28 Maý 2017, 06:12



Türkmenistan Aziýada kaliý dökünlerini iň iri eksport edijileriň birine öwrüler

29.03.2017

Türkmenistanda ilkinji we Aziýada iň iri kärhanalaryň biri bolan Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatynyň işe girizilmegi milli ykdysadyýetimizde täze bir pudagyň — dag-magdan pudagynyň döremegini alamatlandyrar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ählihalk hojalygy toplumyny tiz wagtda senagatlaşdyrmak boýunça öňe sürýän ykdysady syýasatynyň öňdengörüjilikliliginiň aýdyň güwäsi bolar. Köýtendag etrabynda, Amyderýanyň sag kenarynda, kaliý duzlarynyň Garlyk ýatagynda dag-magdan gaýtadan işleýiş senagatynyň iri merkezi dörediler.

Kaliý duzlarynyň gatlaklary örän seýrek gabat gelýär. Garlyk ýatagy bolsa kaliý duzlarynyň uly gorlaryny özünde saklaýar. Bilermenleriň baha bermegine görä, ol çig malyň hil derejesi daşary ýurtlardaky kaliý duzlarynyň hil derejesinden ýokarydyr.


Bu tebigy hazynany işlemek, onuň çäklerinde kuwwaty ýylda 1,4 million tonna döküne barabar bolan kaliý duzlaryny almak we baýlaşdyrmak boýunça senagat kärhanasynyň gurulmagy Türkmenistany bu ugurda iri öndürijileriň hataryna çykarar hem-de önümiň bu görnüşini eksport etmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri bolan ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ösüşinde täze sahypany açar. Kaliý çig malyny almak göz öňünde tutulýan Garabil ýatagynyň ähmiýeti hem örän uludyr.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan geçirilen halkara tenderiň barşynda 2010-njy ýylda gurluşyga girişen “Belgorhimprom” APJ desganyň potratçysy boldy. Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan ägirt uly önümçiligi döretmek doly maliýeleşdirildi. Diňe kombinatyň çäklerine getirilen enjamlaryň bahasy ABŞ-nyň ýüzlerçe million dollaryna barabar boldy.

Garlyk kärhanasynyň taslama kuwwatyna çykmagy üçin her ýylda 7 million tonna magdany almak we gaýtadan işlemek göz öňünde tutulýar.

Senagat toplumynyň kuwwaty diňe bir oba hojalygyny ekologiýa taýdan arassa kaliý dökünleri bilen doly üpjün etmän, eýsem, her ýyl gymmatly önümiň million tonnadan gowragyny eksporta ibermäge mümkinçilik berer.

Kärhananyň gurluşygynda 3 müň töweregi adam işleýär. Olaryň 2 müňe golaýy bolsa türkmenistanlylardyr. Bu taslamanyň amala aşyrylmaga başlanylmagy bilen hünärmenleri taýýarlamaga hem girişildi. Türkmen ýaşlary daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine okuwa ugradyldy, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde täze ugurlar açyldy. Toplumyň geljekki işgärleri üçin tejribe işi hem guraldy.


Häzirki wagtda ulanylmaga berilmeginiň öňüsyrasynda kombinat diplomly inžener-tehniki we hünärli işçi-hünärmenleriň ýüzlerçesi bilen üpjün edildi. Umuman, kärhanada 1700-den gowrak adam zähmet çeker.

Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan senagat merkeziniň alkymynda täze ilatly nokady döretmek barada karar kabul edildi. 2011-nji ýylda kombinatyň işgärleri üçin ýörite Garlyk şäherçesiniň, has dogrusy, şäheriniň düýbi tutuldy. Ol ýerde ýaşaýyş jaýlary, durmuş maksatly binalar, umumybilim berýän we sport mekdepleri, medeniýet öýi, çagalar baglary, hassahana we beýlekiler guruldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan adamlaryň ýaşaýşyny düýpli özgertmäge, türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyny üpjün etmäge gönükdirilen, sebitlerde häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümleri emele getirmäge berilýän örän uly ünsüň ýene bir aýdyň güwänamasy bolup durýar.

Bu ülkäniň senagat taýdan ösmegi, maýa goýum we innowasiýa üçin amatly şertleriň döredilmegi, ýaş hünärmenleriň işe çekilmegi babatynda Garlyk şäherçesi durmuş taýdan ygtybarly binýat bolup hyzmat etmelidir. Ýaşaýyş jaýlarynda ähli amatlyklar, giň hem-de oňaýly otaglar we zerur bolan inžener-tehniki ulgamlar göz öňünde tutulandyr.


