28 Maý 2017, 06:11



Türkmen alymlary ösümlikleriň geobotanika kartasynyň üstüni doldurmak babatda iş alyp barýarlar

04.04.2017

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we dermanlyk ösümlikler institutynyň geobotanika laboratorýiasynyň we Gerbariý milli gaznasynyň işgärleri geljekki ylmy sapara taýýarlyk görýärler. Botanikler ösümlikleriň ösüp-gögerýän birki aýynda Hazar etek düzlükleriniň birnäçe ýerine, „Altyn asyr“ kölüne we Köýtendaga gidip, otlaryň ösýän we guraýan döwrüne syn edip, çöllük örüleriň ösümlik dünýäsine seljerme geçerler.


Alymlar Maldarçylyk we weterinariýa instituty we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň beýleki ylmy-barlag institutlary bilen jebis hyzmatdaşlykda işleýärler. Indi birnäçe ýyl bäri TYA-nyň ösümlikleriň geobotaniki kartasyny düzmek üçin innowasion usullardan peýdalanýan Tehnologiýalar merkeziniň geografiki maglumatlar ulgamynyň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlyk dowam edýär.

Tehnologiýalar merkeziniň GMU-nyň işgärleri şu ýyl ösümlikleriň we topragyň görnüş düzümini öwrenmek üçin „Dron“ kwadrokopterini ulanmagy göz öňünde tutýarlar.Spektroradiometriýa tehnologiýasy ulanylanda Garagumda ösýän ösümlikleriň möwsümleýin özgermelerini seljermäge mümkinçilik berýän ýagtylyk gaýtarýan spektr olary şahsy „belgisi“ boýunça kesgitlemäge mümkinçilik berer.Geljekde hemradan alnan suratlar maglumatlaryň elektron gaznasyny artdyrmaga we öri meýdanlaryna uzak aradan baha bermäge mümkinçilik berer. Toprak babatda-da şeýle işler geçiriler.


Topragyň we ösümlikleriň spektral-signatur maglumatlary boýunça ummasyz, ýöne häzire çenli az öwrenilen meýdanyň nusgalyk kitaphanasy dörediler. Onuň maglumatlary älem suratlaryny aýanlaşdyrmaga ýardam berer we monitoring işini çaltlaşdyrmaga kömek eder. Topragyň şorlaşmagy, ösümlikleriň görnüşleri we örileriň netijeliligi baradaky maglumatlary ýygnamak işleri 2020-nji ýylda tamamlanar. Biologiýa we dermanlyk ösümlikler instituty bilen Tehnologiýalar merkeziniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda pudagara şertnama baglaşyldy.


Medeni zolaga golaý öriler bireýýäm özleşdirildi we işjeň ulanylýar. Garaşoryň golaý-töwereginiň we Hazar etek düzlüginiň tarp ýerleriniň hasyllylyk tapgyry barada alymlar „Altyn asyr“ kölüniň töwereginde ösümlikler peýda bolup ugraly bäri soňky ýyllaryň maglumatlaryny seljerip, baha berýärler. Dürli gyrymsy ösümlikler örisini giňeldip, barha çöl ýerlere aralaşýarlar. Biologlar bolsa, olaryň ýaýran ýerini öwrenip, hojalyk işlerini ýöretmegiň geljegini kesgitleýärler.

Türkmen kölüniň töweregi tebigy ýerleriň üçüsiniň-Üstýurt düzlüginiň, Günbatar Garagum çägelik ekoulgamynyň , Üňüz aňyrsyndaky Garagumyň gyr we takyr meýdanlarynyň çatrygynda ýerleşýän özboluşly sebitdir. Botanik alymlar ösümlikleriň görnüşlerini kesgitläp, olaryň gymmatly iýmlik we dermanlyk görnüşlerini ýüze çykarýarlar.



Institutyň laboratoriýalarynyň işiniň netijesi boýunça pudagyň hünärmenleri, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, aspirantlary we talyplary üçin „Altyn asyr“ Türkmen kölüniň töweregindäki öri meýdanlary“ atly kitapça çykaryldy. Ylmy işlerden daşgary institutyň hünärmenleri umumy bilim berýän we hünärment mekdepleri üçin usulýet edebiýatlaryny-da taýýarlaýarlar. Hususan-da, olar orta okuw mekdepleriniň 5 we 9-njy synplary üçin biologiýadan okuw kitaplaryny taýýarlamaga gatnaşdylar, häzir bolsa, lukmançylyk mekdepleriniň okuwçylary üçin botanikadan okuw kitabyny taýýarlaýarlar.

Ýelena DOLGOWA,
surata düşüren Pirli KEPBANOW