24 Mart 2017, 07:02



Belorus döwlet uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary fakultetiniň esasy hünärmenleri türkmen talyplaryna sapak berdiler

18.03.2017

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ÝeHweHG-nyň „Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky özgertmelerini goldamak“ taslamasynyň çäklerinde „Diplomatiýa dersleri“ mowzugyndan okuw-maslahatlary gurnaldy. Diplomatiýa ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarydr talyplary bilen birlikde oňa Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri-de gatnaşdylar.


Okuw-türgenleşiklerini halkara bilermenler-ençeme ylmy makalalaryň we okuw-usulýet goldanmalarynyň awtorlary- Belarus döwlet uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary fakultetiniň hünärmenleri- dekan, professor Wiktor Şadurskiý bilen taryh ylymlarynyň doktory, diplomatiýa we konsullyk gullugy kafedrasynyň müdiri Andreý Rusakowiç geçirdilr.

Mugallymlar üçin üç günlük okuw-maslahatyň maksatnamasynda umumy okuwlar tapgyry we BDU-nyň halkara gatnaşyklary fakultetiniň we onuň düzümindäki diplomatiýa we konsullyk gullugy kafedrasynyň işi bilen tanyşdyrylyş boldy. Öz gezegide, myhmanlar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary fakultetiniň okuw geçmegiň aýratynlyklary bilen tanyşdylar.


Belarusly hünärmenler mugallymlaryň we halkara gatnaşyklary ugrundan geljekki hünärmenleriň-talyplaryň ünsüni ylmy işleri amatlaşdyrmaga, daşary syýasat meseleleri ulgamynda seljerme barlaglaryy ösdürmäge we daşary ýurtlaryň kysymdaş ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge çekdiler. „Tegelek stoluň“ çäklerinde iki ýurduň halkara gatnaşyklary babatda hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary anyklaşdyryldy.


Belarusly halypalar halkara gatnaşyklary ugrundan okaýan talyplar üçin daşary syýasat we häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda diplomatiýa; diplomatik we konsullyk gulluklaryň esaslary; jemagat diplomatiýasy we ş.m. ugurlar boýunça interaktiw usulda umumy okuwlar tapgyryny geçdiler. Okuw-maslahatlar Türkmenistanyň möhüm daşary syýasat başlangyçlaryny, halkara gatnaşyklaryny sazlaşdyrmagyň degerli guraly hökmünde bitaraplyk syýasatyny ara alyp maslahatlaşmakda pikir alyşmak meýdançasy boldy.

Türkmen mugallymlary BDU-da Türkmenistanyň daşy syýasat strategiýasynyň esasy ugurlary boýunça umumy okuwlar tapgyrny geçmäge çagyryldy.

Mira BALYKOWA,
suratlar HGI tarapyndan berildi