24 Mart 2017, 07:06



Telekeçiler galla öndürmek we ony gaýtadan işlemek boýunça uly möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar

18.03.2017

Könürgenç etrabynyň alyjylar jemgyýetinde çörek bişirýän bölümiň durky täzelendi. Könelişen enjamlara derek Italiýanyň önümi bolan täze ýörüteleşdirilen enjam oturdyldy, ol bir gije-gündizde ýarym tonna golaý çörek-bulka önümlerini bişirmäge mümkinçilik berer. Etrap merkeziniň söwda nokatlaryna önümleriň iki görnüşiniň ilkinji tapgyrlary eltildi. Wagty gelende önümleriň görnüşini ona çenli artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Azyklyk gallanyň öndürilişiniň artdyrylmagy we sebitlerde döwrebap gaýtadan işleýän kärhanalaryň gurulmagy agrar syýasatyň möhüm ugrydyr. Azyk bolçulygyny döretmäge gönükdirilen oba hojalyk düzümleriniň çalt depgilerde ösdürilmegi gysga wagtda ilaty türkmen gallasyndan taýýarlanan çörek-bulka we süýji-köke önümleri bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Diňe Daşoguz welaýatynda soňky ýyllarda galla saklamak we ony gaýtadan işlemek boýunça döwrebap iri binalar guruldy, olaryň arasynda Görogly etrabyndaky elli müň tonna un öndürmäge we birbada 50 müň tonna galla saklamaga niýetlenen toplum, Ruhubelent, Boldumsaz we Türkmenbaşy adyndaky etraplarda täze elewatorlar guruldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri we senagatçylary galla öndürmek hem-de ony gaýtadan işlemek boýunça uly möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Diňe Daşoguz welaýat alyjylar jemgyýetiniň etrap bölümleriniň ýene dördüsinde çörek-bulka öndürýän bölümleriň durky täzeleniler. Demirgazyk sebitiň telekeçileriniň döreden kiçeňräk hazarlarynda gowy hilli galla uny öndürilýär.

Batyr ÖRÄÝEW