25 Aprel 2017, 04:05



Arheologlar we dikeldijiler gadymy Paryzdepe şäherinde rejeleýiş işlerini geçirýärler

03.04.2017

Aşgabadyň etegindäki gadymy Paryzdepe şäheriniň çäginde arheologiýa barlaglary we rejeleýiş işleri dowam edýär.

Bu ýerde gadymy siwilizasiýanyň bolandygynyň subutnamalary saklanylýar, şol döwürlerde şäher we ekerançylyk medeniýeti, suw desgalarynyň gurluşygy, şol sanda täsin gidrotehniki ulgamlar-kärizleri gazmak sungaty ösüşe eýe bolupdyr, ilkinji kärizleriň biri hut şu ýerde çekilen bolmagy hem mümkindir.

Paryzdepede tapylan küýze bölejikleri, keramik turbalar suw geçirijileri, guýulary gurmak üçin peýdalanylan serişdeleriň galyndylary bu ýerde suw üpjünçiliginiň çylşyrymly ulgamynyň işländigine şaýatlyk edýär, bu ulgam ilata çuň ýerastyndan gazylan kärizler boýunça dag eteklerinden ýerasty suwy ýetiripdir.

Alym-arheologlar we binagärlik taryhçylary, rejeleýjiler Paryzdepäniň heniz açylmadyk syrlaryny öwrenmek, onuň medeni gatlaklaryny, taryhy tapyndylary gözlemek we saýpallamak işlerine tagallalaryny jemlediler, munuň özi onuň taryhyny açyp görkezmäge, gadymy döwürlerde bu ýerde bolan şäher hem-de onuň ýaşaýjylary barada anyk maglumatlary toplamaga mümkinçilik berer. Gadymy Paryzdepe ýadygärlikler toplumy şähristandan (şäheriň özi), sitadelden (içki gala) we rabatdan (şäher etegi) ybarat bolandygy anyklanyldy. Bu nusgawy şäher durkunyň düzümi Gündogaryň taryhy şäherleri üçin mahsusdyr we köp asyrlaryň dowamynda düýpli üýtgeýşe sezewar bolan däldir. Türkmenistanyň gadymy şäherleriniň ýerleşdirilişi we harby howpsuzlyk babatdaky gurluşy müňýyllyklaryň dowamynda Orta Aziýanyň gurluşyk medeniýetini ösdürmegiň nusgalary bolup hyzmat etdi.


Däp bolan şähergurluşyk sungaty galalaryň, şeýle hem aýrylykda durýan binalaryň binagärlik keşbinde öz beýanyny tapýar. Olaryň hatarynda palçykdan gurlan mülk-öýler aýratyn tapawutlanýar. Şeýle binalaryň üçüsiniň galyndylary Paryzdepäniň diwarlarynyň ýanynda tapyldy. Döwürleriň bu binalary ep-esli derejede dagradandygyna garamazdan, saklanyp galan bölekler hem goňşy jelegaýlardaky şunuň ýaly binalary deňeşdirme seljermesi usuly bilen hem-de arhiw maglumatlaryny peýdalanmak arkaly olaryň başky durkuny umumy görnüşde dikeltmek üçin ýeterlikdir. Bu işleri Taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, öwrenmek we rejelemek boýunça milli müdiriýetiň hünärmenleri amala aşyrdylar. Bu işler Aziada-2017-niň öň ýanynda neşir edilen bezegli ylmy-wagyz suratlar çemeninde öz beýanyny tapdy, üç dilde çap edilen bu toplum syýahatçylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin niýetlenendir.