320 okuwça niýetlenip gurlan mekdep hem häzirki zaman okuw serişdeleri we multimedia tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr. Okuwçylar üçin mekdepde informatika, fizika, lingafon we beýleki ýöriteleşdirilen synplar zerur enjamlar bilen üpjün edilip, okuwa taýýarlanypdyr. 365 orunlyk sport mekdebinde woleýbol, basketbol, boks, göreş, stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt we sportuň beýleki görnüşleri boýunça bäsleşikleri geçirmek üçin jaýlar döwrebap enjamlaşdyrylypdyr. Zallaryň hemmesi häzirki zaman trenažýorlary, sport enjamlary we esbaplary bilen doly üpjün edilipdir.

Garlyk Saglyk öýünde lukmançylyk hyzmatlarynyň giň görnüşleri, şol sanda maslahat beriş we anyklaýyş boýunça müşderilere zerur bolan kömek berilýär. Bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň enjamlary gurnalypdyr. Saglyk merkezinde maşgala, çaga we beýleki lukmanlaryň näsaglary kabul etmegi üçin otaglar göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde maşgala lukmanlary näsaglary kabul edýärler.

Şeýlelikde, şäherçede adamlaryň öndürijilikli işlemegi we oňat dynç almagy üçin ähli şertler bar. Şäherçäni gaz bilen üpjün etmek üçin uzynlygy 250 kilometrden gowrak ýokary basyşly Bagtyýarlyk — Garlyk gaz geçirijisi çekildi. Ähli zerur aragatnaşyk ulgamlar, şol sanda demir ýol çekildi.

Häzirki wagtda bu ýerde häzirki zaman ulag-aragatnaşyk infrastrukturasy döredildi. Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenabat — Farap täze awtoulag we demir ýol köprüleri ulanylmaga berildi. Onda potratçy hökmünde ukrain kompaniýasy işledi. Ondan öň bolsa, Amyderýanyň üstünden geçýän Atamyrat — Kerkiçi demir ýoly we awtoulag köprüsi, Türkmenbaşy — Farap awtoulag ýoly guruldy. Bu desgalaryň hemmesi halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň möhüm düzüm bölegi boldy hem-de Lebap welaýatynyň baý tebigy çig mal serişdelerini uly möçberde özleşdirmek üçin giň ýol açdy.


Häzir welaýat uglewodorod serişdeleriniň gory boýunça öňdebaryjy orunlary eýeleýär. Onuň çäklerinde onlarça täze ýataklar, şol sanda Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň başlanýan ýeri bolan Amyderýanyň sag kenary hem barlanyldy.

Garlyk şäherçesiniň eteklerinde ýyllyk kuwwaty 1 million tonna önüm öndürmäge barabar bolan sement zawody işleýär. Mundan başga-da, Köýtendag etrabynda geologlar tarapyndan kükürdiň, fosfadyň, daş duzunyň, gipsiň, stronsiý üçin çig mal bolan selestiniň, polimetallaryň, hekiň we beýleki gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ençeme ýataklary açyldy. Olaryň esasynda, himiýa senagatyndan başga-da, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi hem güýçli depginde ösdüriler.

Kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça iri dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyň işe girizilmegi hem şu strategik meýilnamalar bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. 200 metrden 1 müň metre çenli çuňlukda ýerleşen önümli gatlaklary açmak şahta usulynda amala aşyrylar. Ýüzden gowrak binalardan we desgalardan durýan topluma magdany dykyzlandyrmak we baýlaşdyrmak boýunça önümçilikler girýär. Ähli işler halkara ölçeglerine laýyklykda awtomatlaşdyrylan gözegçilik we dolandyryş astynda bolup geçýär.

Himiýa senagaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt depginde ösýän pudaklarynyň biridir. Oba hojalygynda we obasenagat toplumynda özgertmeler bilen baglylykda, azyk bolçulygyny döretmek üçin biziň ýurdumyzda, şeýle hem tutuş dünýä ýüzünde yzygiderli isleg bildirilýän mineral dökünleri öndürmek boýunça ulgam ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Bilermenler dünýä bazarynda bu döküni peýdalanmak artar diýip hasaplaýarlar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda geljekde ägirt uly ykdysady girdeji berjek möhüm pudak desgalarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Olaryň arasynda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda gurulýan Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherindäki ýyllyk kuwwaty 1 million 155 müň tonna barabar bolan karbamid zawody, Türkmenabat himiýa zawodynda ýyllyk kuwwaty 300 tonna dykyzlandyrylan fosfor dökünlerini öndürmäge barabar bolan täze bölüm bar.

Türkmen topragynyň ähli baýlyklary halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy üçin gulluk etmelidir. Hormatly Prezidentimiziň senagat ykdysady strategiýasynyň bu esas goýujy ýörelgesi diňe bir ýurdumyzyň däl-de, eýsem, goňşy döwletleriň we hyzmatdaşlaryň bähbidine yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi