28 Maý 2017, 06:11



Ýaş türkmen küştçimiz Aziýa çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi

03.04.2017

Türkmen türgenleri Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçýän 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň çempionatynda bürünç medala mynasyp boldular. Bu baýragy Leýli Şöhradowa gazandy. Ol 10 ýaşa çenli çagalaryň arasynda “rapid” görnüşinde çykyş edip, şeýle üstünlige mynasy boldy.

Ýaryşa 18 ýurtdan bu gadymy paýhas oýny bilen meşgullanýan 400-e golaý türgen gatnaşýar. L.Şöhradowanyň çykyş eden toparynda Hytaýdan, Hindistandan, Wýetnamdan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şri-Lankadan we beýlekilerden 30-dan gowrak küştçi baýrak ugrunda bäsleşdi. “Rapid” görnüşinde bir döwe 15 minut “arassa” wagt berilýär, her göçülen göçümden soňra wagta 10 sekunt goşulýar.

Biziň ýaşaýjyk türgenimiz küşdüň nusgawy görnüşinde (30 sekunt goşmak bilen 1,5 sagat) hem çykyş edýär. Häzirlikçe iki tapgyrdan soňra L.Şöhradowa 1,5 utuk toplady. Bu bolsa oňa çempionatyň iň güýçli küştçüleriniň onlugynyň arasynda orun eýelemäge mümkinçilik berdi.

Ýaryş 10-njy aprele çenli dowam eder.