kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de artdyrmak, hususy telekeçiligiň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki kärhanalary döretmek babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew saglygy goraýyş, ylym, bilim we sport pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamasy barada habar berdi. Her ýylda 7-nji aprelde ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäreleri guralýar.

Şu ýyl şanly sene mynasybetli Türkmenbaşy şäherinde “Awaza” sport toplumynyň açylyş dabarasy we “Aziada — 2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly maslahat we sergi geçiriler. Şeýle hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň taýýarlanylan nyşanlary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji aprelde geçiriljek Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, şeýle hem ilatymyzyň, aýratyn-da, ösüp barýan ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak maksady bilen, ugurdaş medeni-köpçülikleýin çäreleri, sergileri geçirmegiň, sport ýaryşlaryny, höwesjeň bäsleşikleri hemmetaraplaýyn guramagyň zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz halkara sport maslahatlaryny we sergileri geçirmek, daşary ýurtly wekiliýetleri kabul etmek, onuň ähmiýetini ýokarlandyrmak hem-de oňa maglumat taýdan goldaw bermek bilen baglanyşykly meselelere örän guramaçylykly çemeleşilmelidigini tabşyrdy. Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryny işjeň wagyz etmek, Türkmenistanyň iri sport çäreleriniň, halkara derejesindäki ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrülmegini üpjün etmek boýunça yzygiderli çäreleri guramak döwrüň möhüm meselesidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Aziýa oýunlarynyň alabaýy şekillendirilen tumarynyň görkezilen görnüşlerini düýpli tankyt etdi. Biz Aziada gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň sport ýaryşlaryna tomaşa etmekleri bilen bir hatarda olaryň halkymyzyň baý medeni mirasy, däp-dessurlary, asyrlaryň jümmüşine aralaşyp gidýän milli ýörelgelerimiz, ahalteke bedewleri, alabaýlary we olaryň aýratynlyklary bilen tanyşmaklary üçin ähli zerur şertler we mümkinçilikler döretmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hut şonuň üçin hem milletiň baý mirasy, ruhy we maddy medeniýeti oýunlaryň nyşanynyň üsti bilen beýan edilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňini dowam edip, wezipeborçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, V Aziýa oýunlarynyň nyşanyny taýýarlamakda kemçiliklere ýol berendigi üçin Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory A.Nuwwaýewe berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oýunlaryň tumary hökmünde saýlanyp alnan alabaý itleriniň halkymyz üçin asyrlaryň dowamynda wepaly ýoldaş bolandygyny we häzir hem tutuş dünýäde meşhurlygynyň artýandygyny aýtdy. Alabaý batyrlygy, wepalylygy, sagdynlygy bilen tapawutlanýar. Hut şonuň üçin hem halkymyz alabaý itlerine aýratyn mähir bilen garaýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz milli ýörelgeleri we aýratynlyklary özünde jemleýän Aziada — 2017-niň esasy tumaryny has-da kämilleşdirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi. Bu işe türkmen suratkeşleriniň işjeň gatnaşmagy möhüm bolup durýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýer S.Toýlyýewiň ünsüni ýaşlaryň, aýratyn-da, mekdep ýaşlaryndan başlap, körpe nesilleriň kompýuter sowatlylygyny netijeli işjeňleşdirmegiň zerurdygy bilen baglanyşykly meselelere çekdi. Hut şu maksat bilen ýurdumyzyň 1-nji synp okuwçylaryna degişli netbuklary sowgat berýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy. Körpeler çagalar baglarynda ýönekeý kompýuter programmalaryny öwrenmek bilen, ony ulanmagyň usullaryny ele alýarlar. Ýaşlaryň ösüşine görä, olaryň kompýutere erk etmek derejesi hem ýokarlanmalydyr. Munuň özi häzirki zamanda adam üçin zerur bolan başarnyklaryň iň möhümleridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we ýaşlaryň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny, programmalaşdyrmagyň aýratynlyklaryny öwrenmekleri ugrunda zerur şertleri döretmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew Milli bahar baýramyna bagyşlanylan çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Halkara Nowruz baýramy mynasybetli esasy dabaralar 21-nji martda Mary welaýatynyň merkezindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçiriler. Bu baýramçylyga hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek maksady bilen, degişli ministrlikler, pudak edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde guramaçylyk işleri geçirilýär.

“Türkmeniň ak öýi” binasynyň töwereginde türkmen obasyna mahsus bolan aýratynlyklary özünde jemleýän obanyň keşbi dikeldiler. Halkymyzyň özboluşly däp-dessurlary, milli oýunlary, baýramçylyk dessurlary dabara aýratyn öwüşgin çaýar. Şeýle hem bu ýerde milli amaly-haşam sungatynyň, muzeýleriň, neşir önümleriniň gymmatlyklaryny özünde jemleýän sergi guralar. Onda Watanymyzyň azyk senagatynda we obasenagat toplumynda ýeten sepgitleri görkeziler.