Türkmenistanyň çäklerinde şäher eteklerinde mülk-öýleri bina etmek däbi gözbaşyny gadymlardan alyp gaýdýar. Taryhçylar ozallar hem Köpetdagyň eteklerinde gadymy we orta asyr zamanlaryna degişli galalaryň hem-de mülkleriň köp sanlysynyň bolandygyny billeýärdiler, olary gurply şäherliler şäher eteklerinde gurdurypdyrlar. Merwiň, Sarahsyň, Nusaýyň, Dehistanyň, Durunyň we beýleki orta asyr iri şäherleriň töwereklerinde şeýle binalar bolupdyr. Bu binalaryň ählisiniň diýen ýaly çig kerpiçden we palçykdan gurlandygyna hem-de olaryň daşky görnüşiniň adatça galalara meňzeşdigine garamazdan, olara özboluşly binagärlik keşbi mahsus bolupdyr, käbir aýry-aýry binalar bolsa gurluşyk sungatynyň hakyky naýbaşy nusgalary bolup durýar. Mysal üçin, olaryň hatarynda Merwdäki dünýäde belli ýadygärlik Uly Gyzgalany görkezmek bolar.

Taryhçylaryň pikirine görä, galalaryň inedördül giňişlik hökmünde ýerleşdirilmegi, olaryň burçlarynyň tegelek diňler görnüşinde gurulmagy gadymy zamanlarda Baktriýanyň we Margiananyň bürünç eýýamynyň monumental binalarynda peýda bolupdyr. Orta asyrlardan bu binagärlik ýörelgesi kerwensaraýlaryň, metjitleriň, medreseleriň we beýleki jemgyýetçilik desgalarynyň gurluşygynda giňden peýdalanylypdyr. Bu ýörelge türkmenleriň ýaşaýyş jaý binagärliginde hem XIX asyryň ahyryna çenli saklanyp galypdyr.

Paryzdepede has oňat ýagdaýda saklanyp galan mülkde arheologiýa arassalaýyş işleriniň barşynda ony girelgesiniň ozal çak edilişi ýaly günorta-gündogar tarapda däl-de, demigazyk-günbatar tarapda ýerleşýändigi anyklanyldy. Mülküň daşky tarapynda derwezeleriň golaýynda çörek bişirmek üçin gurlan tamdyrlaryň galyndylary hem-de nahar taýýarlamak üçin ojaklaryň gazylan ýerleri ýüze çykaryldy. Bularyň ählisi bu künjeklerde uzak wagtlap asuda hem abadan durmuşyň höküm sürendigine şaýatlyk edýär, galalaryň derwezeleri örän seýrek ýagdaýlarda ýapylypdyr.

Binagärlik seljermeleri mülküň haýatynyň umumy beýikligini anyklamaga hem-de onuň 4 metrden beýik bolandygyny tassyklamaga mümkinçilik berdi. Diwarlaryň we diňleriň ýokarky bölegi adatça göni burçly ýa-da töwerekleýin dişli görnüşde bezelen germew bilen tamamlanypdyr. Olar Japbakgala we Sünçe obalarynyň diwarlarynyň galyndylarynda saklanypdyr. Paryzdepedäki mülküň içinde geçirilen arheologiýa gazuw-agtaryş işleri netijesinde ojaklar we näme maksat bilen gurlandygy belli bolmadyk tegelek desga bilen bir hatarda howlynyň günorta-gunbatar böleginde jaýyň diwarlarynyň galyndylary ýüze çykaryldy, onuň binýatlary tebigy daşlardan örülipdir.

Binagärlik taryhçylarynyň çaklamalaryna görä, “burçlary tegelek diňli göniburçly” çyzgy Paryzdepedäki mülküň we şoňa meňzeş beýleki desgalaryň taslamasynyň esasyny düzýär hem-de türkmen halkynyň heniz örän gadymy döwürlerde toplan müňlerçe ýyllyk binagärlik ýörelgelerine we gurluşyk tejribelerine şaýatlyk edýär, olar ussalar tarapyndan nesilden-nesle geçirilipdir.

Geçirilen barlaglaryň esasynda türkmen binagärliginiň ýadygärliklerini wirtual rejelemek işleri ýerine ýetirildi, şeýle hem galanyň diwarlaryny we diňlerini gaýtadan dikeltmek boýunça rejeleýiş işleri dowam etdirilýär.