24 Mart 2017, 07:04



Owlak-guzy kampaniýasynda garaköli dowarlaryň baş sanynyň 766 müňden gowrak artmagyna garaşylýar

17.03.2017

Martyň ilkinji günlerinden owlak-guzy kampaniýasy başlandy. Döwlete degişli we şahsy hojalyklardaky ene goýunlaryň ýanynda gerekli kömek bermäge gaýym weterinarlar işleýärler, Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrliginiň Döwlet weterinar gullugynyň we maldarçylyk, tohumçylyk işi we weterinariýa bölüminiň sebitlerdäki bölümleriniň hünärmenleri bilen birlikde çalşykly işleýän çopanlar toparlary nobatçylyk edýärler.

Bu zootehniki çärä ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Maldarçylyk institutynyň dowardarçylyk bölüminiň alymlary-da goşuldylar. Häzirki wagtda olar döwlete degişli dowar sürileri bolan hojalyklarda işleýärler. Olar tohumlayk mallardyr we çal we gara garaköli reňkli türkmen garaköli dowarlarynyň genofondydyr. Hünärmenler ýerinde mallaryň köpelen baş sanyna tohumçylyk babatda baha berýärler we olary hasaba alýarlar, şeýle hem olaryň tohumlyk mal derejesini kesgitleýärler. Häzirki wagtda döwlete degişli sürilerde ýokary tohumly mallaryň baş sany 1 million 438 müňe ýetdi. Hünärmenler olaryň ýene 766 müňden hem köp artjakdygyny belleýärler.

Maldarçylyk we guşçylyk toplumlary geçen ýyl Türkmenistanyň Azyk seanagty birleşiginiň ygtyýaryna geirildi. Dowardarçylyk we düýedarçylyk Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrliginiň düzümine girizildi. Bu ministrlikdäki dowarlaryň sany umumy ýurt derejesindäkileriň 8,4 %. Mallaryň 90% daýhan birleşikleriniň maldarçylyk hojalyklarynda we şahsy eýeçilikde saklanylýar. Olar esasan garaköli we saryja, az möçberde hem gissar tohumly dowarlardyr.

Nurjan GAPUROW