Baýramçylyk maksatnamasyna belli tans we folklor toparlarynyň, tanymal artistleriň hem-de bagşylaryň çykyşlary giriziler. Dabara gatnaşyjylar milli tagamlary taýýarlamagyň usullary bilen tanşyp bilerler. Şöhratly ahalteke bedewler, baýramçylygyň özboluşly bezegi bolar. “Türkmeniň ak öýi” binasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti guralar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda milli medeni mirasy gaýtadan dikeltmek, goramak hem-de wagyz etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler bilen baglylykda, Milli bahar baýramynyň ähmiýetini nygtap, Halkara Nowruz baýramynyň halkymyzyň iň gowy özboluşly ýörelgelerini, dörediji ruhuny hem-de mizemez ynsanperwerlik ýörelgelerini özünde jemleýändigini, häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolandygyny belledi. Türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlary hem-de edim-gylymlary bu ajaýyp baýramçylygyň özenini düzýär, bu ýörelgeler halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we myhmansöýerlik ýaly dessurlarynda öz beýanyny tapýar.

Bularyň ählisi Türkmenistanyň durmuşa geçirýän oňyn Bitaraplyk, “Açyk gapylar” we netijeli halkara hyzmatdaşlygy syýasatynda aýdyň ýüze çykýar, bu syýasat umumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Milli Liderimiz meýilleşdirilen ähli baýramçylyk çäreleriniň ýokary derejede guralmalydygyny hem-de bu baýrama mahsus bolan dabaralaryň gerimi bilen tapawutlanmalydygyny nygtap, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow ýurdumyzyň ähli künjeklerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Häzirki döwürde ak ekinlere ösüş suwuny bermek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de haşal otlara garşy göreşmek işleri dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, wise-premýer obasenagat pudagyny oba hojalyk önümçiligini talabalaýyk esasda ýola goýmaga gönükdirilen öňdebaryjy usullaryň esasynda mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ilatyny dürli görnüşli oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmek meseleleriniň häzirki döwürde obasenagat toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipedigini belledi. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurtlara oba hojalyk önümlerini eksport etmegi guramagyň zerurdygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, goňşy ýurtlarda önüm ýerlemäge ägirt uly bazarlar bolup, olaryň doly derejede we uzak möhletleýin esasda ýerine ýetirilmegi zerur bolup durýar.

Pudagyň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin obasenagat toplumynyň edaralarynyň we kärhanalarynyň düzümleriniň gysga möhletlerde üýtgedilmeginiň zerurdygyny belläp, milli Liderimiz häzirki döwürde ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini esasan daýhan birleşikleriniň öndürýändigini, olaryň bolsa köpüsiniň netijeli işlemeýändiklerini belledi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary, maliýeçiler we ykdysadyýetçiler häzirkizaman tehnologiýalaryny we zähmeti guramagyň täzeçil usullaryny çynlakaý öwrenmelidirler. Zerur bolsa geçirilýän okuwlara hünärmenleri çagyrmaly, ýurdumyzyň oba hojalykçylaryny bolsa tejribe alyşmak üçin daşary döwletlere ugratmaly.

Aýdylanlary jemläp, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna nägilelik bildirdi. Wise-premýere birnäçe tankydy bellikleri aýdyp, döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň depginlerini ýokarlandyrmagy, ýerleriň hakyky eýelerini tapmagy, häzirkizaman tehnologiýalary, şol sanda suwdan netijei peýdalanmak, tohumçylyk işlerini ösdürmegi berk talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, oba hojalygynda zähmeti degişli derejede guramak üçin zerur çäreler görülmelidir. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ak ekinlere ideg işleri we ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk çäreleri bilen baglanyşykly meseleleri yzygideri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa parlamentiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy maksatlaryny we wezipelerini nazara almak bilen, ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny we daşary ýurtlaryň kanunçykaryjylyk tejribesini işjeň öwrenmek hem-de ornaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi.

Häzirki wagtda Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň 20-nji martda geçiriljek nobatdaky 19-njy maslahatyna taýýarlyk görülýändigi, iş toparlarynda täze kanunlaryň we beýleki möhüm resminamalaryň taslamalarynyň taýýarlanylýandygy aýdyldy. Şol resminamalar milli Liderimiziň döwlet ösüşi babatda öňde goýan wezipelerini çalt çözmäge ýardam eder.

Parlamentara gatnaşyklary ýylsaýyn berkidilýär, aýry-aýry döwletler hem-de halkara guramalary bilen özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Gündelik işleriň çäklerinde deputatlar wagyz işlerini, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly kabul edilýän kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň many-mazmuny we ähmiýeti, Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada düşündiriş işlerini geçirýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmegiň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny belläp, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, hereket edýän kanunçylygyň üstüni ýetirmek maksady bilen dünýäniň iň gowy kanunçykaryjylyk tejribesini içgin seljermegiň wajypdygyny aýtdy. Milli kanunçylyk bolsa ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ygtybarly binýady bolmalydyr. Milli Liderimiz halkara hukugynyň kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Çünki kanunlaryň ählisi, ilkinji nobatda, adamlaryň abadançylygyna hyzmat etmelidir, ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, olaryň parahatçylykly we döredijilikli zähmet çekmegi üçin şertleri döretmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlik, berkarar Watanymyzyň halkyna bolsa Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi