28 Maý 2017, 06:10



Daşoguzyň daýhanlary gowaça ekişine girişdiler

29.03.2017

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan meýilnamasyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň kärendeçileri gowaça ekişine girişdiler. Howa ýagdaýyna görä, bu ýerde ýurdumyzyň beýleki sebitlerine garanyňda, ekiş biraz gijräk başlanýar.

Halkymyzyň asylly däbine görä, möhüm möwsüme hormatly ýaşulularyň ak patasy bilen başlandy. Beýik Biribardan mähriban Watanymyza, halkymyza abadançylyk, gülläp ösüş, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan işlerine rowaçlyk dileg edip, olar ilkinji tohumlary topraga taşladylar we mehanizatorlara orun berdiler.

Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde şu ýyl 140 müň gektara gowaça ekiler. Daýhanlar şunça meýdandan 230 müň tonna “ak altyn” ýygnamaga borçlanýarlar. Welaýatyň kärendeçileri “Daşoguz—120”, “Serdar”, “Gahryman—4727”, “Daşoguz—114”, “Jeýhun” we “Gubadag—3” ýaly orta süýümli gowaça sortlaryny ekmegi meýilleşdirdiler.

Daşoguzlylar bu möhüm möwsümi ýokary hilli we bellenilen möhletlerde geçirmegi maksat edinýärler. Munuň üçin meýdan işleriniň anyk we bökdençsiz alnyp barylmagy, degişli agrotehniki çäreleriň berjaý edilmegi, dürli görnüşli traktorlar, ekiş gurallary, bejergi enjamlary ýaly döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň üpjünçiligi ýola goýlar.

Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli guralan dabaranyň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň we ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudaklarynyň önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Welaýatyň aýdym-saz we folklor toparlary pagtaçylar üçin belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi