29 Aprel 2017, 00:55



Türkmen-amerikan diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýylygy mynasybetli iki ýurduň sazandalary çykyş etdiler

17.03.2017

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň guran konserti boldy. Aşgabatly saz muşdaklarynyň öňünde Döwlet simfoniki orkestri we “Amerikan owazlary” guramasyndan şu şanly sene mynasybetli ýurdumyza ýörüte gelen sazandalaryň üçüsi çykyş etdiler.

Amerikaly sazandalaryň ýurdumyzda bolmagynyň maksatnamasy Mukamlar Köşgünde bolan dabara bilen başlandy, onda ABŞ-nyň diplomatik wekilhanasynyň adyndan Döwlet simfoniki orkestrine saz gurallary gowşuryldy.

“Amerikan owazlary” guramasynyň ýerine ýetiriji direktory, medeni alyş-çalyşda täzeçilikli işi üçin ABŞ-nyň milli baýragynyň eýesi, halkara jaz festiwalarynyň guramaçysy, pianinoçy Jon Fergýuson älem ýüzünde konsertler bilen çykyş edýär we ýaňy sunagt ulgamyna girişen ýaş sazandaralara öz ussatlygyny öwredýär. Ol Aşgabatda Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörüteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň okuwçylaryna pianino boýunça ussatlyk sapagyny geçdi.


Toparyň beýleki bir agzasy-dirižýor, mugallym we ýazyjy Makl Lewanski. Ol dirižýor hökmünde ilkinji gezek 13 ýaşynda öz döreden kompozisiýasy bilen çykyş edipdi. Zehinli ýetginjek 16 ýaynda Sankt-Peterburg konserwatoriýasyna okuwa girdi. Häzirki wagtda ol De Pol Uniwersitetiniň saz gurallary ansamblynyň professorydyr. Makl Lewanski pursatdan peýdalanyp, geljekki dirižýorlar bilen hünar syrlaryny paýlaşdy.

Toparyň üçünji agzasy-Bonni Uaýtiň. Ýaşlygyna garamazdan ol eýýäm San-Diýegodaky Kaliforniýa uniwersitetiniň ylymlaryň doktory adyny göterýär. Häzirki wagtda bu zenan Waşington ştatyndaky Uniwersitetiň perkussiýa bölümine ýolbaşçylyk edýär.Ol ýörüteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň urulyp çalynýan saz gurallary hünäri boýunça okaýanlar bilen sapak geçdi. Onuň ussatlar sapagy gaty üýtgeşik başlandy: Bonni taýajyklar bilen depe urýar, okuwçylar bolsa, adaty agaç oturgyçlara. Olaryň sesi dürli çyksa-da, Bonni okuwçylaryň çalt, ýeňil we keýpihon dep kakmagyny gazanmaga çalyşýar.

Türkmenistanda bolmagynyň çäklerinde amerikaly myhmanlar Milli konserwatoriýanyň ýanyndaky ýörüte sazçylyk mekdep-internatynda-da ussatlar sapagyny geçenlerinde ýaşajyk sazandalaryň hem dilini tapmagyň hötdesinden geldiler.


Ussatlar sapagyny bermekden daşgary amerikaly sazandalar Döwlet simfoniki orkestriň sazandarlary bilen taýýarlyk geçip, bilelikdäki çykyşa taýýarlandylar.

Baýramçylyk konsertiniň başynda Jorj Gerşwiniň “Mawy rapsodiýasy” ýerine ýetirildi, onda amerikaly kompozitoryň jaz bilen nusgawy saz äheňleri utgaşdyrylypdyr.

Saz agşamynda Alan Howhanesiň “Ýapon fleýtalaryndaky fantaziýa”, Awgust Rid Tomasyň “Reweri”, Jenifer Hiçtonuň “Ritmli fanfarlar” eserleri ýerine ýetirildi. Konsertde iki halkyň dürli öwüşgünli saz däplerini görkezýän sazlar çalyndy. “Ýapon fleýtalaryndaky fantaziýasynyň” yzysüre ýumşakdan sypaýy Aman Agajykowyň “Ruhy täzeleniş” eseri ýaňlandy. Ondan soňra Daňatar Hydyrowyň “Elwan güller” eseri ýerine ýetirildi. Nury Halmämmedowyň “Türkmenistan” simfoniki şekilleri” eseri gündogar tematikasynya sazlaşykly utgaşdy.

Konser Leonard Bernştaýnyň “Weýtsaýd kyssasy” mýuziklinden “Mambo” sazy bilen tamamlandy. Tomaşaçylar ABŞ-ly myhmanlara we Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalaryna ör turup el çarpdylar.

-Biz Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň sazandalarynyň zähmetsöýerligine we zehinine haýran galýarys,-diýip Bonni Uaýtiň bilelikdäki işden galan täsirleri barada gürrüň berdi.--Adatça orkestrantlar eser bilen tanşyp, onuň aýratynlykaryny duýar ýaly notalar öňünden ugradylýar. Ýöne poçtadaky säwlikler sebäpli notalar konsertiň öň ýany geldi. Sazandalar amerikaly kompozitorlaryň eserlerini iş wagty özleşdrmeli boldylar, olar bu işe aňryýany bilen hötde geldiler. Türkmen kärdeşlerimiz bar zady başarýan ýaly bolup dur. Biz olaryň ajaýyp döredijiligine uly sarpa goýýarys. Men Türkmenistana gelip görenligime we siziň ýurduňyzyň baý medeniýeti we däpleri bilen tanşanyma begenýärin.

Tamara GLAZUNOWA,
surata düşüren Ýuriý ŞKURIN