Halkara okuw-maslahatynyň barşynda ýurdumyzyň howanyň üýtgemegi meselesi boýunça borçlaryny ýerine ýetirişinň ugurlaryna garaldy

Duşuşygy BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň (BMG ÖM) goldamagynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti gurady. Onuň işine milli pudaklaýyn edaralaryň hünärmenleri, şeýle hem BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň geňeşçisi Daniela Karrington we howanyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça halkara maslahatçysy Robert Pasisko gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek jähtinden 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul edilen Pariž ylalaşygynyň möhümligi bellenildi.

Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynda bugarma gazlarynyň howa goýberilmegini azaltmak boýunça anyk maksatlar we çäreler bellenildi. Onuň durmuşa geçirilmegi ekologiýa howpsuzlygynyň halkara ölçeglerine tapgyrlaýyn geçmäge mümkinçilik berýär. Ekologiýa meseleleri babatda hyzmatdaşlykda işjeň orun eýeleýän Türkmenistan anyk teklipleriň birnäçesini teklip etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejedäki dürli duşuşyklarda we ylmy-maslahatlarda olary beýan etdi. Türkmenistanyň Pariž ylalaşygyny tassyklamagy ýurduň halkara ekologiýa ylalaşyklaryna we tebigaty goraýyş syýasatyna toplumlaýyn çemeleşmäge ygrarlydygyna şaýatlk edýär.

Okuw-maslahata gatnaşanlar kömürturşy gazyň howa goýberilmeginiň we ony azaltmagyň mümkinçilikleriniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Pariž ylalaşygynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişiniň barşyna garaldy. BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň howanyň üýtgemegi boýunça taslamasynyň Milli utgaşdyryjysy ýurdumyzyň bu ugurdaky işi tutuşlygyna özbaşdak maliýeleşdirmäge meýilini belledi. Milli borçlaryň meýilnamasy BMG-nyň ählumumy sanawynda çap ediler, onda BMG-a agza ýurtlar öz teswirlemelerini galdyryp bilerler.

«BMG-nyň Ösüş maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Hökümeti ençeme ýyllaryň dowamynda howanyň üýtgemegine garşy göreş meselelerinde hyzmatdaşlyk edýärler, hususan-da, biz howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyny işläp taýýarlamaga gatnaşdyk,-diýip, BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Witaliý Wremiş belledi.-Häzirki wagtda durnukly şäherleri we „ýaşyl“ ydysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki täze taslamalar işlenip taýýarlanylýar. Hökümet we pudaklaýyn edaralar BMG-nyň Ösüş maksatnamasyny hemmetaraparlaýyn goldýarlar, biz Pariž ylalaşygynyň durmuşa geçirilmeginde netijeli özara hereketlere bil baglaýarys. BMG-nyň Ösüş maksatnamasy Türkmenistanyň Aşgabatda Merkezi Aziýa üçin howanyň üýtgemegi boýunça Sebit merkezini döretmek başlangyjyny goldaýar».