28 Maý 2017, 06:11



Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guran brifingi ýurdumyzyň Energetika Hartiýasyna Başlyklyk etmeginiň konsepsiýasyna bagyşlandy

30.03.2017

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara habarlary müdirligi 29-njy martda 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň konsepsiýasy barada brifing geçirdi, oňa halkara habarlar agentlikleriniň we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary çagyryldy.

Duşuşygyň barşynda žurnalistler Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Konferensiýa başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýurdumyzda we daşary ýurtlarda göz öňünde tutulýan Çäreleriň meýilnamasy bilen tanyşdyryldy. Brifingde çykyş eden „Türkmennebit“ Döwlet konserniniň we Energetika ministrliginiň wekilleri ÝET ulgamynda Türkmenistanda halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşi we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm halkara başlangyçlary barada gürrüň berdiler.

Nygtalşy ýaly, Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmegi durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti hömünde energiýa howpsuzlygypjün etmek boýunça hyzmatdaşlyga gönükdirilendir. Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistan energigeçirijleri ibermegiň ugurlarynyň diwersifikasiýasy, onuň çäginiň giňeldilmegi we halkara energetika işine gatnaşmaga oňa isleg bildirýän ýurtlaryň has köp çekilmegi; innowasiýon tehnologiýalary ulanmak arkaly energiýa netijeliligini we energiýa tygşytlylygyny ýokarlandyrylmagy hem-de energetika önümçilik we üstaşyr geçiriji düzümler döredilende dolandyryş usullary ýaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi.

Energiýanyň dikeldilýän ugurlarynyň ileri tutulýan ähmiýetini şertlendirýän ekologiýa meselesi- hyzmatdaşlygyň ýene bir ugrydyr. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistan Hartiýa gatnaşýan döwletlere ýokary tehnologiýaly pudaklary ösdürmegiň meseleleriniň giňişleýin toplumyna, şeýle hem ykdysady infrastrukturanyň hereketiniň möhüm bölegi hökmüde „alternatiw ýaşyl energetika“ meselelerine garamak barada çagyryş bilen çykyş etmegi göz öňünde tutýar.

Energiýa geçirijileri ugratmagyň ugurlarynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak hem üns merkezinde bolar. Şu jähtden Türkmenistan energiýa geçirijileriniň üstaşyr ugurlarynyň meseleleri boýunça köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşygy taýýarlamak boýunça işi işjeňleşdirmegi niýet edinýär. Energetika ulgamynda maýa goýumy işiniň netijeliligi we hukuk taýdan goraglylygy esasy meseleleriň biridir.

Döwletleriň, halkara guramalarynyň, işewürler toparlarynyň we bilermenler bileleşiginiň netijeleri we maslahatlary Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň jemleýji resminamasynda beýan ediler.

Brifingde ýurdumyzyň bu gurama başlyklyk etmeginiň çäklerinde göz öňünde tutýan çäreleri barada habar berildi. Mysal üçin, 30-31-nji maýda Halkara Energetika Hartiýasynyň „Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşygy taýýarlamak“ atly Aşgabat forumy, 31-nji maýda Halkara energetika mediaforumy, 28-29-njy noýabrda Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň mejlisi geçiriler.

Brifingiň barşynda www.energyashgabat2017.gov.tm. ýörüte saýty bilen tanyşdyryldy.

Irina YMAMGULYÝEWA